Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edara-kärhanalaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň zähmet haklaryny, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi ýokarlandyrylar.
Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 1169 manat möçberde; Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 343 manat möçberde; pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 279 manat möçberde; döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 266 manat möçberde belleniler.
Zähmet haklaryny ýokarlandyrmak edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün ediler.