Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy maksatlaryny we wezipelerini düşündirmek we wagyz etmek maksady bilen döredilen, ýurdumyzyň daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekleýin, ylmy- amaly žurnalyň nobatdaky, ikinji sany çapdan çykdy.
Žurnal adatdakylar ýaly, şu ýylyň aprel aýyndan başlap, wagt yzygiderliliginde ýerleşdirilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ýokary ýolbaşçylary we ýokary wezipeli wekilleri bilen duşuşyklaryna we gepleşiklerine gysgaça syn bermek bilen açylýar.
Mälim bolşy ýaly, ähli gyzyklanýan taraplar bilen hemmetaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary we ikitaraplaýyn amatly hyzmatdaşlygy berkitmek, milli Liderimiziň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän daşary syýasat strategiýasynda esasy wezipe bolup durýar. Bu babatynda Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaýe Timofti, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Rustam Minnihanow, Pakistanyň Premýer-ministri Muhammet Nawaz Şarif bilen Aşgabatda bolan ikiktaraplaýyn gepleşikler örän ähmiýetlidir.
Şu ýylyň aprel aýyndan iýun aýyna çenli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurtlaryň birnäçesine möhüm saparlary amala aşyrdy. 11-14-nji aprelde Türkmenistanyň baştutany Koreýa Respublikasynda döwlet sapary bilen boldy. Ol ýerde Tegu şäherinde VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de bu uly forumyň hormatly myhmanlary bolan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Monako Emirliginiň baştutany şazada Alber II hem-de Marokko Patyşalygynyň Premýer-ministri Abdelila Benkiran bilen möhüm ähmiýetli duşuşyklar geçirdi.
Saparyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Pak Kyn He bilen geçirilen gepleşikler, ýola goýlan türkmen-koreý işjeň gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine itergi berdi.
24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türkiýe Respublikasynda bir günlük iş saparynda boldy. Hormatly Prezidentimiz ol ýerde birinji jahan urşunyň iň uly söweşleriniň biri bolan Çanakgalanyň golaýyndaky söweşiň 100-ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy.
Milli Liderimiziň Italiýa Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde “Ekspo-2015” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli gününe baryp görmegi, maý aýynyň başynda wajyp waka boldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1-nji maýyndan 31-nji oktýabryna çenli aralykda Italiýanyň Milan şäherinde bolýan bu uly forum “Dünýäni azyk bilen üpjün ederis: ýaşaýyş üçin energiýa” diýen şygar astynda geçýär. Dünýäniň onlarça döwleti we halkara guramalary bilen bir hatarda bu ýerde, ykdysady pudakda möhüm ugur bolan azyk önümlerini öndürmekde Türkmenistanyň ägirt uly gazananlaryny we örän uly mümkinçiliklerini äşgär edýän uly göwrümli ekspozisiýa giňden görkezilipdir.
9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çagyrmagy boýunça 1941-1945-nji ýyllarda bolan uruşda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçiirlen dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Şu ýylyň ikinji çärýeginde döwlet Baştutanymyzyň Awstriýa Respublikasyna (12-nji maý) we Sloweniýa Respublikasyna (13-14-nji maý) geçiren resmi saparlary hem-de onuň çäklerinde syýasy diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň meseleleri, şeýle hem Türkmenistan bilenÝewropa bileleşiginiň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde, bu döwletler bilen hazmatdaşlygyň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylan, ýokary derejede geçirilen gepleşikler ähmiýetli waka boldy. Ýokary derejede geçirilen bu duşuşyklaryň netijesinde gol çekilen wajyp resminamalar, ikitaraplaýyn gyzyklanmalary hasaba almak bilen netijeli gatnaşyklara gönükdirilen, ikitaraplaýyn amatly hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem güýçlendirmegiň berk binýadyny tutdy.
12-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen “Baku-2015” birinji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Baku şäherine bardy. Saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýip Ärdogan bilen duşuşyklar boldy.
