2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) Lozanna şäherinde ýerleşýän baş edarasynda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy, Daşary işler ministriniň orunbasary, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky guramaçy komitetiniň Ýerine ýetiriji sekretary we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş sekretary düzümindäki Türkmenistanyň wekiliýetiniň Halkara Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti j-p Tomas Bah bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we HOK-ň arasyndaky hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikirler alşyldy. Türkmen tarapy köpçülikleýin sport we sportuň ýurtdaky ýokary gazananlary, sporty jemgyýetçilige ýaýmak we iň ýokary derejedäki çärelerini üstünlikli geçirmek boýunça ýurduň ýolbaşçylygy tarapyndan döredilen şertleri barada Türkmenistanyň gazananlary hakynda maglumat berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleriniň gidişi barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, halkara olimpiýa hereketiniň şanyna we olimpiýa ýörelgelerine laýyklykda, şol sanda HOK-ň howandarlygy astynda dürli çärelerini geçirmek arkaly Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna niýetlenip gurulan köpugurlaýyn sport binalaryny ulanmak boýunça tagallalary birleşdirmek teklip edildi. Soňra Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara Olimpiýa Komitetiniň Prezidentini oýunlaryň hormatly myhmany hökmünde geljekde geçiriljek oýunlarynyň şanyna geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.
HOK-ň Prezidenti j-p Tomas Bah öz tarapyndan häzriki zamana sport desgalarynyň gurluşygy we sportuň ýurtda hemmetaraplaýyn ýaýbaňlandyrylmagy arkaly köpçülikleýin sportuň ösüşine goşandy üçin Türkmenistanyň tagallaryna minnetdarlygyny bildirdi.
Türkmenistan tarapyndan bu ugurda amala aşyrylan işiň ähmiýetini belläp, hususan hem sportuň ösdürilmegi üçin şertleriň döredilmegi we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işlerini belläp, j-p Tomas Bah geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanma bildirdi we özaragatnaşyklaryň öňdebaryjy ugurlaryna garamagy teklip etdi. HOK-ň Prezidenti geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çarçuwasynda Türkmenistana baryp görmek üçin türkmen tarapynyň çakylygyna minnetdarlygyny bildirdi.