6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

AŞGABAT MAGLUMATY – SEBITDE PARAHATÇYLYGY WE DURNUKLYLYGY PUGTALANDYRMAGA TARAP TÄZE ÄDIM

Paýtagtymyzyň “Prezident” myhmanhanasynda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) agzalary bolan ýurtlaryň wekilleriniň maslahaty öz işini dowam etdirdi we onuň çäklerinde umumy mejlisler boldy. Düzümleri, ulaglary, söwdany ösdürmek şeýle hem tebigy serişdeleri bilelikde dolandyrmak babatda Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we Owganystanyň arasynda ykdysady hymatdaşlyk boýunça taslamalary ara alyp maslahatlaşmak duşuşygyň gün tertibine girizildi.

Öň habar berlişi ýaly, wekilçilikli maslahat SPEKA-nyň häzirki Başlygy bolup durýan Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy (ÝYK) we BMG-niň Aziýa-Ýuwaş okean sebitindäki ýurtlar boýunça ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO), şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkezi (BMG MAÖADSM) bilen bilelikde guraldy.

Umumy mejlisleriň işine BMG-niň dürli düzümleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň, ÝHHG-niň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, ABŞ-niň halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID-iň), sebit we halkara derejesindäki düzümleriň birnäçesiniň, şol sanda abraýly maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de 19 sany ýurduň wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar.

Söwdany, ulaglary, hyzmatlar ulgamlaryny ösdürmäge hem-de hususy maýa goýumlaryny çekmäge ýardam etmek meseleleri düýpli we konstruktiw ara alyp maslahatlaşmak şu günki duşuşygyň mowzuklarynyň biri boldy. Çykyş edenleriň belläp geçişi ýaly, Merkezi Aziýa sebitinde häzirkizaman, giň şaha ýaýradan ulag-aragatnaşyk düzümlerini kemala getirmek sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek hem-de durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin möhüm şert bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda duşuşyga gatnaşyjylar yklymyň ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda ýeleşen Türkmenistanyň oňyn tejribesini bellediler, şol ýerden onlarça ýurt peýdalanýan üstaşyr ugurlar geçýär. Mälim bolşy ýaly, halkara ulag düzümlerini ösdürmek boýunça milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar dünýä bileleşigi we ilkinji nobatda söwda-ykdysady aragatnaşyklary giňeltmäge hem-de täze, geljegi uly bazarlara çykmaga gyzyklanma bildirýän goňşy döwletler, şeýle hem halkara maliýe düzümleri tarapyndan giňden goldawa eýe bolýar. Yslam ösüş bankynyň, halkara söwda merkeziniň (HSM) şeýle hem Howpsuzlyga ýardam etmegiň halkara güýçleriniň (ISAF) wekilleriniň şu gün bolan çykyşlary hem muny tassyklady.

Bu ýere ýygnananlar türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklipleriniň möhüm artykmaçlyklary hakynda söz açyp, olaryň hyzmatdaşlyga we anyk alnanda isleg bildirilýän umumydamzat bähbitlerini durmuşa geçirýän taslamalara, şol sanda halkara ulag ugurlaryny kemala getirmek babatda täze çemeleşmeleri beýan edýändigini bellediler. Nygtalyp geçilişi ýaly, bu ugurda iri taslamalary durmuşa geçirmek maýa goýumlarynyň akymyna we Demirgazyk-Günorta hem-de Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça Ýewraziýa giňişliginde özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin mümkinçilikleri döretmäge ýardam eder.

Türkmenistandan Owganystana täze demir ýoluň gurluşygynyň taslamasy aýratyn ara alyp maslahatlaşmagyň meselesi boldy. Ol

Atamyrat-Ymamnazar-Akina-Andhoý ugry boýunça 150 kilometr uzynlykdaky polat ýoly çekmegi göz öňünde tutýar. Bellenilip geçilişi ýaly, goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmeginiň möhüm şertleriniň biri boljak bu taslamany durmuşa geçirmek diňe bir Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda söwda-ykdysady aragatnaşyklary işjeňleşdirmäge däl, eýsem iki goňşy döwletiň çäklerinden amala aşyrylýan üstaşyr ýük daşamagyň möçberlerini okgunly artdyrmak üçin amatly şertleri döretmäge gönüden-göni ýardam eder. Geljekde bu demirýol ugry tutuşlygyna alnanda Ýewraziýa yklymynda hem-de bütin dünýäde ýükleri daşamak üçin uly ähmiýete eýe bolar.

Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda täze söwda “köprüsi” Demirgazyk- Günorta ulag geçelgesini döretmek bu ugurda Türkmenistanyň ähmiýetli başlangyçlarynyň hatarynda durýar. Täze Uzen-Bereket-Etrek-Gürgen demirýol ulgamynyň gurluşygynyň alnyp barylmagy Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlaryna Günorta Aziýa, Pars aýlagynyň portlaryna amatly, tygşytly ýoly üpjün eder hem-de yklymyň çäginde haryt dolanyşygynyň möçberlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Halkara üstaşyr-ulag geçelgesini döretmek hem sebitleýin we sebitara ulag ugurlaryny kemala getirmegiň hem-de netijeli peýdalanmagyň ýolunda möhüm ädim bolar. Şol geçelge Merkezi Aziaýanyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryny baglanyşdyrar. Bu babatda şu ýylyň 24-nji aprelinde türkmen paýtagtynda geçirilen Türkmenistanyň ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Kataryň we Omanyň hökümetleriniň arasynda gol çekilen degişli Ylalaşygyň ähmiýeti bellenildi.

Umumy serişdeleri we hususan-da suw serişdelerini dolandyrmak, şeýle hem ekologik howpsuzlyk meseleleri ikinji umumy mejlisiň mowzugy boldy. Mejlisiň barşynda SPEKA-nyň agzalary bolan ýurtlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän halkara hem-de sebitleýin guramalaryň wekilleriniň Merkezi Aziýada suw serişdelerini sazlaşykly dolandyrmagyň, suwlary goramagyň aýratynlyklary, şeýle hem bu ulgamda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmaga ünsi jemläp, sebitde ylalaşylan özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigini nygtadylar. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak hem-de BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň üsti bilen dünýä bileleşiginiň işjeň gatnaşmagynda halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalarynyň esasynda bu meseläni çözmegiň zerurdygy hakyndaky başlangyçlarynyň möhümdigi bellenip geçildi.

Bu ýere ýygnananlar gürrüňi dowam etdirip, bu ugurda oňyn tejribäni giňden alyşmak, hyzmatdaşlygyň halkara iş tejribesinde özüniň täsirliligini subut eden iň netijeli usullaryny ornaşdyrmak barada aýtdylar.

Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri suwarymly ekerançylyk giňden ulanylýan, suwa bolsa deňsiz-taýsyz gymmatlyk hökmünde garalýan Türkmenistan suw serişdelerini netijeli dolandyrmagyň ägirt uly tejribesine eýedir. Ol suw serişdelerini tygşytly, aýawly peýdalanmaga we suwdan peýdanlanmagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga çynlakaý üns berýär. Biziň ýurdumyzda bu ugurda möçberi boýunça deňsiz-taýsyz taslamalar durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda Türkmen kölüniň gurluşygy hem bar, şonuň netijesinde kollektor, zeýkeş suwlarynyň ägirt uly möçberlerini gaýtadan peýdalanmagyň özboluşly we öz ähmiýeti boýunça giň möçberli tejribesi kemala gelýär. Oba hojalygyny ösdürmäge we Türkmenistanyň çäklerinde we tutuş Merkezi Aziýanyň sebitinde hem aýratyn möhüm bolan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge ýardam eder.

Şeýlelikde suw we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça, anyk işler bilen berkidilýän Türkmenistanyň başlangyçlary biziň ýurdumyzyň ählumumy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň maksatlary üçin özara bähbitli halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge anyk goşant goşýandygyngyň aýdyň subutnamasydyr.

SPEKA-nyň agzalary bolan ýurtlaryň wekilleriniň iki günlük duşuşygynyň işiniň netijeleri jemleýji umumy mejlisde jemlendi. Şonda maslahatyň barşynda hödürlenilen we jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylan taslama teklipleri Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk ýoly bilen Owganystanda durnuklylygy pugtalandyrmak we onuň durnukly ösüşine ýardam etmek boýunça geljekki Hereket etmegiň geljegi uly meýilnamasyny işläp taýýarlamak üçin oňat esasy döredýär diýlip kanagatlanmak bilen bellenilip geçildi. Bu meýilnamany işläp taýýarlamagyň mümkinçiligi Türkmenistanyň ähli halkara derejelerinde, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde işjeň öňe sürýän we ählumumy ykrar edilmegi boýunça sebitde durnuklylygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýan berk parahatçylygy üpjün ediji garaýşy netijesinde hakykata öwrüldi diýip, aýratyn nygtalyp geçildi. Türkmenistanyň SPEKA-da başlyklyk edýän döwründe Aşgabatda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegi sazlaşykly utgaşdyrjakdygyna berk ynam bildirildi.

Maslahatyň jemleri boýunça Aşgabat maglumaty kabul edildi we şonda SPEKA gatnaşyjy ýurtlaryň netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge, sebitleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini çözmek maksady bilen Birleşen Milletiň Guramasy hem-de onuň düzüm birlikleri, şol sanda BMG ÝYK, ESKATO, BMG MAÖADSM we beýleki halkara guramalar-hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardyklary tassyklanyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen topragynda myhmansöýerlik bildirendikleri, bu möhüm halkara maslahatyny geçirmegiň ýokary derejesiniň üpjün edilendigi we üstünlikli işlemek üçin göwnejaý şertleriň döredilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Bildiriş

Türkmen-Ýapon işewürler maslahaty geçirildi.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa Üçin ÖADSM-niň Täze Bellenen Başlygyny Kabul Etdi

syrach