Şu ýylyň 31-nji martynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň institutyna Şa gadamynyň düşmegi ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň düzüm birliklerinde zähmet çekýän, okaýan, gulluk edýän her bir adamy ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara besledi. Parasatly Prezidentimiziň bu instituta «Agzybirlik tilsimatly» kärhanasynyň önümi bolan häzirki zaman kompýuterleriniň 300-sini sowgat bermegi olary diýseň begendirdi. Häzirki zaman tehnikalary döwrebap enjamlary Içeri işler ministrligi üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly sowgatdyr.
Çeşme: http://metbugat.gov.tm/