Düýn türkmen paýtagtyna gelen Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wiktor Maýkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu gün Türkmenistanyň Hökümetinde we paýtagtymyzyň häkimliginde kabul edildi.
Türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşmalaryň barşynda iki ýurduň dürli ugurlar boýunça däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryny, hususan-da, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we şähergurluşyk ulgamlarynda mundan beýläk-de giňeltmegiň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýratyn işewür häsiýete eýe bolup durýandygyny hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, Ukrainanyň daşary syýasat edarasynyň ýokary wezipeli wekili hem-de onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary iki dostlukly ýurduň özara bähbitlerini nazara almak bilen guralýan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine uly gyzyklanma bildirdiler.
referans: www.turkmenistan.gov.tm