Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda dostlukly ýurduň žiwopis eserleriniň we amaly-haşam sungatynyň sergisi açyldy. Onda goýlan işler aşgabatlylara eýran sungatynyň döredijilik mirasy we häzirki ýörelgeleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde özboluşly grafiki eserler, zergärçilik önümleri, dünýä belli pars halylary, häzirki zaman çaphana neşirleri, elde ýasalan üýtgeşik gap-gaçlar, nepis ýag çyralar,sandyklar we beýlekiler bar.
Sergidäki işleriň aglabasyEýranyň günorta –günbatarynda ýerleşýän gadymy Şiraz şäheriniň ussatlarynyň el hünäridir. Ol Sagdydyr Hafya ýaly tanyma şahyrlaryň watanydyr, „ussalar şäheridir“. Şirazyň ýukajyk aýnadan ýasalyp, altyn çaýylan bezegli ajaýyp ýag çyralary- durmuş gurýan her bir eýranly gyzyň bukjasynda bolýandyr. Serginiň bu bölüminde toý-märekelerde ulanylýan aýna çaý esbaplary goýlupdyr.
Stoljagazyň üstünde ýaýrap ýatan toýundan bişirilip şeýle bir meňzeilip ýasalan nar däneleriniň gapdalynda kinniwanja keramiki guşlar bar. Olar eýranlylar üçin däp bolup galan zatlardyr. Olar öýe rysgal getirýr diýilip ynanylýar, şonuň üçinem Nowruz baýramynda birek-birege sowgat berilýär.
Bu ýerde goýlan gurjaklara göçegçi awşar taýpasynyň milli egin-eşigi geýdirilipdir. Boldan biçilýän köýnekler, altyn sapaklar bilen keşdelenen gursakçalar dabaralarda, aýratynam toýlarda geýilýän eşiklerrdir. Gyzjagazlar üçin giň yştanly kelteräk köýnekler tikilýär.
Serginiň iki bölüminde metalkeramiki ýalpakgaplar goýlupdyr. Olaryň bir böleginde şirazly, beýlekisinde yspyhanly ussalaryň el hünäri bar. Taýýarlanylyşynyň birmeňzeşligine garamazdan olar bezeg tilsimleri bilen tapawulanýarlar, ýöne iki toplumda-da gök we mawy reňkler agdyklyk edýär. Olaryň gözelligi ýaýylyp duran tawus guýrgyny ýada salýar.
Yspyhanly ussalaryň elinden çykan aýna çyradanlar, iki sany bulgur we waza ünsüňi özüne çekýär. Olar durmuş ähmiýetli bolman, öýlerde bezeg hökmünde ulanylýar. Sergide nepis pars halylarynyň we haly önümleriniň köp görnüşi goýlupdyr.
Çaphana önümleri-de bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Olaryň birinde Eýranyň iri şäherleriniň döreýşi we ösüşi barada gürrüň berýän ýalpyldyly neşirleriň 15-si bar. Bu ýurduň gözel ýerleriniň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň seýrek duşýan görnüşleriniň suraty ýerleşdirilen albom Eýranyň tebigaty bilen tanyşdyrýar. Aşgabatlylar olara syn edip, diňe bir bu ýurduň tebigaty däl, eýsem eýranly surat ussatlarynyň sungaty bilen-de tanyşdylar.
Serginiň çeper edebiýat bölüminde Magtymgulynyň şygyrlarynyň iki jilti, „Mollanepes“ we „Hezreti Sarags baba“ kitaplary goýlup, olar tomaşaçylaryň islegli ýerine öwrüldi. „Abu Ali ibn Sina“ atly iki jiltlik kitapda Gündogar genisiniň filosofiýa, kesgitlemelere, etika degişli eserleri ýerleşdirilipdir. Kitaplar iki dostana halkyň taryhy-ruhy umumylygynyň beýany boldy.
Sergä gelenler oňa mynasyp baha berdiler-Gündogaryň nepis we özboluşly sungatynyň nusgalary olarda uly täsir galdyrdy.