4.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

2016-njy Ýylyň Noýabry Döwlet Baştutanymyzyň Daşary Syýasat Başlangyçlarynyň Ugry Bilen

2016-njy Ýylyň Noýabry Döwlet Baştutanymyzyň Daşary Syýasat Başlangyçlarynyň Ugry Bilen

Noýabr aýynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara çäreleriniň baý mazmunly maksatnamasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan “açyk gapylar” hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň alyp barýan yzygiderli işleriniň beýanyna öwrüldi.

Aýyň başynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Merkezi banky hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasy bilelikde Bütindünýä süýşürintgiler gününi baýram etmegiň çäklerinde maslahat geçirdiler. Maslahatyň gün tertibine maliýe statistikasynyň hem-de pul-karz syýasatynyň ähmiýeti, pul dolanyşygy ulgamyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Maslahata gatnaşyjylar maliýe sowatlylygyny hem-de süýşürintgiler medeniýetini ösdürmegiň möhümdigini belläp, goýumçylar üçin maglumat beriş işlerini guramagyň zerurdygyny nygtadylar.

2-3-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti Katar Döwletinde boldy. Bu ýerde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-katar toparynyň syýasy geňeşmeleri hem-de ikinji mejlisi geçirildi. Onuň işine iki ýurduň esasy ministrlikleriniň we pudak düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda bu ýere ýygnananlar ýangyç-energetika hem-de söwda-ykdysady toplumy, maliýe-ykdysady ulgamy, senagat, şol sanda dokma senagaty, ulag, sport, ylym, bilim we medeniýet ýaly ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

4-5-nji noýabrda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen VI Türkmen – german lukmançylyk maslahatynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikler barada netijeli pikir alyşmalar boldy. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Germaniýanyň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň wekilleri, ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlaryny işläp taýýarlaýan iri kompaniýalaryň bilermenleri, GFR-iň dürli şäherlerinden esasy hassahanalaryň meşhur alymlaryň birnäçesi bolup, olar köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge isleg bildirýändigini aýtdylar. Öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda dünýäde öňdäkileriň hatarynda bolan Germaniýa tejribesini, iň täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny teklip etmäge taýýardyr. Munuň özi Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy we innowasion ösüş ýoluna düşmegi babatda aýratyn ähmiýete eýedir.

7-nji noýabrda Aşgabatda senagat – tehnologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyga bagyşlanan türkmen-koreý maslahaty geçirildi. “Energetika, ulag we senagat ulgamlarynda tehnologiýa hyzmatdaşlygy hem-de teklipler” atly maslahatyň çäklerinde dürli derejelerde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ilerletmek boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň döwlet we hususy düzümleriniň wekilleri hem-de Günorta Koreýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, şol sanda “Samsung C&T”, “LG International”, “Evergreen Motors”, “Hyundai Corp”, “Hyundai Engineering”, “POSCO E&C” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary şeýle işewür gatnaşyklaryň iňňän wajypdygyny belläp, hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň zerurdygyny aýtdylar, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly kuwwata eýe bolan dürli ugurly hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça birnäçe anyk teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem şol günler Aşgabatda Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun alynmagyna garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk hakynda Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan we Azerbaýjan Respublikasyndan wekiliýetler geldi. Taraplar Hazarýaka döwletleriň hemmesiniň tekliplerini nazara almak bilen, bu taslamanyň düzgünleri boýunça özara kabul ederlikli çözgütleri gözlemegi dowam etmäge ygrarlylygyny belläp, bu ugurda bilelikdäki çäreleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

7-nji noýabrda DIM-de Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Marek Salkanyň ýolbaşçylygynda bu ýurduň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Konsullyk işleri babatda özara gatnaşyklary ösdürmek, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn – hukuk binýadyny giňeltmegiň geljegi bilen bagly meseleler duşuşygyň mowzugyna öwrüldi.

“Dünýä medeniýetinde “Görogly” eposynyň orny” atly ylmy maslahat geçen aýyň ýatda galan wakalarynyň biri boldy. Onuň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilmegi maslahatyň ähmiýetini kesgitledi. Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan maslahat Aşgabatda daşary ýurt ylmy toparlarynyň görnükli wekillerini—dünýäniň 15 ýurdundan iri medeni merkezleriň ýolbaşçylaryny, taryhçy-gündogarşynaslary, sungaty öwrenijileri, dilçileri we edebiýatşynaslary, kitaphanalaryň hem-de muzeýleriň hünärmenlerini ýygnady.

