Türkmen paýtagtynda “Mosfilmiň” Günleriniň açylyş dabarasy boldy. Olaryň biziň ýurdumyzda geçirilmegi ajaýyp däbe öwrülýär.
Şeýle medeni çäreler halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge, sungat, döredijilik alyşmalar babatynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilmegine hyzmat edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
Türkmenistanlylar rus kinolaryny gowy görýärler we olara ýokary baha berýärler. Olar üstünlikli döredilen täze filmleri görmäge gyzyklanma bildirýärler, şeýle hem ady rowaýata öwrülen “Mosfilm” tarapyndan döredilen Mihail Kalatozowyň “Uçup barýar durnalar”, Mihail Kozakowyň “Pokrow derwezesi” ýaly filmlerini uly höwes bilen gaýta-gaýta görýärler. Elbetde, olaryň arasynda dünýäniň baş kino baýragy “Oskara” mynasyp bolan “Moskwa gözýaşlara ynanmaýar” filmi hem bar. “Aşgabat” kinoteatrynda geçirilen “Mosfilmiň” günleriniň açylyş dabarasynda Wladimir Menşow we Wera Alentowa bilen geçirilen duşuşyk aşgabatly kino muşdaklary üçin uly şatlyga öwrüldi.
Ýeri gelende aýtsak, “Moskwa gözýaşlara ynanmaýar” atly film şol kino baýragyna mynasyp bolan Sergeý Bondarçugyň “Uruş we parahatçylyk” hem-de ähli döwürleriň we halklaryň ussat režissýorlarynyň biri hökmünde dünýäniň kino sungatynyň taryhyna giren meşhur Akira Kurosawanyň “Dersu Uzala” atly filmlerinden soň, üçünji sowet filmi boldy.
Ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň ençeme nesilleri bu filmleri gördüler we olary gowy görýärler, sebäbi bu eserler özüne çekiji uly güýje eýe bolup durýar we her gezek olara tomaşa edeniňde täze pursatlar açylýar. Hut ynsan duýgulary bu filmleri dünýäniň köp ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň tomaşaçylary üçin tolgundyryjy we täsirli edip görkezýär. Elbetde, zehinli aktýorlaryň, ssenariçileriň we režissýorlaryň ussatlygyna, surata düşürýän toparlaryň netijeli işine ýokary baha bermek gerek.
Şunda esasy zat, biziň halklarymyzyň taryhy, medeni we ruhy umumylygynda, olaryň biri-birine bolan mähirli gatnaşygynda we ynamynda jemlenip, gadymdan gözbaş alýan hoşniýetli goňşuçylyk däplerinde, häzirki döwürde köpugurly hyzmatdaşlyga bolan meýillerde öz beýanyny tapýar.
Türkmen kino sungatynyň taryhynyň hem belli rus režissýorlary, operatorlary, aktýorlary we uly kinonyň beýleki ussatlary bilen bagly bolan sahypalary az däldir. Olaryň atlary köne türkmen filmleriniň ýazgylarynda saklanmak bilen çäklenmän, eýsem, döredijilik gatnaşyklarynyň bahasyna ýetip bolmajak tejribesi, kino sungatynyň ajaýyp mekdebi hökmünde milli kinomyzyň hakydasynda hemişelik saklanyp galdy.
“Mosfilmiň” Türkmenistandaky häzirki günleriniň biziň halklarymyzyň özara düşünişmeginiň we birek-birege ýakynlygynyň ajaýyp subutnamasyna öwrüljekdigi gürrüňsizdir. Kinolar paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda, şeýle hem “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde gündiz we agşam görkezilýär. Türkmen tomaşaçylaryna 1952-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli aralykda surata düşürilen çeper filmleriň onlarçasy görkeziler.
5-nji noýabr (penşenbe) "Aşgabat" kinoteatry 15.00 "Belentlik" 19.00 "Rowaýat №17" "Türkmenistan" kinokonsert merkezi 15.00 "Iň mähirli we mylakatly" 19.00 "Uçup barýar durnalar" 6-njy noýabr (anna) "Aşgabat" kinoteatry 15.00 "Pokrow derwezesi" 19.00 "Eger biz bolmasak, kim bolar" "Türkmenistan" kinokonsert merkezi 15.00 "Afonýa" 19.00 "Rowaýat №17" 7-nji noýabr (şenbe) "Aşgabat" kinoteatry 15.00 "Meri Poppins, hoş galyň!" 17.00 "Gagrada gyş agşamy" 19.00 "Aýly gün" "Türkmenistan" kinokonsert merkezi 15.00 "Meri Poppins, hoş galyň! " 17.00 "Eger biz bolmasak, kim bolar" 19.00 "Aýly gün" 8-nji noýabr (ýekşenbe) "Aşgabat" kinoteatry 11.00 "Sadko" 13.00 "Ene" 15.00 "Ruslan we Lýudmila" 19.00 "Berline alyp barýan ýol" "Türkmenistan" kinokonsert merkezi 11.00 "Sadko" 13.00 "Ene" 15.00 "Ruslan we Lýudmila" 19.00 - "Berline alyp barýan ýol" Mary, "Margiana" Medeniýet köşgi 5-nji noýabr (penşenbe) 16.00 - "Berline alyp barýan ýol" 6-njy noýabr (anna) 15.00 "Pokrow derwezesi" 19.00 - "Rowaýat №17" 7-nji noýabr (şenbe) 13.00 "Uçup barýar durnalar" 15.00 "Gagrada gyş agşamy" 17.00 - "Eger biz bolmasak, kim bolar" 19.00 - "Aýly gün" 8-nji noýabr (ýekşenbe) 11.00 "Sadko" 13.00 "Ene" 15.00 "Ruslan we Lýudmila" 17.00 - "Meri Poppins, hoş galyň! " Türkmenabat, Medeniýet köşgi 6-njy noýabr (anna) 17.00 - "Berline alyp barýan ýol" 7-nji noýabr (şenbe) 13.00 "Pokrow derwezesi" 15.00 "Gagrada gyş agşamy" 17.00 - "Eger biz bolmasak, kim bolar" 19.00 - "Rowaýat №17" 8-nji noýabr (ýekşenbe) 11.00 "Sadko" 13.00 "Ene" 15.00 "Ruslan we Lýudmila" 17.00 - "Meri Poppins, hoş galyň! " 19.00 - "Aýly gün"