17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

8-nji Mart Aýal – Gyzlar güni.

Baharyň ilkinji günleri gözelligi, näzikligi we joşguny alamatlandyrýan ajaýyp Halkara zenanlar güni bilen gabat gelýär. Taryhyň dowamynda türkmenler zenanlara parasatly maslahatçy we wepaly ýar hökmünde uly hormat goýýar. Zenanlar synaglaryň hem-de parahatçylygyň we abadançylygyň ileri tutulýan döwründe erkekler bilen deň hatarda durýarlar. Bu ýörelge Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda öz dowamyny tapýar. Halkara zenanlar güni Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli däp-dessurlara laýykylkda täze many-mazmuna eýe bolup döwlet derejesinde türkmen jemgyýetinde zenanlara uly sarpa we hormat goýulýandygyny alamatlandyrýar. 

Häzirki wagtda tutut ýurdumyzy ata Watanymyzyň mähriban zenanlarynyň şan-şöhratyna bagyşlanan dabaralar gurşap aldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda köp çagaly enelere “Ene mähri” dien hormatly ady dakmak hakyndaky Permana, şeýle hem ýurdumyzyň ähli zenanlaryna – kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýänlere pul sowgatlaryny gowşurmak baradaky Buýruga gol çekdi. 

Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, pudaklaýyn ministrlikler we edaralar, paýtagtyň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we etraplarynda, Türkmenistanyň kärhanalaryňda we edaralarynda, ministrliklerinde we pudak edaralarynda zenanlra bagyşlanyp guralýan dabaralar, maslahatlar, konsertler, döredijilik duşuşyklary we sport bäsleşikleri hem-de beýleki baýramçylyk çäreleri ruhubelent ýagdaýda geçýär. 

Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde “Gözel bardyr gözellerden zyýada” atly döredijilik çäresi guraldy, bu çäre beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyraga hem-de onuň söýgi, gözellik, näziklik, ýagşylyk we ýagşy umytlar ýaly düşünjeler bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan zenanyň keşbi baradaky şahyrana eserlerine bagyşlandy. 

4-nji martda Türkmen halysynyň milli muzeýinde halyçy zenanlar gutlanyldy, şol ýerde “Bagtyýar zamananyň gelin-gyzlary” atly dabara boldy. Şol gün paýtagtymyzdaky Modeller öýünde “Läle-reýhan, gözeller” atly çäre geçirildi. Şonda tanymal estrada aýdymçylary çykyş etdiler, täsirli gözden geçiriliş boldy. 

5-nji martda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynda türkmen jemgyýetiniň gözel zenanlaryna bagyşlanyp, “Ar-namysyň tugy merdana gyzlar” atly aýdym-sazly çykyş boldy, 6-njy martda bolsa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyp gyzlary üçin baýramçylyk çäresi guralar. 

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi ýurdumyzyň Merkezi banky bilen bilelikde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler işewürlik toplumynyň “Toý mekany” merkezinde çäre gurar. 

Däp boýunça paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilýän dürli gülleriň sergisi Halkara zenanlar gününe bagyşlanan täsirli çäreleriň biri boldy. 5-7-nji mart aralygynda “Zeminiň lälesi” ady bilen geçirilýän bu özboluşly sergä gelip görenler mähriban zenanlarymyzyň ajaýyp bahar gülleri bilen sazlaşygyny emele getirýän ajaýyplygynyň, näzikliginiň şaýady bolarlar. 

Halkara Zenanlar baýramçylygyna soňky ýyllarda has-da meşhurlyga öwrülen döredijilik we hünär bäsleşikleriniň jemi jemleniler. Baharyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň guramagynda “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň ýeňijisini mübäreklemek dabarasy boldy. Bu dabara Türkmenistanyň belli zenanlary, zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary, talyp ýaşlar, şeýle hem bäsleşigiň welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolanlar gatnaşdylar. Şol gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň binasynyň eýwanynda sungatda zenan keşbini janlandyrmak mynasybetli guralan bäsleşigiň ýeňijileriniň eserleriniň sergisi boldy. Gözden geçirilişe ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen suratkeş, heýkeltaraş zenanlar, amaly-haşam sungatynyň ussatlary, suratçylar, zenan keşbiane ajaýyp döredijiligini bagyşlan zehinler gatnaşdylar. 

