16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
SAGLYK

Lebapda Saglyk öýi işe girizildi.

Mälim bolşy ýaly, düýn Birata etrabynyň “Lebap” daýhan birleşiginde Saglyk öýi dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu gün bolsa nobaty Halaç etraby kabul etdi. Ärsary baba adyndaky daýhan birleşiginiň Surhy obasynda häzirkizaman Saglyk öýi dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.

Ir säher bilen dürli reňkli baýdaklar, howa şarlary, toýbagylar bilen bezelen täze oba Saglyk öýüniň öňünde şatlykly ýagdaý höküm sürdi. Oba ilatyny şanly waka bilen gutlamak üçin bu ýere welaýat we etrap häkimlikleriniň, Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ýaşlar, ýerli ýaşaýjylar geldiler. Aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, tans toparlary çykyş etdiler.

Dabara gatnaşyjylaryň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, täze Galkynyş eýýamynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalary türkmen obasynyň galkynmagyna, ýurdumyzyň ähli welayatlarynyň ilatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga kuwwatly itergi berdi. Indi welaýatlarda her ýylda durmuş maksatly häzirki zaman desgalary gurulýar, abadanlaşdyrylan obalaryň we şäherçeleriň keşbi düýpli özgerýär. Oba zähmetkeşleri döwlet Baştutanymyza halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hakynda ýadawsyz aladalary üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler we oňa berk jan saglyk, uzak ömür hem-de il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

“Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň etrap 8-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen täze desga ähli babatda häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýär. Onda bu ýere gelýänlere ýokary hilli bejeriş, anyklaýyş, maslahat beriş, ýokary derejedäki öňüni alyş kömeklerini bermek üçin hemme şertler döredilipdir. Beýleki oba saglyk merkezlerinde bolşy ýaly, bu ýerde-de bejeriş-amalyýet otaglary, barlaghana bölümi bar. USB we EKG otaglary bu ýere gelýänlere hyzmat eder. Olaryň ählisi hem häzirki zaman lukmançylyk enjamlary we gurallary bilen abzallaşdyrylypdyr. Ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylyp, agaç nahallary oturdylypdyr, aýmançalar gurlupdyr.

Dabara tamamlanandan soň, Saglyk merkeziniň açylmagy mynasybetli Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidentiniň baş saglygyna toý sadakasy berildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

BSGG: Saglygy goraýşyň ählumumy diplomatiýasynyň işjeňleşdirilmegi ugrunda.

syrach

Yzgantdaky täze Saglyk merkezi

syrach

Täze Heýkeller Aşgabadyň Şaýollaryny Bezedi