Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şäheriň taryhy merkezinde bina edilen hem-de “Aşgabat” adyna eýe bolan täze häzirki zaman kinoteatryň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi ýurtda milletiň Lideriniň başlangyjy bilen Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna we durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagyna gönükdirilen il-ýurt bähbitli düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynda öňdebaryjy tehnologiýalar we döwrebap işläp taýýarlamalar esasynda medeniýet we sungat ulgamynyň ösdürilmegine, onuň düzümleriniň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Şunlukda türkmen halkynyň örän baý we özboluşly medeni mirasynyň goralyp saklanmagyna we artdyrylmagyna, onuň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki medeniýet jemgyýetiň ruhy durmuşynyň möhüm ugry, onuň binýady bolup durýar we şahsyýetiň sazlaşykly ösüşine, onuň raýatlyk ornunyň, dünýägaraýşynyň, görkanalyk babatdaky pikirleriniň we maddy-ruhy gymmatlyklarynyň, ahlak häsiýetleriniň kemala gelmegine gönüden-göni täsir edýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji iýunda, ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň giňden we dabaraly bellenilýän gününde geçirilen giňişleýin mejlisinde şu möhüm meseleler barada aýdyň gürrüň edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde eden maksatnamalaýyn çykyşynda Türkmenistanda bu ulgamyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine edil syýasata we ykdysadyýete bolşy ýaly, uly üns berilýär we medeniýet, sungat ulgamy döwletiň hemişe üns merkezinde durýan ugurlarynyň biridir we şeýle bolmagynda galýar diýip belledi. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup ulanylmaga berilýän köp sanly döwrebap medeni desgalar, ildeşlerimiziň boş wagtyny hoş geçirmek üçin guralýan ýokary derejeli medeni çäreler, döredilýän giň mümkinçilikler munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa ýurdumyzyň raýatlarynyň ruhy dünýäsiniň we baý dünýägaraýşynyň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir.
Täze Galkynyş eýýamynda öz ösüşinde güýçli itergä eýe bolan kinematografiýa ýurdumyzyň sungatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. XIX asyryň ikinji ýarymynda dörän kino sungaty soňra dünýäde iň bir meşhur sungat ugurlarynyň birine öwrüldi. Munuň özi jemgyýetiň medeni durmuşynda onuň ähmiýetli orny bilen şertlenendir. Täze Galkynyş eýýamynda döwletimiziň türkmen kinosyny ösdürmek meselesine uly ähmiýet berýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda ýurdumyzyň kino sungatynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, kinematografiýaçylaryň döredijilikli we netijeli işi, çeper, dokumental, ylmy populýar filmleri surata düşürmek üçin ähli mümkinçilikleri döretmek, şeýle hem teatrlar, muzeýler, medeniýet merkezleri bilen bir hatarda ýurdumyzyň ähmiýetli medeni ojagy bolup durýan kinoteatrlaryň düzümlerini kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde 2009-njy ýylda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda doly döwrebaplaşdyrylan “Watan” kinokonsert merkezi açyldy. Şeýle hem geçen ýylda şunuň ýaly döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistan” kinokonsert merkezi tomaşaçylar üçin öz gapylaryny giňden açdy.
Ine, indi bolsa häzirki zaman kinoteatry ulanmaga berilýär. Ol özüniň kaşaň hem-de döwrebap binasy bilen paýtagtymyzyň merkezi köçeleriniň biri bolan Magtymguly şaýolunyň ugrunda guruldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň buýurmasy esasynda bu döwrebap görkli desgany Fransiýanyň belli “Vinci Construction Grands Projets” kompaniýasy bina etdi. Özüniň ajaýyp binagärlik aýratynlygy we bezeg-besleg toplumy bilen bu desga paýtagtymyzyň keşbine özboluşly gözellik çaýdy. Tutuş öň tarapy aýna bilen örtülen bu desganyň umumy eýeleýän meýdany 11 müň 365 inedördül metre barabardyr. Täze kinoteatryň iň häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi netijesinde bu ýerde tomaşaçylar häzirki döwürde dünýäde giň meşhurlyga eýe bolan 3D görnüşli sanly ölçegdäki filmlere tomaşa edip bilerler.
