Her ýyl bütin dünýäde geçirilýän Olimpiýa Ylgam gününiň çäklerinde köpçülikleýin ýeňil atletika ylgawy geçirildi. Ol ýurdumyzyň Milli Olipiýa Komiteti, Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti, Aşgabat şäheriniň häkimligi we ýeňil atletika sport mekdebi tarapyndan mundan beýläk-de bedenterbiýäniň we sportuň köpçülikleýinligini ösdürmek, ösüp gelýän nesilde sagdyn durmuşy kemala getirmek maksady bilen guraldy.
Mälim bolşy ýaly, her ýyl Bütindünýä olimpiýa gününi geçirmek baradaky çözgüt 1948-nji ýylda Halkara Olimpiýa Komitetiniň 42-nji mejlisinde kabul edilipdi. Bu gün 1894-nji ýylyň 23-nji iýunynda Halkara Olimpiýa Komitetiniň döredilen gününi ebedileşdirmek maksadynda seçilip alnypdy.
Şu ýyl “Olimpiýa” stadionynyň daşyndaky ýol ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bäsleşige paýtagtymyzyň sport mekdeplerinden ylgamagy halaýanlaryň ýüzlerçesi gatnaşdy.
500 metr aralyga ylgamakda ýeňil atletika sport mpekdebiniň türgenleriniň arasynda A.Strelnikow we Ý.Rýabowa, beýleki sport mekdepleriniň wekilleriniň arasynda bolsa B.Baýramow (ÇÝSM) ýeňiji boldular. Ikinji ýere Ş.Egemberdiýew, M.Rejebowa we Ç.Batyrow (basketbol boýunça ÇÝSM) mynasyp boldular.
Ýurdumyzyň iň güýçli ýakyn aralyga ylgaýjylarynyň arasynda 100 metre ylgamak boýunça geçirilen ýaryş baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy. Erkekleriň arasynda şu aralyga ylgamakda sport ussady Y.Berdiýewden öňe geçen bolmady. Oňuň yz ýany pellehana Ş.Egemberdiýew we A.Sidorow geldiler. Zenanlaryň arasynda baýrakly orunlara degişlilikde Ý.Rýabowa, O.Çernowa we Ý.Çalikowa mynasyp boldular.
Her ylgawda sportçularyň iň güýçlüleriniň onusyna ýadygärlik baýraklary, ýaryşa gatnaşyjylaryň ählisine bolsa Halkara Olimpiýa Komitetiniň sertifikatlary gowşuryldy.
referans: www.turkmenistan.gov.tm