Türkmenistanyň gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylarýurdumyzyň galla kabul ediş bölümlerine 1 million tonna bugdaý gelip gowuşdy. Bu belent sepgide ýetilmegi ekerançylarymyzyň 2015-nji ýylyň galla oragynyň esasy wezipesiniň ýetişdirilen bol hasyly ýitgisiz ýygnap almak we Watan harmanyna 1 million 600 müň tonna guşgursak dänäni tabşyrmak baradaky wezipesiniň hötdesinden abraý bilen geljekdigine ynam döredýär.
Türkmen gallaçylarynyň nobatdaky üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça oba hojalygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Ýer we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy, obasenagat toplumynyň sebitler boýunça ýöriteleşdirilmegi, ekerançylygyň iş tejribesine bazar gatnaşyklarynyň usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy bularyň ählisi we beýleki möhüm meseleler döwletimiziň oba hojalyk syýasatynda öz aýdyň beýanyny tapdy.
Milli Liderimiziň Ýaşaýyş-durmuşyň bähbidine dünýäni azyk bilen üpjün ederis diýen şygar bilen geçirilýän EXPO-2015 Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli şu ýylyň 3-nji maýynda Italiýanyň Milan şäherinde geçirilen dabarada eden çykyşynda belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan diňe bir ykdysady taýdan durnukly ýurt hökmünde däl, eýsem, azyk bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde hem bütin dünýäde meşhurlyga eýe boldy. Ýurdumyzda azyk önümlerini öndürmek ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy oňat netijeleri gazanmaga hem-de döwür bilen deň gadam urmaga mümkinçilik berýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasyndan (FAO) Müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri hökmünde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin ýurdumyzyň bu guramanyň ýörite baýragyna mynasyp bolandygy baradaky habaryň gelip gowuşmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek bolsa şol syýasatyň möhüm ugrudyr. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek wezipeleri FAO-nyň 2015-nji ýyl üçin maksatnamasynda kesgitlenildi.
Ýurdumyzyň azyk önümlerini öndürmek ýaly möhüm ulgamda gazanan ägirt uly üstünlikleriniň we uly kuwwatynyň dünýä derejesindäki nobatdaky ykrarnamasyna öwrülen bu hoş habar, şeýle hem ýurdumyzyň galla kabul ediş bölümlerine azyklyk bugdaýyň 1 million tonnasyny tabşyran Türkmenistanyň edermen gallaçylarynyň şu üstünligi ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň oýlanyşykly we netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Döwletimiz oba hojalyk pudagyna yzygiderli goldaw berýär. Munuň özi obasenagat toplumynyň täze tehnikalar bilen üpjün edilmeginde we onuň önümçilik düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagynda, oba zähmetkeşlerini mineral dökünler bilen bökdençsiz üpjün edýän himiýa senagatynyň ösüşinde, suw üpjünçilik meseleleriniň oňyn çözülmeginde aýdyň görünýär. Obasenagat toplumy üçin döwrebap traktorlar, kombaýnlar, beýleki tehnikalar satyn alynýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze elewatorlar we degirmen toplumlary işe girizilýär.
Obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň maliýe-ykdysady gurallary barada aýtmak bilen, daýhan birleşiklerine ýöriteleşdirilen tehnikalary satyn almak, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça edilýän çykdajylary maliýeleşdirmek üçin berilýän ýeňillikli karzlar barada ýatlap geçmelidiris. Dürli önümleriň, şol sanda bugdaýyň satyn alyş nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, döwletimiziň galla öndürijileri bilen özara hasaplaşyklar ulgamynyň kämilleşdirilmegi oba zähmetkeşleri üçin uly höweslendiriş çäresi bolup durýar.
Mundan başga-da, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň”, Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş maksatnamasynyň we beýleki giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Munuň özi türkmen obasynyň keşbini düýpli özgerdýär.
Türkmenistanyň daşary ýurtlara azyklyk gallany eksport edip başlamagy bolsa döwletimiziň okgunly ösüşi babatda ägirt uly ähmiýete eýedir. Umuman, bularyň ählisi ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, şol sanda içerki bazary özümizde öndürilýän galla bilen üpjün etmek baradaky wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Galla oragy dowam edýär, her gün galla kabul ediş bölümlerine ak bugdaýyň müňlerçe tonnasy gelip gowuşýar. Gallaçylar ýetişdirilen bol hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almak, döwletimize bugdaý tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek hyjuwynda joşýarlar. Şu ýyl ýurdumyzda 860 müň gektar ýere däne ekildi. Oba hojalyk meýdanlarynyň esasy bölegine bugdaýyň Sähraýy, Ýolöten-1, Bitarap, Juwan, Türkmenbaşy we Türkmenbaşy-1, Batko, Ýubileýnaýa -100, Irişka, Wassa hem-de Nota ýaly ýokary hasylly, Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özlerini iň gowy tarapdan görkezen tohumlaryndan ekildi.
Bugdaý oragynda Case, New Holland, John Deere, CLAAS we beýleki däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 1700-si işledilýär.
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Türkmenobahyzmat döwlet birleşiginiň, beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýük ulaglarynyň 6 müň 800-si kabul ediş bölümleriniň 155-sine, ammarlara we elewatorlara bugdaýyň daşalmagyny üpjün edýär.
Gazanylan üstünligi has-da berkitmek üçin ekin meýdanlaryndaky işiň depgini birjik-de gowşadylmaly däldir. Galla oragyna gatnaşýanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmagyň bähbidine ýurdumyzyň galla baýlygyny artdyrmak boýunça gallaçylaryň öňünde goýan wezipeleriniň hötdesinden abraý bilen gelmek üçin tutanýerli hem-de sazlaşykly zähmeti bilen bugdaý oragynyň depginini has-da güýçlendirmäge çalyşýarlar.