Lebap welaýatynyň merkezinde maýyplara we durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki raýatlara niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Gurluşyk meýdançasynyň çäkleri baýramçylyk görnüşinde beslenipdir. Bu ýere Mejlisiň başlygy hem-de deputatlary, ýerli häkimiýet edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar hem-de bu desgany bina etmek tabşyrylan Zerger demir-beton gurnama zawodynyň gurluşykçylary ýygnandylar.
4 gatly ýaşaýyş jaýynyň binýadyna pil bilen ilkinji beton garyndylary guýuldy. Bina şäheriň merkezinde welaýat keselleri anyklaýyş we maslahat beriş merkeziniň hem-de iň häzirki zaman gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň ýakynynda gurlar. Taslamada mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin has amatly şertleriň döredilmegi göz öňünde tutuldy.
Ýaşaýyş jaýynyň howlusynda futbol, woleýbol, basketbol oýnamak üçin meýdançalar hem-de çagalaryň oýun meýdançalary gurnalar. Bu ýerde dynç almak üçin ýaşyl baglyklar ýerleşer, şu günki dabara gatnaşanlaryň oturdan ilkinji agaç nahallary ýetişer.