Baý medeni mirasyna, ruhy-ahlak däplerine aýratyn sarpa goýýan türkmen halky umumadamzat ösüşiniň genji-hazynasyna uly goşant goşup, onuň üstüni köp taraply halk döredijilik eserleri, watançylyk mazmunly gadymy eposlary, ajaýyp aýdym-saz we folklor eserleri bilen ýetirdi. 2015-nji ýylda UNESKO-nyň çözgüdi boýunça adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen “Görogly” eposy şolaryň biridir.

Maslahata gatnaşyjylar türkmeniň taryhy mirasyny düýpli öwrenmäge, parahatçylygy, dostlugy hem-de agzybirligi berkitmegiň bähbidine halklary we olaryň medeniýetlerini ýakynlaşdyrmaga ýardam edýän netijeli ylmy gatnaşyklary dowam etmegiň zerurdygyny bellediler.

Türkmen halkynyň köpasyrlyk halk däplerine esaslanýan medeniýetine bolan gyzyklanmanyň tutuş dünýäde barha artýandygyny bellemek gerek. Noýabr aýynyň başynda Moskwada, Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň sergi toplumynda “Gadymy Merwiň gözel rowaýatlary” atly kitabynyň tanyşdyryş çäresi geçirildi. Ýeri gelende ýatlasak, hut şu dürli öwüşginli çeperçilik albomy Moskwanyň 29-njy halkara söwda sergisinde kitap neşir edijileriň halkara bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy we GDA gatnaşýan döwletleriň “Kitap sungaty” atly XIII Halkara bäsleşiginiň ýeňijileriniň hataryna girdi.

Şeýle hem geçen aýda ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti Koreýa Respublikasynda geçirilen türki halklaryň medeniýetiniň halkara festiwalyna gatnaşdy. Bu ýere Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Türkiýeden medeniýet işgärleri geldiler. Festiwala gatnaşan ýurtlaryň tans, aýdym-saz we kinematografiýa sungaty Seul, Kwanju hem-de Kimhe şäherleriniň iri sahnalarynda görkezildi. Festiwalyň maksatnamasyna kinoforum, sergiler, “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklar, bilelikdäki konsertler girdi.

Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hem-de Lebap welaýat taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklarynyň sergisi Seulyň köpsanly ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi. Sergi 13-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň gününiň çäklerinde Koreýanyň milli muzeýiniň Ýong teatrynyň zalynda guraldy. Umumy pikire görä, şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi türki dilli döwletleriň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär, umumy medeni mirasy has-da baýlaşdyrmaga ýardam edýär.

15-16-njy noýabrda Seulda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýetleri ýygnandylar. Olar “Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa” hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy forumyň barşynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şonda bu görnüşdäki hereketleriň Tertipnamasy we meýilnamasy kabul edildi.

Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň oňyn depgine eýe bolandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Daşkentde hem-de Buharada üstünlikli geçirilen giň gerimli döredijilik forumynyň maksatnamasy Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konsertini, amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisini, türkmen kinofilmleriniň görkezilişini öz içine aldy. Ýurdumyzyň döredijilik wekiliýetiniň özbek paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçirilip, olarda medeniýet ugry boýunça iki ýurduň geljekki hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

9-10-njy noýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde geçirilen hem-de abraýly maliýe guramalarynyň we dünýä ýurtlarynyň 20-ä golaýyndan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini ýygnan VIII halkara maýa goýum forumynda milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.

