13.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Çagalar üçin nobatdaky täze bina

Baharly etrabynyň Döwgala obasynda 80 orunlyk çagalar bagy körpeler üçin öz gapylaryny myhmansöýerlik bilen açdy. Durmuş ulgamynyň bu täze desgasynyň ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň bellenilýän wagtynda açylmagynyň çuňňur many-mazmuny bar.

Obanyň binagärlik bezegine öwrülen mekdebe çenli çagalar edarasynyň ulanmaga berilmegi hakyky baýramçylyga öwrüldi. Dabarada ýaňlanan aýdymlar we ýerine ýetirilen tanslar, hormatly ýaşulularyň ak patasy hem-de çagalar bagynyň körpe eýeleriniň çykyşlary baýramçylygyň şowhunyny belende göterdi.

Çagalar bagynyň üpjünçiligi täze Galkynyş eýýamynda şeýle desgalar üçin kesgitlenen ýokary ülňülere doly gabat gelýär. Täze taryhy eýýamda bolsa biziň ýurdumyzda ösüp gelýän nesli terbiýelemek, onuň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertleri döretmek meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.

Çagalar bagynda örän gowy enjamlaşdyrylan oýun oýnalýan we türgenleşilýän zallar, ýatakhana, kompýuter otagy bar. Bu ýerde çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertler döredildi. Olara saz çalmagy, surat çekmegi öwretmek, döredijiligiň beýleki ugurlaryna, bedenterbiýe we sagdyn durmuş ýörelgesine ugrukdyrmak üçin ähli şertler döredilipdir. Bu ýerde giň mejlisler zaly, naharhana, kömekçi otaglar we zerur bolan aragatnaşyk ulgamlary göz öňünde tutulypdyr. Howluda bolsa ajaýyp enjamlaşdyrylan oýun oýnalýan meýdançalar, üsti açyk howuzlar ýerleşdirilipdir, agaç nahallary oturdylypdyr.

Şeýlelikde, Döwgala obasynda ýaş türkmenistanlylaryň ygtyýaryna berlen çagalar bagyny ýene bir häzirki zaman bagtly çagalagyň köşgi diýip atlandyrmak bolar. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzda ösüp gelýän nesil üçin iň gowy şertleriň döredilmegi, olaryň öz ukyplaryny we başarnyklaryny doly derejede amala aşyryp bilmegi hem-de geljekde eziz Watanymyzy gülläp ösdürmek işine mynasyp goşandyny goşup bilmegi üçin ähli tagallalar edilýär.

Şeýle desgalar bu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde gurulýar. Bu maksatnamada türkmen obasynyň durmuşynyň ähli ugurlaryna ägirt uly serişdeleri gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Täze desgany ulanmaga bermek dabarasy tamamlanandan soň, şu günki wakanyň şanyna, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Garagumyň Ummasyz baýlyklary

Türkmen Atşynaslarynyň Rowaç Döwri

syrach

Türkmen Bedewiniň Baýramçylygy

syrach