Säher bilen kinoteatryň töwereginde baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. “Aşgabat” kino toplumynyň öňündäki giň meýdança şu günki belent dabara kybap, ajaýyp äheňde bezelipdir. Ol ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, welaýatlarynyň häkimlikleriniň wekilleri, biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň baştutanlary, daşary ýurtly işewürler ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem paýtagtymyzyň ilaty we myhmanlar bar. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanynyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy şanly wakanyň geýçän ýerine gelýär. Milletiň Lideriniň doglan güni bilen gabat gelen bu günki belent dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanyny uly ruhubelentlik hem-de şatlyk-şowhun bilen garşylaýarlar. Milli lybasdaky oglan we gyzjagaz hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar.
Hemmeleri täze kinoteatryň açylmagy bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz bu merkeziň aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin iň bir söýgüli medeniýet ojagyna öwrüljekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutany täze kinomerkeze tarap ugranda körpeleri binanyň açylyş dabarasy mahalynda özüniň ýanynda bolmaga çagyrdy. Çakylyk uly şatlyk hem-de şowhunly hoşallyk bilen kabul edildi.
Şu günki şatlyk-şowhuna beslenen belent dabara mynasybetli ýaşajyk artistler, milli lybasdaky körpeler ýörite medeni maksatnama taýýarlapdyrlar. Täze kinoteatryň öňündäki giň meýdançada uly dabara beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar. Ýaşajyk sungat ussatlary “tansyň dili” bilen ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň belli kinofilmlerinden birnäçe tomaşalary, kino düşüriliş pursatlaryny janlandyrdylar we bu dabara özboluşly öwüşgin çaýdylar.
Dabaraly pursat gelip ýetýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda kinoteatryň merkezi geirelgesine barýar we asylly däp boýunça toý bagyny kesýär. Kaşaň binanyň daş keşbi we içki bezegi binagärlik, inženerçilik pikirleriň öňdebaryjy meýilleri bilen türkmen binagärçilik sungatynyň iň gowy däpleriniň sazlaşmagynda ýerine ýetirilipdir. Merkeziň daşky görnüşi, basgançaklar we sütünler ak mermere örtülipdir. Türkmen halkynyň: “Ak zat alnyňa ýagşy” diýşi ýaly, ol nurana aklyk binanyň binýadyna örtülen owadan granit bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Kinoteatryň bezeginde ulanylan döwrebap alýumin gurnamalar we aýna bezegleri desga özboluşlylyk we göze gelüwlilik çaýýar.
“Aşgabat” kinoteatryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylypdyr, ýaşyl ýaýlajyklar döredilipdir, saýaly baglar we bezeg agaçlary oturdylypdyr, şeýle hem bu ýerde goýlan bezegli oturgyçlar, döwrebap yşyklandyryjylar bu künjegiň gözelligini artdyrýar.