5-nji martda Türkmen döwlet medeniýet institutynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilýän “Talyp gözeli –2014” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, bäsleşige ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen tapgyrlarda ýeňiji bolanlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar döredijilik zehinlerini, tagam taýýarlamakdaky ussatlyklaryny görkezdiler. Jemleýji bäsleşikde dürli nagyşlar bilen bezegli milli lybaslary geýnen gözeller has-da yhlasly çykyş etdiler. Ýurdumyzyň talyplarynyň onlarçasyny özünde jemleýän we her ýylda geçirilýän bu bäsleşik ýaşlaryň ýokary ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýelenmegini şertlendirýär. 

Şeýle hem 5-nji martda ýurdumyzyň şahyrlarynyň arasynda yglan edilen şygryýet bäsleşiginiň we zenan suratkeşleriniň “Zenan—Zeminiň zynaty” atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi hem-de Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň sergi merkezinde bäsleşige hödürlenen şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. 

Sungat ussatlary döredijilik ussatlyklaryny, zehinini we ylhamyny Halkara zenanlar gününe bagyşlaýarlar. Baýramçylyk çäreleriniň hatarynda ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda, paýtagtymyzyň sahna meýdançalarynda, muzeýlerde, kitaphanalarda, sergi merkezlerinde we Medeniýet öýlerinde köpsanly konsertler, sahnalaşdyrylan çykyşlar, ugurdaş sergiler ýaýbaňlandyrylýar, şahyrana agşamlar guralýar. Halk ýerine ýetirijileri, meşhur estrada aýdymçylary türkmen halkynyň mizemez gymmatlyklaryny, mähriban topragymyzyň gülläp ösýän künjeklerini, maşgala ojagyny we onuň eýeleri bolan mährem zenanlary wasp edýän aýdym-sazlary uly joşgun bilen ýerine ýetirýärler. 

Halkara zenanlar güni mynasybetli 7-nji martda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde dabaraly konsert bolar. Oňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinden öňdebaryjy zenanlar gatnaşar. Bu dabara Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň dörediji zenanlaryna, yhlasly zähmetkeşlerine, milletiň beýik ruhy ahlak gymmatlyklarynyň eýelerine we halkymyzyň asylly däp-dessurlaryna goýulýan belent sarpanyň nyşany bolar. Edep-terbiýäniň, wepalylygyň, gözelligiň nusgasyna öwrülen, maşgala ojaklarynyň eýesi bolan ýüzlerçe zenanlar her ýylda döwlet sylaglaryna mynasyp bolýarlar. Ruhyýet köşgündäki dabaranyň barşynda Watanymyzyň mynasyp zenanlarynyň birnäçesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglanylar. 

Şol gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde ýurdumyzyň zenanlaryna bagyşlanan baýramçylyk konserti bolar. Onda medeniýet we sungat ussatlarynyň, folklor we tans toparlarynyň, halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirijileriň, meşhur estrada aýdymçylarynyň, teatrlaryň artistleriniň çykyşlary ýaýbaňlandyrylar. Bu ýerde ýaşajyk zehinler belent owazly aýdym-sazlaryny mähriban enelere we uýalara bagyşlar. 

8-nji martda geçiriljek baýramçylyk dabaralary Watanymyzyň mähriban zenanlaryna özboluşly baýramçylyk gutlagy bolup ýaňlanar. 

Baýramçylyk günlerinde milli telewideniýäniň we radionyň ähli ýaýlymlarynda konsert çykyşlary we aýdym-sazly gepleşikler yzygiderli berler. Ýurdumyzyň ussat zenanlary bilen guralýan duşuşyklarda, häzirki döwrüň mährem zenanlary barada gürrüň berýän gepleşiklerde zenanlaryň hukuklaryny, eneligi we çagalygy goramak ulgamynda durmuşa geçirýän asylly ýörelgeler aýdyň beýan ediler. Şeýle hem metbugat neşirlerinde zenanlara bagyşlanan köpsanly makalalar ýerleşdiriler. 

Şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän giň möçberli dabaralar aýal-gyzlara goýulýan belent hormat-sarpanyň, maşgala ojagynyň abadançylygynyň we bitewüliginiň goragynda durýan zenanlara bolan oňyn gatnaşygyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň beýanyna öwrüler.

Degişli makalalar

Elektrik Energetikasynyň Mümkinçiligi Artýar

Dekabr Aýyndan Başlap «Türkmenistan Awiakompaniýasy» AGPJ-niň Uçar Ugurlary Artar

Täze ýyly agzybir we dostlukly maşgala bolup garşylaýarys

syrach