Ýurdumyzda daşary ýurtly telekeçileriň üstünlikli işlemegi üçin döredilen şertler we ýeňillikler, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň senagatlaşdyrylmagy, ykdysadyýetiň hususy ulgamyna döwlet tarapyndan goldaw berilmegi dünýäniň işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanmasynyň artmagyna ýardam edýär. Forumyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maliýe düzümleriniň hem-de Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, ýurdumyzyň telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Bilim ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan 9-10-njy noýabrda bilelikde guralan halkara sergi özygtyýarly Türkmenistanyň bilim we sport ulgamlarynda gazanan üstünliklerini aýdyň görkezdi. Däp bolan gözden geçirilişe Russiýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Ispaniýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Pakistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Kiprden, Sloweniýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Latwiýadan we beýlekilerden daşary ýurtly myhmanlaryň 200-e golaý gatnaşdy. Serginiň çäklerinde geçirilen ylmy maslahatda uniwersitetleriň, institutlaryň we ýörite orta okuw mekdepleriniň, sport guramalarynyň arasynda göni aragatnaşyklary ösdürmek arkaly bu ulgamlarda ýokary hilli özgertmeleri geçirmäge gönükdirilen özara hereket etmegiň täze görnüşleri hem-de ugurlary, bilelikdäki ynsanperwer taslamalary durmuşa geçirmegiň, wekiliýetleri alyşmagyň mümkinçilikleri we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

14-18-nji noýabrda Aşgabatda BSGG bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin pes hilli azyk önümleriniň peýdalanylmagy hem-de zoonozalar bilen baglanyşykly ýüze çykýan keselleriň öňüni almak we olara gözegçilik etmek boýunça sebitleýin ulgamara okuw guraldy. Bäş günlük okuwyň barşynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň halkara bilermenleriniň, BSGG-nyň Ýewropa sebit edarasynyň işgärleriniň, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan epidemiolog hem-de mikrobiolog hünärmenleriň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we Ýewropanyň “Saglyk-2020” syýasatyna laýyklykda, maglumatlary alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşlydy.

17-18-nji noýabrda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Allan Mastard Lebap welaýatynda ýerleşen orta asyryň Daýahatyn kerwensaraýy täsin binagärlik ýadygärliginde dikeldiş işleriniň birinji tapgyrynyň tamamlanmagyna bagyşlanylan dabara gatnaşdy. Taslama 2001-nji ýyldan bäri hereket edýän “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ABŞ-nyň ilçisiniň gaznasynyň” goldamagynda ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we gaýtadan dikeltmek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy. Diplomat alnyp barlan işlere ýokary baha berdi hem-de türkmen bilermenleri bilen mundan beýläk-de üstünlikli hyzmatdaşlyk ediljekdigine ynam bildirdi.

15-nji noýabrda Aşgabatda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbasyň ýurdumyza amala aşyran ilkinji resmi sapary bilen gabat geldi. Dostlukly ýurduň diplomatik wekilhanasynyň açylmagy häzirki günde biziň döwletlerimiziň arasynda gazanylan özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesiniň beýanyna, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça netijeli özara hereket etmäge hemme mümkinçilikleri üpjün etmäge gönükdirilen döwletara ylalaşyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda möhüm ädime öwrüldi.

Şol gün DIM-de Türkmenistanyň hem-de Günorta Afrika Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Şeýle duşuşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy öňe ilerletmäge ýardam berýändigi barada umumy pikir, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyk etmäge gyzyklanma beýan edildi.

Sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda işjeň orny eýeleýän, Türkmenistan Hazar sebitiniň döwletleriniň parahatçylygyny hem-de durnuklylygyny berkitmek işine, netijeli özara hereket etmäge uly goşant goşýar. Sebitiň döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üstüni ýetirmäge gönükdirilen täze resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak Hazarýaka döwletleriniň ygtýarly wekilleriniň Aşgabatda geçirilen duşuşygynyň esasy meselesi boldy.

DIM, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan guralan dört günlük duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge hem-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanmalaryny tassyklap, bu babatda anyk tekliplerini aýtdylar, yzygiderli geňeşmeleri mundan beýläk-de dowam etmegiň wajypdygyny nygtadylar.

21-22-nji noýabrda Rigada (Latwiýa Respublikasy) Ykdysady, senagat, ylym we tehnika taýdan hyzmatdaşlyk etmek boýunça Hökümetara türkmen-latyş toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Oňa iki döwletiň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar, hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça, şol sanda söwda, gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk, oba hojalygy, saglygy goraýyş hem-de ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň üstaşyr-ulag mümkinçilikleri, ýurdumyzyň çäklerinde döredilýän multimodal ulag düzümleri hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag ulgamyndaky halkara başlangyçlary 21-nji noýabrda Konstansa (Rumyniýa) deňiz portunyň dolandyryş edarasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy hem-de bu edara tarapyndan guralan “tegelek stol” görnüşindäki duşuşygyň meselesine öwrüldi.