Täze kinoteatrda iki sany kino zal bolup, olar tomaşaçylar üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän ähli amatly şertler bilen üpjün edilipdir. 500 tomaşaça niýetlenen kino zalda adaty görnüşdäki kinolar görkezilýär. 70 orunlyk kino zal bolsa, 3D görnüşdäki kinolar üçin niýetlenipdir. Olaryň diwarlary ýörite bezeg agaçlary bilen örtülipdir, zallaryň ikisi hem tomaşa etmek üçin örän amatly we olar ýumşak kürsüler bilen üpjün edilen. Ýeri gelende aýtsak, uly zalyň diwarlaryny milli kino sungatymyzyň “altyn hazynasyny” düzýän filmlerden pursatlar, meşhur artistleriň portretleri bezeýär. Kinoteatra gelýänler üçin özüniň nygmatly bary bolan oňaýly kafeteriý we tomusky kafe hereket edýär. Bu ýerde kino başlaýança, çaý-suw içmäge, süýji nygmatlardan dadyp, garaşmaga amatly mümkinçilikler, ýöriteleşdirilen dükan bar. Merkezde kompýuterler bilen enjamlaşdyrylan internet-kafe hereket edýär, bu ýerde islegiňe görä wagtyňy hoş geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir. Kinoteatryň görkeziliş zallary häzirki zaman mebelleri bilen doly üpjün edilen. Merkeziň girelge-eýwanynda tomaşaçylar üçin geýim goýulýan ýörite ýer bar. Mundan hem başga kinoteatr edara ediş otaglary we beýleki zerur jaýlar bilen üpjün edilen. Merkeziň esasy binasynyň umumy meýdany 4915 inedördül metre barabar.
Milletiň Lideri giň we ýagty eýwana geçýär, ol ýerde gurnalan uly ekranlarda dürli döwürdäki türkmen kinofilmlerinden parçalar görkezilýär.
Hormatly Prezidentimiz täze kinoteatryň içini synlap, onuň tomaşaçylar üçin maksatnamasy düzülende oýlanyşykly çemeleşmeleriň zerurdygyny belledi. Çünki bu ýerde guralýan tomaşalar, şüweleňler köpdürli, gyzykly we tomaşaçylaryň ýaş aýrtaynlygyna görä düzülmelidir diýip, milletiň Lideri aýtdy. Tomus paslynda mekdep okuwçylarynyň dynç alyşda bolýandygyny nazara alyp, kinomerkezde görkezilýän filmler çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen bolmalydyr diýip, döwlet Baştutany belledi. Mälim bolşy ýaly, bu barada milletiň Lideri Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçen mejlisleriniň birinde aýdyp, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri beripdi. Şonda häzirki “Aşgabat” kinoteatrynyň gurlan ýerinde birnäçe on ýyllyk mundan ozal şol at bilen ýaşlar kinoteatrynyň ýerleşendigini belläp, hormatly Prezidentimiz döwürleriň bu arabaglanyşygyny täze kinoteatryň içerki bezeginde beýan etmegiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kinotoplum we onuň bezegi hem-de abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşlygyň barşynda bu ýerdäki kafe bardy. Döwlet Baştutanyny ol ýerde çagalar uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz bu ýerdäki çagalar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň tomusky dynç alyşlary bilen gyzyklandy. Milletiň Ldideri Türkmenistanda körpe nesliň sazlaşykly ösüşi üçin ähli şertleriň döredilýändigini belläp, çagalara hoşniýetli sözlerini aýtdy.
Ýaş-ýetginjekler öz gezeginde döwlet Baştutanyna ösüp barýan ýaş nesil üçin çäksiz aladasyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistanyň nurana arzuwlaryň amala aşýan hem-de bagtyýar çagylygyň mekanyna öwrülendigini bellediler.
Soňra milletiň Lideri 500 orunlyk kinozala bardy. Bu ýere ýygnanan ýaşajyk türkmenistanlylar hormatly Prezidentimizi uly şatlyk hem-de şowhun bilen garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz sahna çykyp, çagalara ýüzlendi we olara okuwda gazanýan üstünlikleri, tomusky dynç alyş möwsümini geçirilişi bilen gyzyklandy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlary öz ukyplaryny we zehinlerini açyp görkezmek, dünýägaraýşyny giňeltmek we islegine görä häzirki zaman bilimlerini ele almak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi we döwletimiz mundan beýläk-de ýaş nesiliň mynasyp terbiýelenmegi, döwrebap bilim almaklary we abadançylygy ugrunda mundan beýläk-de alada eder dýýip nygtady.
