15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Aşgabat ýolagçy otlusy ilkinji gezek Kerkiçi şäherçesine geldi.

Şanly senäniň – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününiň öňüsyrasynda möhüm waka bolup geçdi. Aşgabat – Türkmenabat- Atamyrat ýolagçy otlusy ilkinji gezek Amyderýanyň sag kenaryndaky Kerkiçi şäherçesine geldi. Bu ýeriniň ilaty otlyny dabaraly ýagdaýda we baýramçylyga mahsus äheňde garşylady. Demirýol menzilinde guralan dabarada çykyş edenler halkymyzyň eşretli durmuşyndan habar berýän şunuň ýaly oňaýlyk döwlet Baştutanynyň welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge berýän ünsi we ägirt uly aladasy netijesinde mümkin boldy diýip bellediler. Hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli gyzyklanmagy netijesinde ägirt uly inženerçilik desgasy bolan derýanyň sag kenaryny Türkmenistanyň bir bitewi demirýol ulgamyna birleşdirmäge mümkinçilik beren Atamyrat-Kerkiçi demirýol köprüsiniň gurluşygynyň depgininiň ýokarlanmagyny we onuň ulanmaga berilmegini şertlendirdi.

Şu pursatdan başlap ýük otlularynyň yzygiderli gatnawy ýola goýuldy. Täze köpriniň açylan iki ýyla golaý wagtyndan bäri bu ýerden halk hojalyk ýükleriniň-gurluşyk materiallarynyň, tehnikalarynyň, enjamlaryň, oba hojalyk önümleriniň, mineral dökünleriniň, ýangyç-ýaglaýjy materiallaryň ägirt uly mukdary daşaldy.

Ine indi bolsa bu köpriniň üsti bilen ýolagçy otlularyň gatnawy ýola goýuldy. Şu günden başlap Aşgabat-Türkmenabat-Kerkiçi otlusy bu ugur boýunça her gün hereket eder. Munuň Lebap welaýatynyň günorta günbatar künjeginiň sag kenaryndaky ilat üçin ägirt uly ähmiýeti bardyr. Ýolagçylar Kerkiçiden Türkmenabada, Aşgabada we beýleki ýerlere oňaýly we ýokary derejeli şertleri bolan otlularda gatnarlar.Lebaplylar bu gymmatly sowgat üçin milli Liderimeze tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar we döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, türkmen halkynyň we Garaşsyz Watanymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan ýadawsyz işlerinde uly üstünlik arzuw etdiler.

Şu gün bolsa täze ugur boýunça hereket etdýän ýolagçy otlusy Aşgabada gaýdyp geldi. Onuň ähli amatlyklary bolan döwrebap wagonlarynda gelen adamlar täze Galkynyş eýýamynda döredilýän oňaýly şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, halkymyzyň agzybirlikde belleýän şanly senesi biziň üçin goşa toýa öwrüldi diýip nygtadylar. Paýtagtymyzyň demirýol menziline gelip düşen ýolagçylar Kerkiçi şäherinden Aşgabada çenli bolan aralygy ähli amatlyklary bolan ýagty wagonlarda dynç alyp geçirilendiklerini guwanç bilen bellediler. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Garagumda Täze Gaz Käni Açyldy

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Döwlet Haryt Çig Mal Biržasy

syrach