Bu gepleşikleriň işjeň häsiýeti sebitde we dünýä möçberinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine Bitarap Türkmenistan tarapyndan geçiirlýän daşary syýasatyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw tapýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Biziň ýurdumyzyň bu oňyn orny köp babatda uly we abraýly halkara guramalary bilen, birinji nobatda bolsa 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri Türkmenistanyň doly hukukly agzasy bolup duran Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmegine mümkinçilik berýär.
Hut şu sebäpli hem žurnalyň täze sanynda ýylyň iň esasy wakalarynyň biri bolan – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýunynyň ortasynda resmi sapar bilen Türkmenistana gelen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Pan Gi Mun bilen bolan duşuşygyna aýratyn üns berlipdir. Däbe öwrülen gatnaşyklar üçin täze gözýetimleri açan hem-de wajyp ugurlaryň hemmesi boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge iki tarapyň ymtylmalaryny tassyklan Aşgabat duşuşygy, biziň ýurdumyzyň parahatçylygyň, ählumumy gülläp ösüşiň we abadançylygyň bähbidine halkara gepleşiklerine uly gyzyklanma bildirýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçysynyň bu sapary Merkezi Aziýa sebitiniň we bu ýerde esasy orny eýeleýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähmiýetiniň artýandygynyň, şeýle hem Türkmenistan tarapyndan geçirilýän ähli ýurtlaryň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, ýer ýüzüniň halklarynyň bagtly durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine gönükdirilen giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan işjeň daşary syýasatyna uly gyzyklanma bildirilýändiginiň ykrar edilmesi boldy.
Žurnalyň sahypalarynda şu ýylyň dekabr aýynda geçiirljek Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreler hem giňden şöhlelendirilipdir.
Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginde we diplomatik wekilhanalarda döwletimiziň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we konsulluklarynda köpsanly duşuşyklar, “tegelek stollar”, maslahatlar we halkara ylmy konferensiýalar, sergiler, sport we medeni çäreleri yzygiderli gurnalýar.
Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň, şeýle hem daşary ýurtda ýaşaýan türkmenleriň wekilleriniň gatnaşmagynda Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň çäklerinde geçiirlýän ähli çäreler Garaşsyz Türkmenistan üçin döwrüň iň möhüm wakasy bolan hemişelik, oňyn Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagyň 20 ýyllygy, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylan ägirt uly üstünlikler hakynda gürrüň bermek üçin ýene bir mümkinçilikdir.
Daşary ýurtlarda geçirilýän forumlara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasyndaky adamzadyň ösüşiniň ählumumy öňdebaryjy ugurlaryna doly laýyk gelýän, dünýä jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygyň köptaraply usulyýetini işläp düzen täzeçilligi yzygiderli nygtaýarlar. Özüniň işjeň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan özüniň parahatçylyk we döredijilik mümkinçiliklerini ähli adamzadyň bähbitlerine gönükdirmäge çalyşýar hem-de bu barada anyk işleri durmuşa geçirýär. Şu gün ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi özüniň öňe sürýän, halkara syýasatynyň aýrylmaz we esas goýujy ugurlaryna öwrülen gymmatlyklary bilen, parahatçylygy we birek-birege düşünişmegi, dünýäde ýüze çykýan ähli meseleleriň syýasy-diplomatik usullar bilen parahatçylykly çözülmegini üpjün etmekde güýçli täsirli gural hökmünde uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini almagy türkmen halkynyň iň täze taryhynda öz ähmiýeti boýunça döwlet Garaşsyzlygyny almagyndan soňra, ikinji uly waka boldy diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary wezipeli wekili Wladimir Gorýaýew hasaplaýar. Onuň makalasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi, hormatly Prezidentmiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi ýurduň hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan wezipeleri üstünlikli berjaý etmäge hem-de ony sebitde durnuklylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm ýagdaýyna öwürmäge ygrarlydygyny äşgär edýär.