Kinoteatryň ýaşajyk tomaşaçylary öz gezeginde ösüp barýan ýaş nesiliň bagtyýar durmuşy üçin ýurtda ajaýyp şertleriň döredilýändigini aýdyp, döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden we mähirli hoşallyk bildirdiler hem-de ajaýyp sowgat—täze kinoteatr üçin sag bolsun aýtdylar.
Körpe nesil bilen mähirli, ýürekdeş söhbetdeşikden soň, hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnanan çagalara tomusky dynç alyş möwsümini şatlyk-şagalaňa besläp, şowly geçirmekligi we oňat dynç almaklaryny arzuw edip, 3D görnüşli filmler üçin niýetlenen zala geçýär. Ol ýerde üç ölçegdäki görnüşli we ses berlen filmlere tomaşa etmek üçin ýörite enjamlar üpjün edilipdir.
Häzirki döwürde 3D görnüşi dünýäde iň öňdebaryjy kino görkeziliş usuly hasaplanylýar. Bu täze görnüşli kino tomaşaça ekranda bolup geçýän waka goşulmaga we özüni şol wakanyň içinde duýmaga mümkinçilik berýär. Şeýle kinolentalaryň döredilmeginiň aýratyn tehnologiýasy we degişli görkeziş enjamlary netijesinde hereket adaty ölçegden çykyp, ol tomaşaçylaryň öňünde ýaýbaňlandyrylýar.
Bir söz bilen aýdanyňda, 3D sanly görnüşi kino önümçiliginiň taryhynda özboluşly öwrülişikli tapgyr diýip atlandyrmak bolar. Şu görnüşli filmlere tomaşa etmek üçin şekili üç ölçegli görnüşde saklamaga mümkinçilik berýän ýörite ekran gerek. Şeýle hem bu ýerde ýörite äýnekler bolup, olar tomaşaçyny ekranda bolup geçýän wakalara ýakynlaşdyrýar. Indi 3D görnüşdäki filmleriň artykmaçlyklaryna baha bermek üçin paýtgatymyzda bina edilen “Aşgabat” kinoteatryna baryp göräýmeli.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz we dabara gatnaşyjylar 3D görnüşde döredilen biziň ýurdumyz hakynda gürrüň berýän filme tomaşa edýärler.
Täze kino mekreziň açylyşy mynasybetli taýýarlanan bu kinofilm Türkmenistana örän täsirli syýahat etmäge we türkmen halkynyň gadymdan gelýän hem-de biziň günlerimize gelip ýeten milli medeniýetine we sungatyna, täze eýýamyň aýdyň maksatlaryna, meýillerine, baý taryhyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Şahyrana setirleriň we milli owazlaryň astynda ekranda türkmen topragynyň giň düzleriniň ruhuňy göterýän ajaýyp görnüşleri, onuň owadan ýaşyl ýaýlalary, belent daglary, altynsöw çägeli Garagum sährasy we gözüň ýagyny iýip barýan asman reňkli göm-gök Hazar deňzi görünýär.
Filmiň beýleki mowzuklaýyn ýordumlary türkmen halkynyň nesilden-nesle geçip gelýän asylly däpleri, milli dessurlary, mizemez durmuş ýörelgeleri hakynda gürrüň berýär. Şeýle hem ol tomaşaçylary türkmen binagärleriniň gaýtalanmajak sungatynyň we inçe zehininiň netijesi bolan Türkmenistanyň bütin dünýä meşhur bolan taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanyşdyrýar.
Şunuň bilen bir hatarda bu kinoeser hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we paýhasly ýolbaşçylygy astynda mähriban Diýarymyzy gurşap alan ägirt uly, il-ýurt bäbitli beýik özgertmeler hakynda gürrüň berýär. Şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan täze gurluşyklaryň, şol sanda paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik aýratynlyklarynyň ajaýyp görnüşleri ekranda ýaýbaňlandyrylýar. Ýakyn geljekde iri syýahatçylyk we dynç alyş merkezine öwrüljek Türkmenistanyň şypahana merjeni bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ak mermere beslenen kaşaň myhmanhanalary we sagaldyş merkezleri ekranda görnüp, tomaşaçylary haýrana goýýar.
