9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

2019-njy Ýylyň Gyş-Ýaz Möwsüminiň Modasy: Trikotaždan we Jinsiden Tiklilen Dürli Reňk Öwüşginli Lybaslar

“Altyn Asyr” söwda merkezinde türkmen dizaýnerleriniň taýýarlan lybaslarynyň täze tapgyry görkezildi. Gyş-ýaz möwsümini esasy ugurlarynyň trikotaždan we jinsi matasyndan tikilen egin-eşikleri görkezildi.

Milli moda pudagynyň hünärmenleriniň pikirine görä, indiki möwsümde oňaýly, ekologiýa taýdan arassa we ekletiki lybaslar modaly bolar. Tikinçilik kärhanalarynyň, şol sanda egirme-dokma kärhanalarynyň 70-siniň dizaýnerleri hemişe döredijilik gözleginde. Işine ezber hünärmenleriň tagallasy bilen türkmen trikotažyndan modaly keltekçeler, gelşikli paltolar, hatda işewürleriň salykatly penjekleri döreýär.

Ilki bilen Aşgabadyň Modalar öýünde işleýän gyzlar ýapynjaly modaly trikotaž köýnekleri görkezdiler.

Soňra sport lybaslaryna gezek geldi.Täze möwsümde garşylykly reňkler we matalaryň dürli görnüşleriniň sazlaşygy ýoň bolar. Ol zenan we çagalar sport eşiginde ýörgünlidir.

Çagalar hem özüne muwapyk eşikleri görkezdiler, türkmen dizaýnerleri olara aýratyn üns beripdirler, çünki gelşikli lybas saýlamak endigi çagalyk döwri kemala gelýär.Ýaşajyk oglanlardyr gyzjagazlar owadan köýnekleri, jalbarlary, keltekçeleri, plaşşlary paltolary we beýleki owadan eşikleri görkezdiler.

Ýetginjekler üçin jinsi matadan sport, gezelnç we dynç alyş lybaslarynyň dürli görnüşleri taýýarlanypdyr. Bu ýere gelen oglan-gyzlar dürli modaly kiselii, syrmaly we guşakly jalbarlardyr, keltekçelere, ýeňsizlere, žaketlere, plaşşlara we köýneklere mynasyp baha berdiler.

Soňra möwsümiň esasy modasy – trikotaž matadan tikilen penjeklerdir paltolar görkezilýär. Şeýle eşikler ýaşlara hasam gelşik berýär. Çal reňkiň dürli öwüşginleri olary asylly görkezýär.

“Altyn Asyr” söwda merkezindäki lybaslaryň görkezilişine gatnaşyp bilmedikler 11-nji dekabrda olara syn edip bilerler. Aşgabatda we ýurdumyzyň sebitlerinde 5-12-nji dekabr aralygynda täze tapgyryň eşikleri satywa çykarylar.

Degişli makalalar

WADA Bilen Toplumlaýyn Hyzmatdaşlyk Türkmen Sportunyň Arassalygyny Saklamaga Ýardam Eder

Türkmenistanyň Döwlet Sirkinde Russiýanyň Artistleri Çykyş Edýärler

turkmenhabargullugy

Prezidentimiz BMG-niň Baş Sekretarynyň Orunbasaryny Kabul Etdi

syrach