17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Ahalda bagtly çagalaryň köşgi

Körpeler üçin öz gapylaryny giňden açan häzirki zaman çagalar bagy şäheriň binagärlik – şähergurluşyk keşbine täze, özboluşly öwüşgin çaýdy. Onuň açylyş dabarasy ýatdan çykmajak baýramçylyga öwrüldi. Şu mynasybetli baýramçylyk lybasyna beslenen binanyň öňünde aýdym-saz hem-de tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler, aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy. Elbetde, täze desganyň geljekki eýeleri bolan körpeleriň çykyşlary hemmelerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Hormatly ýaşulular olara ak pata berdiler. Dabara welaýatyň we şäheriň häkimlikleriniň wekilleri, bilim ulgamynyň işgärleri we Tejeniň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Çagalar bagy häzirki zaman ülňülerine, täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralary üçin bellenen talaplara laýyklykda enjamlaşdyryldy. Täze eýýamda ösüp gelýän nesli döwrebap terbiýelemek, çagalaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertleri döretmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Täze mekdep ýaşyna çenli çagalar edarasynda oňat enjamlaşdyrylan oýun we kompýuter otaglary, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän giň ýatakhanalar bar. Bu ýerde körpelere aýdym-saz we tans, surat çekmegi öwretmek, olaryň döredijilik ukyplaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Sport zallarynda çagalar bagynda terbiýelenýänleriň dürli ýaş toparlaryna niýetlenen, zerur bolan enjamlar bar. Täze binada köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin giň zal, naharhana, kömekçi jaýlaryň birnäçesi we beýlekiler körpeleriň hyzmatyndadyr. Bina ýanaşyk meýdança abalanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga beslendi. Şol ýerde milli ertekileriň äheňinde bezelen oýun meýdançalary, suwa düşülýän açyk howuz, gül ekilen aýmançalar ýerleşýär.

Tejen şäherindäki täze çagalar bagy bagtly çagalygyň nobatdaky häzirki zaman köşgüdir. Türkmenistanlylaryň iň körpe nesli onuň doly hukukly eýeleri boldular. Häzir Türkmenistanda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli zerur çäreler görülýär.

Täze binany ulanmaga bermek dabarasy tamamlanandan soň, bu wakanyň hormatyna, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

8-nji Martda “Ene mähri” Diýen Hormatly Ada Mynasyp Bolan Eneleri Sarpalamak Çäresi Geçirildi

Sebitlerde Oba Ýerlerini Gazlaşdyrmak Maksatnamasy Durmuşa Geçirilýär

turkmenhabargullugy