Awtor parahatçylygy pugtalandyrmak, gapma-garşylyklaryň öňüni almak maksady bilen hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda bolsa BMG bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin kuwwatly binýady emele getirýän taryhy ýagdaý barada aýdýar. Özara gatnaşyklaryň örän baý we netijeli tejribesine daýanmak arkaly, Türkmenistanyň BMG-niň hyzmatdaşlygy ýyl-ýyldan täze hile we mazmuna eýe bolýar. Aşgabatda BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem-de onuň Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmekde, bar bolan meseleleriň oňyn hem-de özara kabul ederlikli çözgüdi ugrundaky tagallalaryny utgaşdyrmakda ägirt uly ornunyň bardygyny we bu düzümiň BMG-niň ygtybarly guramasy bolup durýandygyny bellemeli.
Bitaraplyk türkmen döwletiniň parahatçylykly ösüş ýolunda möhüm orny eýeleýär. Birnäçe makalalar hut şu mowzuga bagyşlandy. Türkmenistanyň açyklygy, onuň ýokary ynsanperwer ýörelgelerine ygraralylygy baradaky pikir olaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmenistanyň ynsanperwerlik ýörelgeleri ugur edinmegi 1995-nji ýylda biziň ýurdumyza dünýäniň 185 döwletiniň goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň derejesi boýunça ýeketäk bolan Bitaraplygyň berilmegini şertlendirdi..
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýunynda geçirilen 69-njy sessiýasynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” biragyzdan goldanyldy we bu babatda gaýtadan Rezolýusiýa kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işine goşýan ägirt uly goşandynyň, şeýle hem durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylan giňmöçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde toplan oňyn tejribesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamsydyr. Şeýlelikde, Baş Assambleýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini goldaýandygyny ýene-de mälim etdi we Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri bu derejäni hormatlamaga hem-de goldamaga, Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna, onuň çäk bitewligine hormat goýmaga çagyrdy.
Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ägirt uly okyjylar köpçüligi bolan žurnal Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryna, şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň geljekki ösüşine tarap ynamly gadam urýan Türkmenistanyň häzirki zamanda gazanýan netijeleri, üstünlikleri we ösüşi hakynda öz pikirlerini mälim edýän daşary ýurtly belli syýasatçylaryň, ylmy jemgyýetçilik işgärleriniň, diplomatlaryň makalalaryna aýratyn orun berýär. Žurnalyň bu gezekki sanynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň direktory Farhad Mämmedowyň, Russiýa Federasiýasynyň “Wektor” Strategik barlaglar Halkara institutynyň ýolbaşçylary Andreý we Aleksandr Hriýenkolaryň, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýao Sinhuanyň makalalary girizildi.
Ähli gyzyklanma bildirýänleriň bähbitleriniň deňeçerliginiň esasynda işjeň halkara gatnaşyklaryny ýola goýýan, tebigy we ekologiýa serişdelerine örän jogapkärçilikli hem-de aýawly çemeleşýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň energetika hem-de suw diplomatiýasyna bagyşlanan makalalar okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretjekdigi gürrüňsizdir.
Şeýle hem žurnalyň sahypalarynda Bitaraplyk nyşany astynda Türkmenistanyň daşary syýasat işi, ýurdumyzyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmegi, importyň ornuny tutýan önümçilikde halkara tejribesi we beýleki ugurlara degişli makalalar ýerleşdirilipdir.
Şu ýylyň ikinji çärýeginde geçirilen köpsanly ikitaraplaýyn duşuşuklar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen öňe sürülýän we Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen giňmöçberli gatnaşyklary nazarlaýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň işjeň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Žurnalyň nobatdaky sany “Diplomatik durmuşyň sene ýazgysy” atly sözbaşy astynda şu döwürde türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen köpsanly daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, dünýäniň dürli ýurtlary bilen geçirilen gepleşikler, bilelikdäki hökümetara toparlarynyň mejlisleri, halkara we sebitleýin forumlar hakynda gürrüň berýän makalalar bilen jemlenilýär.