Erkgala
Erkgala göwrümi boýunça gadymy Merw şäheriniň ulgamyna girýän galalaryň iň kiçisi bolsa-da, ýaşy boýunça iň ulusy, belentligi boýunça hem iň beýigidir. Onuň tutýan meýdany bary-ýogy 20 gektara barabardyr. Häzirki wagtda ol gala däl-de, dagyň çykmasy kyn baýyrlaryna çalym edýär. Onuň saklanyp galan beýikligi ortaça 25-28 metre ýetýär. Geçirilen köp sanly arheologik barlaglar galanyň ahemenitler döwrüne degişli hökümdaryň köşgi bolandygyny äşgär etdi. Erkgalanyň içinde köşkden başga-da uly edara jaýy, skladlar, gorhana, nökerler üçin kazarmalar bolupdyr.
Gäwürgala
B.e. öňki III asyryň ikinji ýarymynda selewkit hökümdary Antioh Soter özüniň güýçli goşuny bilen Merwe gelende, ol bu töwerekleriň bol suwuna, mes toprakly ýerlerine göz gyzdyryp, Merwi özüne paýtagt edinmegi, ony düýpli gurlan gala bilen berkitmegi ýüregine düwüpdir. Erkgala oňa darlyk edipdir. Şonuň üçinem ol bu galanyň günortasyndaky bag-bakjalyga bürenip oturan ilatly ýeri göz öňünde tutup, şol ýerden hem takyk oýlanylan plan esasynda grekleriň gala guruş usulynda äfet galanyň gurluşygyna başladýar. Örän tiz wagtda bina edilen bu dörtgyraň galanyň diwarlary 6 metre ýetýän galyňlykda bolup, onuň her bir gapdal ganatynyň uzynlygy hem tas 1,5 kilometre ýetipdir.
Geçmişde “butparazlaryň galasy” ýa-da “kapyrgala” ady bilen tanalan bu gala biziň günlerimize GÄWÜRGALA ady bilen gelip ýetipdir. Ol 400 gektara golaý meýdany öz içine alýar. Orta asyryň Ibn al-Fakih, Idrisi, Makdisi ýaly arap dilinde ýazan awtorlarynyň işlerinden mälim bolşuna görä, Gäwürgalada iki sany erkek we aýal adamynyň şekili bilen bezelen Keýmerzuban atly gadymy öýüň we sežde edilýän uly metjit jaýynyň bolandygy mälim. Gäwürgalanyň dört tarafky diwarlarynyň dördüsinde-de derwezeler bolupdyr, galanyň içine kanal çekilipdir, galanyň içki diwaryny deň dörde bölýän goşmak şekilli uly köçeler bolupdyr, bazar meýdançasy, degirmençiler we hazarçyllar kärhanasy ýerleşipdir. Antioh Soter Gäwürgalanyň daşyna 230 kilometre golaý halkalaýyn daşky galany hem saldyrypdyr.
Soltangala
Onuň bina edilen wagty seljuklar neberesiniň dolandyran wagtyna gabat gelýär. Ol seljuk soltanlary Mälik şa we Alp Arslan tarapyndan XI asyryň ikinji ýarymynda-XII asyryň başynda saldyrylan bolmaly. Bu hem onuň soltanlaryň saldyran galasy-Soltangala hökmünde adykmagyna sebäp bolupdyr.
Gapdal diwarlary 1,7den 2,2 kilometre çenli uzaýan Soltangala Gäwürgalanyň duldegşir günbatarynda ýerleşýär. Bu iki galanyň arasyndan bolsa gadymy döwürlwrden tä mongol goşunlary tarafyndan weýran edilýänçä uly ykdysady ähmiýetli kanal bolan al-Ruzeýk (al-Razik) ýaby akypdyr. Soltangalanyň boýy 8-9 metre ýetýär, diwarlarynyň düýbi esasan 4,5 metre ýetýän galyňlykda pagsadan tutulypdyr. Iki metre çenli çürelip gidýän ýokarky gatlaklarynda bolsa 31×31×7 sm we 27×27×5 sm ölçegdäki çig kerpiçler ulanylypdyr. Gäwürgala bilen deňeşdirilende Soltangalanyň diwarlary has gowy saklanypdyr.
Şähriýar kala
Şähriýar gala gadymy Mary şäher galalarynyň içinde iň kiçisidir. Bary-ýogy 20 gektara golaý meýdany tutýan bu galanyň diwarlarynyň salnyşynda belli bir forma eýerilmändir. Gala tutuşlygyn ýoýulan kwadrata çalym edýär. Ol esasan 27×27×6 sm ölçegdäki çig kerpiçlerden pagsa bilen aralaşdyrylyp salnypdyr. Häzirki wagtda gala diwarlarynyň saklanyp galan galyňlygy 2,8-3 metre, beýikligi hem 8-10 metre ýetýär.
Galanyň içiniň demirgazyk hem-de deirgazyk-günbatar böleklerinde kazarmalaryň, athanalaryň galyndylaryny, ortada we günorta-gündogarda hem edaradyr ýaşaýyş jaýlarynyň harabalaryny görmek bolýar. Olardan ilkinji bolup göze ilýäni köşk jaýydyr. Köşgüň içinde bary-ýogy ýekeje süýnmek zal bolup, ol öz wagtynda seljuk soltanlarynyň diwany-kabulhanasy bolup hyzmat edipdir.
Isgender gala hem-de kiçi Soltan gala
Ýerli halkyň dilinde şeýle atlar bilen tanalýan bu galalaryň ilkinjisi Soltan galanyň demirgazygynda, ikinjisi hem onuň günortasynda ýerleşýär. Ýerleşiş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, taryhçy alymlar olara /zleriçe “Demirgazyk aýlaw” hem-de “Günorta aýlaw” diýip at beripdirler. Döwri boýunça aýlawlaryň ikisi-de Solatangaladan soň salnan bolmaly. Isgender galanyň 200 gektara golaý giň meýdany öz wagtynda Merw şäheriniň örän gür oturan ilatly ýeri bolupdyr. Eger-de kiçi Soltan galanyň gündogar bölegindäki Bureýda bilen Gifariniň guburlarynyň başujynda , Teýmirleň döwründe salnan goşa binany hasp etmeseň, bu galanyň içinde gadymýetiň ýerden saýlanyp duran ýekeje diwaryna-da gözüň düşmeýär.
Şaýym kala
Araplar döwrüne degişli ýadygärlikleriň biridir. Käbir alymlar ony Abu Muslimiň harby lageriniň galyndylary hasaplaýarlar. Şaýym gala Gäwürgalanyň 1,5 km. günorat-gündogarynda ýerleşýär. Onuň 1,28 kw.km. meýdany bolup, gala diwarlary pagsadan hem-de25×25, 5×5, 24-25×25 ölçegdäki çig kerpiçler, aram-aram hem 26,5 ×?×5 sm. ölçegde bolan kerpiçler ulanylyp salypdyr.