Eli çeper ussat zenanlarymyzyň zehininden dörän, türkmen halkynyň milli guwanjy bolan şöhratly halylarymyz, ady rowaýata öwrülen, gözelligiň, çeýelligiň we kämilligiň nusgasy bolan ahalteke bedewler türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Ekranda “ganatly bedewlere” atlanan ot ýaly jigitler peýda bolýar. Asyrlar aşyp ählihalk dabaralarynyň bezegine öwrülen ajaýyp däp bolan at çapyşyklarynyň ekranda peýda bolmagy hiç kimi perwaýsyz goýmaýar. Milletiň tutuş taryhynyň dowamynda türkmeniň wepaly ýoldaşy, ak ýolda hemrasy bolan “behişdi bedewler” täze Galkynyş eýýamynda biziň halkymyzyň belent sepgitlere we rowaçlyklara bolan meýilleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Milletiň we tutuş adamzadyň buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli atçylyk pudagynyň ösdürilmeginiň we onuň gadymy şöhratly däpleriniň dowam etdirilmeginiň meselelerine aýratyn üns berýär. Şu ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabaralara döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagy hem-de milletiň Lideriniň özüniň at çapmakda ussatlygy bilen watandaşlarymyzy we daşary ýurtly myhmanlary haýran galdyran ýatdan çykmajak pursatlar filme girizilipdir.
3D tehnologiýasy esasynda döredilen film oňa tomaşa edenleri türkmen topragynyň täsin gözelligine aralaşmaga, türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhy bolan ajaýyp ruhy dünýäsini duýmaga mümkinçilik berýär. Onda şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda berkarar edilen täze taryhy eýýamyň belent döredijilik ruhy beýan edilýär.
Kino tomaşasy tamamlandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent binanyň eýwanynda daşary ýurtly ilçiler bilen söhbetdeş boldy we ýurdumyz üçin derwaýys bolan wakalara, ählihalk dabaralaryna işjeň gatnaşýandyklary üçin olara minnetdarlyk bildirdi. Bu hepde uly bir medeniýet baýramçylygynyň hepdesi boldy diýip bellemek bilen, milletiň Lideri medeniýet ulgamynyň döwletiň we jemgyýetiň üstünlikli ösüşinde möhüm ähmiýete eýe boldy diýip aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet adamzadyň tutuş taryhynda dünýäniň halklaryny birikdirýän möhüm ulgam bolup durýar diýip belledi.
Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan medeniýet ulgamynyň ösdürilmegi, halkyň ýaşaýyş derejesiniň maksadalaýyk ýokarlandyrylmagy üçin köp işler bitirilýär diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi. Şunlukda Türkmenistanda täze, halkara ülňülerine laýyk gelýän çagalar baglaryny, mekdeplerini, dynç alyş we sagaldyş merkezlerini, sport desgalaryny, dabara merkezlerini gurmak arkaly ösüp barýan ýaş nesliň sazlaşykly ösüşine uly üns berilýär. Şu gün paýtagtymyzda açylan täze ajaýyp kino toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutany belledi.
“Vinci Construction Grands Projets” kompaniýasyna paýtagtymyzda ilkinji desgany, “Aşgabat” kinoteatryny göwnejaý gurandygy üçin minnetdarlyk bildirip, fransiýaly hyzmatdaşlara netijeli gatnaşyklary yzygiderli dowam etdirmegi teklip etdi.
Soňra milletiň Lideri şu günki waka mynasybetli hormatly myhmanlar üçin niýetlenen Kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Döwlet Baştutanyny dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, olary, şeýle hem ähli aşgabatlylary dünýä derejesinde gurlan, täze ajaýyp kinoteatryň dabaraly açylyşy bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlady we bu ýerden ugrady.
referans: www.turkmenistan.com