Noýabr aýynyň üçünji ongünlüginde Mejlisde Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gerhard Saýllerden, Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aýalew Gobez Worknehden, Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kris Jon Kuterden ynanç hatlary kabul edildi. Diplomatlar bilen DIM-de hem kabul edilip, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalarynyň ugry boýunça dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň gyzyklanma bildirilýän meseleleri babatda pikir alşyldy.

2016-njy ýylyň noýabr aýynyň esasy wakasy Türkmenistan tarapyndan başy başlanan Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahaty boldy. Bu maslahat Aşgabatda 26-27-nji noýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň gatnaşmagynda geçirildi.

Iri foruma gatnaşmaga döwlet Baştutanlary, hökümetleriň we parlamentleriň, ençeme ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary, BMG-niň, onuň esasy komisiýalarynyň hem-de ýöriteleşdirilen edaralarynyň, ÝHHG-niň, YHG-niň, ŞHG-niň, GDA-nyň, Ýewropa Komissiýasynyň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň, iri maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri çagyryldy.

27-nji noýabrda Ählumumy maslahatyň çäklerinde ulag ulgamy boýunça işewürlik maslahaty guraldy. Onda durnukly ulag ulgamy boýunça maksatnamanyň işewürlik meselelerine garaldy. Forumyň maksady ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmakdan, dünýäniň köp sebitleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini täze derejä galdyrmaga niýetlenen geljegi uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde tagallalary birleşdirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, 2030-njy ýyla çenli strategiýanyň çäklerinde Ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça BMG-niň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, ýük we ýolagçy awtoulaglarynyň ösüşi, ykdysadyýetiň ösüşini artdyrmak hem-de täjirçilik ýük dolanyşygyny ösdürmek üçin üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ähmiýeti ýaly meselelere üns berildi.

Häzir dünýä ykdysadyýetiniň strategiki ugurlarynyň biri hem-de ählumumy durnukly ösüşiň möhüm ýagdaýy bolan üstaşyr-ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek barada Türkmenistan tarapyndan beýan edilen başlangyçlar taslamalaryň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň mysallary bilen berkidilýär. Şol taslamalarda ýurdumyzyň milli bähbitleri serhetdeş döwletleri hem-de tutuş Aziýa sebitini ösdürmegiň talaplary bilen sazlaşýar.

Gürrüň, ilkinji nobatda, 28-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda ulanmaga berlen Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ilkinji nobatdakysy bolan Atamyrat-Ymamnazar-Akina täze demir ýoly barada barýar.

Beýik Ýüpek ýoluny dikeldýän hem-de özygtyýarly ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijilik kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen bu ýol Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş umman we Günorta Aziýa ugurlary boýunça möhüm halkara geçelgä öwrüler hem-de milionlarça adamlaryň bähbidine, tutuş dünýäde parahatçylyga we abadançylyga hyzmat eder, sebitiň döwletleri bilen netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berer.

Noýabryň ahyrynda Tokioda geçirilen Energetika Hartiýasy boýunça maslahatyň 27-nji mejlisinde biziň ýurdumyz bu iri halkara guramanyň başlygy diýlip yglan edildi. Munuň özi ýurdumyzyň halkara derejesindäki belent abraýynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň tutuş dünýäde ählumumy goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. Halkara energetika hyzmatdaşlygy bu syýasatyň möhüm ugry bolup çykyş edýär.

Mejlisiň barşynda Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak Energetika Hartiýasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň özara bähbitli hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigini hem-de energetika howpsuzlygyny we umuman, durnukly ösüşi üpjün etmegiň meselelerine täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen tagallalary jemlemek babatda öňde goýlan maksatlara ýetmekde ählumumy gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berjekdigini nygtady.

Geçen aýyň möhüm wakalaryna berlen syn döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny üstünlikli we yzygiderli durmuşa geçirmek, dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalary bilen netijeli syýasy gatnaşyklary, bähbitli söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary işjeň ösdürmek boýunça ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň alyp barýan anyk işleriniň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Degişli makalalar

Halkara “Atawatan Türkmenistan” Žurnalynyň Täze Sany Çapdan Çykdy

turkmenhabargullugy

Bildiriş

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Iň Ýokary Döwlet Sylaglarynyň Birine Mynasyp Boldy