16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Kuwwatlylygy Ýylda 30 Milliard Kubmetr Gaz Akdyrmaga Niýetlenen «Gündogar-Günbatar» Gaz Geçirijisine Gaz Berlip Başlanyldy

Kuwwatlylygy Ýylda 30 Milliard Kubmetr Gaz Akdyrmaga Niýetlenen «Gündogar-Günbatar» Gaz Geçirijisine Gaz Berlip Başlanyldy

Ol eýýäm ýakyn wagtlarda Ahal we Balkan welaýatlarynyň sarp edijilerine ýetiriler. “Türkmennebitgazgurluşyk” DK-nyň düzümine girýän esasy potratçy “Marynebitgazgurluşyk” tresti we onuň kömekçi potratçy guramalary turbanyň gidrawliki synagyny tamamlanlaryndan soň sebit gaz geçirijisiniň 150 kilometrlik bölegi, şeýle hem birinji we ikinji (Şatlyk-Tejen-Kaka) bölekleri işe girizildi.

Turba geçirijiniň Gumdagdan Belege çenli günbatar bölegi hem ýokary derejede ygtybarlydyr. Uzynlygy 773 kilometrlik we turbasynyň ini1420 milimetr bolan ýurdumyzda iň iri sebitara gaz geçirijisiniň galan alty bölegi-de berklige we jebislige synaglara doly taýýarlanyldy.

Öňde etmeli işler kän. Gaz geçirijiniň akdyryş ugruny barlamakdan we işe girizmekden başga-da, ýurduň iri ýataklaryndan gelýän “mawy ýangyjyň” akymlaryny dolandyrmaga ukyply ösen infrastrukturany-da döretmeli.Munuň üçin gurluşykçylar ýakyn ýyllarda gaz geçirijiniň ugrunda gaz-basyşly beketkeriň birnäçesini we beýleki binalary gurmalydyrlar. Şatlyk meýdançasynda birinji bekedi gurmaga taýýarlyk işlerine girişildi. Elektrik bölegini abadanlaşdyrmaga, “Döwletabat-Derýalyk”, ‘Şatlyk-Abadan”, “Bamy-Serdar”, “Orta Aziýa-Merkez” ýaly hereket edýän gaz geçirijiler bilen baglamak, gaz geçirijini daşky täsirden goramak, ýollary geçirmek, turba geçirijiniň ugrunda cage ürgüniniň öňüni almaga niýetlenen gök otlary ekmek boýunça entek etmeli işler kän.

Ýurdumyzyň içinden geçýän “Gündogar-Günbatar” magistral gaz geçirijisi iri gaz ýataklarynyň ählisini birikdirmäge, şeýle hem türkmen ýangyjyny dünýä bazarlaryna çykarmaga şertler döretmäge niýetlenendir. Munuň üçin telemehanika we aragatnaşyk ulgamy döredildi, ol ulgamy netijeli dolandyrmaga: gaz akymlaryny artdyrmaga we azaltmaga, içerki we eksport talaplara laýyklykda onuň ugruny üýtgetmäge mümkinçilik berer.

“Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi döwrebap gaz geçiriş ulgamynyň möhüm bölegi bolar,Türkmenistan milli ykdysadyýetiň we halkara energetika bazarynyň ýagdaýyna görä ony kämilleşdirýär we döwrebaplaşdyrýar.

Gaz geçirijisi sebitleriň “mawy ýangyja” islegini kanagatlandyrar, ulanylmaga berilýän senagat binalaryny, hususan-da özboluşly gaz-himiýasy toplumlaryny tebigy çig mal bilen üpjün eder,esasy pudaklaryň, ilkinji nobatda-elektroenergerikanyň ösüşi üçin şertler döreder, umuman sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan geljekki ösüşini kesgitlär.

Degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Dördünji Tapgyryň Duşuşyklary Geçirildi

Wenesuelada täze prezidentiň saýlanmagy üçin saýlaw etaby başlaýar.

syrach