6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Harby Deňiz Güýçleriniň “Gaýratly” Gämisiniň Topary Bilen Duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Harby Deňiz Güýçleriniň “Gaýratly” Gämisiniň Topary Bilen Duşuşdy

Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýaty boýunça iş saparynyň çäklerinde “Hazar” deňiz serhet birikmesine geldi. Bu ýerde serhet birikmesiniň serkerdesiniň hasabatyny kabul edip, Türkmeistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow “Arkadag” atly gämä tarap ugrady.

Gäminiň serkerdesi gäminiň deňiz giňişligi boýunça ýüzüşe taýýardygy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz gämä mündi, şu pursatda harby-deňiz gullugynda ykrar edilen düzgüne laýyklykda gämide Türkmenistanyň Prezidentiniň Ştandarty galdyryldy.

Şeýlelikde, kuwwatly gämi ýüzüşe başlady. Ýylyň ähli pursatlarynda bolşy ýaly, şu günler Hazaryň özboluşly gözelligi haýran galdyrýar, iň esasy bolsa onuň ynsan saglygyna ýaramly howasy bar. Hazaryň giňişliginiň ekologiýa derejesiniň kadaly ýagdaýy deňziň haýwanat dünýäsine, dürli göçüp-gonýan guşlaryň bu ýerde gyşlamagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Hazar deňzi hemişe dostluk we ylalaşyk deňzi bolmalydyr we şeýle bolmagynda galar. Hormatly Prezidentimiziň bitaraplyk, açyklyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty hem şuňa gönükdirilendir. Munuň özi biziň döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy we ähli başlangyçlary hem-de halkara giňişligindäki ädimleri, onuň dünýäniň ähli ýurtlary, ilkinji nobatda bolsa, öz goňşulary, şol sanda Hazar boýunça goňşulary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak meýli bilen sazlaşýar.

Döwletimiz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, Harby deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olary iň täze tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek, harby deňizçileriň hünärini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň flotuny kämilleşdirmek maksady bilen zerur çäreleri görýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleriň örän wajypdygyny nygtaýar. Şol wezipeler bolsa türkmenistanlylaryň parahat durmuşynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmekden we şeýlelikde, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň parahatçylyk we dostluk serhedi bolmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz “Arkadag” gämisi bilen ýüzüşiniň dowamynda deňiz çäklerinde söweşjeň gullugyny alyp barýan Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň “Gaýratly” gämisiniň ýanyna geldi. Harby gäminiň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň deňiz çäkleriniň asudalygy we howpsuzlygy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz “Gaýratly” gämisinde onuň döwrebap enjamlaşdyrylyşy we radiotehniki enjamlary bilen gyzyklandy, dürli abzallaryň orny barada sorady hem-de bu ýerde harby deňizçiler üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz harby gäminiň naharhanasyna baryp, şu gämide gulluk edýän harby deňizçiler bilen söhbetdeş boldy. Duşuşyk çaý başynda dowam etdi, söhbetdeşlige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň bu ýerde okuw tejribesini geçýän talyplary hem goşuldy. Ýaş harby deňizçileriň hünär ussatlygyny hem-de deňiz tälimini kämilleşdirmek, olaryň öňünde durýan okuw-söweşjeň wezipeler barada gürrüň edildi. Döwlet Baştutanymyz gulluk etmek üçin döredilen şertler barada olaryň pikiri bilen gyzyklandy. Harby gullukçylar ruhubelentlik bilen gulluk edýändiklerini aýtdylar we Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysyna iň täze söweşjeň tehnikany ele almak, söweşjeň taýýarlygy we bilimleriň derejesini ýokarlandyrmak babatda döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Milli howpsuzlygy pugtalandyrmak hem-de goşunyň ýokary goranyş ukybyny saklamak boýunça toplumlaýyn maksatnamada ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamaga möhüm orun degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we döwletimiziň mundan beýläk hem gaýduwsyz Watan goragçylarymyz we olaryň maşgalalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini belledi. Harby doktrinada Milli Goşunymyzyň we flotuň goranyş ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň söweşjeň ukybyny we taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň ählisi durmuşa geçiriler.

Ýurdumyz özygtyýarly döwlet, terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, şeýle hem serhetýaka wehimlerine we häzirki zamanyň howplaryna garşy ählumumy göreşde halkara tagallalarynyň işjeň tarapdary bolmak bilen, eziz Watanymyzyň ýokary goranyş ukybyny saklamak, goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen harby özgertmeleri amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti , ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow harby gululkçylary 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň güni bilen gutlap, olaryň her biriniň güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna, ähli bilimini we ukyp-başarnygyny Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmäge, döwletimiziň serhediniň hemişe dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk serhedi bolmagynda galmagyna gönükdirjekdigine berk ynam bildirdi.

Çaý başyndaky duşuşygyň barşynda deňizçi esgerler döwlet Baştutanymyza özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň hem harby gullukçynyň maşgalasynda önüp-ösendigini gürrüň berdi we ýaş Watan goragçylaryna gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny mynasyp dowam etdirmeklerini arzuw etdi.
Şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň çäklerinde harby gullugyň derejesiniň ýokarlandyrylýandygy, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak üçin ähli şertleriň döredilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz deňizçileriň sowallaryna jogap berip, olaryň isleg-arzuwlary hem-de teklipleri bilen gyzyklandy.

Deňizçiler we harby talyplar döwlet Baştutanymyza Milli Goşunymyzy hem-de Harby-deňiz güýçlerimizi kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň, deňizçileriň hem-de harby talyplaryň gullugy we durmuşy üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi barada ýadawsyz alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özleriniň mundan beýläk hem eziz Watanymyza wepaly gulluk etjekdiklerine, onuň mukaddes serhetlerini hüşgärlik bilen gorajakdyklaryna ynandyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz türkmen esgerleriniň ählisine berk jan saglyk, ruhubelentlik hem-de eziz Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, “Gaýratly” gämisiniň Hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby gäminiň taktiki-tehniki häsiýetnamalary we söweşjeň ukyby bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz harby deňizçiler bilen hoşlaşyp, “Arkadag” gämisine geçdi we şol ýerde Hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy hem-de bu gämide kenara tarap ugrady.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi we şol ýerden Aşgabada ugrady.

Degişli makalalar

Türk Ýyldyzy Aşgabatda

Türkmenistanyň Prezidentligine Dalaşgär, Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary Welaýat Komitetiniň Başlygy Durdygylyç Orazowyň MAKSATNAMASY

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

turkmenhabargullugy