15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

“Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk” – azerbaýjan dilinde.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk” atly kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiri bilen tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu duşuşygy biziň ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy guradylar. Bu waka Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň birek-birege hormat goýmak ýörelgesine esaslanan dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, deňhukuklylyga, ösüşe we rowaçlyga bolan birmeňzeş hyjuwa üýtgewsiz ygrarlylygynyň nobatdaky aýdyň nyşany boldy. 



Bu çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, azerbaýjanly myhmanlaryň uly wekiliýeti, mugallymlar, talyplar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şu duşuşygyň ýokary okuw mekdebinde geçirilmeginiň hem çuňňur manysy bardyr. Çünki, bu kitap ýaşlara özboluşly sargytdyr. Ýaşlary ildeşlerimiziň arasynda uly abraýdan we hormat-sarpadan peýdalanýan ajaýyp şahsyýetleriň göreldesinde terbiýelemek ýaş nesliň ýokary ruhy-ahlak sypatlaryny artdyrmakda örän uly ähmiýete eýedir. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işi we durmuşy hakynda gürrüň berýän resmi materiallara esaslanan bu kitap ozal rus, iňlis, nemes, türk, hytaý we beýleki dillerde neşir edildi. Bu kitabyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi netijesinde halkara bileleşigi Türkmenistan barada has köp zat bilmek mümkinçiligine eýe bolup, täze döwrüň Lideri Gurbanguly Berdimuhaedowyň ata-babalary we köp ugurly işleri hakynda dürli maglumatlary alyp biler. 

Kitabyň sahypalarynda resmi çeşmelere we arhiw materiallaryna, Türkmenistanyň täze taryhynyň maglumatlaryna esaslanan taryhy wakalar hakynda gürrüň berilýär. Kitapda şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň atasy – XX asyryň başlarynda ilkinji oba mugallymlarynyň biri, 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan Berdimuhamet Annaýewiň ýaşan gadymy türkmen obasynyň taryhy beýan edilýär. Bu asylly adamyň zähmet, söweş we durmuş ýoly ýaşlar üçin nusga alarlyk mynasyp göreldedir. Ýaşlary öz watandaşlarynyň arasynda uly abraýa eýe bolan görnükli şahsyýetleriň mysalynda terbiýelemek türkmen we azerbaýjan halklarynyň ýaş nesilleriniň ýokary şahsy häsiýetlerini artdyrmak üçin uly ähmiýete eýedir. 

Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylaryň biragyzdan bellemegine görä, täze neşir türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmekde we giňeltmekde öz ornuny eýelär. Ýygnananlaryň nygtaýşy ýaly, köp asyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary berkäp we durnukly ösüp, täze taryhy eýýamda täze many-mazmuna eýe bolýar.

Degişli makalalar

Gurluşyk Taslamalarynyň Maksady-Halkyň Durmuş Derejesiniň Ýokarlanmagy

turkmenhabargullugy

Aýa gadam basan ilkinji astronawt Armstrong ýogaldy.

syrach

“Göreldeli Sürüji” Atly Hünär Bäsleşigi