Türkmenistanda Ylymlar güni giňden bellnilýär we bu baýramçylyk ýurdumyzyň we jemgyýetiň ruhy we intellektual ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny dabaralandyrmak maksady bilen, 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyryldy. Şu gün türkmen paýtagtynda öz işini tamamlaýan “Täze Galkynyşlar zamanasynda ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly Halkara sergi we ylmy maslahat bu baýramçylyga bagyşlanan möhüm ähmiýetli wakalara öwrüldi. Halkara forum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we howandarlyk etmeginde geçirildi. Onuň ýapylyş dabarasy Türkmenistanyň Sergi merkeziniň mejlisler jaýynda bolup geçdi. Halkara derejesindäki bu uly möçberli çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Söwda –senagat edarasy tarapyndan bilelikde guraldy we geçirildi.
Ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen garşyladylar. Şonda döwlet Baştutany: “Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ylym durmuşdan, dünýäniň ylmy-tehniki ösüşinden asla yza galmaz. Ol elmydama ösüşde we özgerişde bolar, alymlarymyzyň ylmy açyşlary we oýlap tapyşlary bütin adamzada, dünýäniň parahatçylygyna we asudalygyna hyzmat eder” diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sözleri ygtybarly binýada esaslanýar. Munuň özi türkmen alymlarynyň ylmy-barlaglaryna kadalaşdyryjy hukuk namalar we maliýe taýdan goldaw berilmeginde, ýaşlaryň bilim derejesiniň, ylmy dünýägaraýyşlarynyň we intellektual mümkinçilikleriniň ösdürilmeginde, ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginde öz beýanyny tapýar. Şu halkara forum hem hut şuňa gönükdirildi. Bu çäre ýurdumyzyň ylym boýunça örän uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygyny we şol mümkinçiliklerden peýdalanmagyň has oňaýly ugurlaryny aýdyň görkezdi hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlaryny, ylmy we halkara guramalary bilen ylym, tehnika hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine degerli ýardam berdi.
Sergä eksponentleriň 100-den gowragy, şol sanda daşary ýurt kompaniýalary, iri ylmy merkezleriň wekilhanalary, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akalemiýasynyň ylmy-barlag institutlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri, pudaklaýyn ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň düzümine girýän kärhanalar we müdirlikler gatnaşdylar.
Sergi merkeziniň giň pawilonlarynda ylmy-barlag institutlary we ABŞ, Russiýa, Germaniýa, Gollandiýa, Şweýsariýa, Hytaý, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Siriýa, Polşa, Ukraina, Belarus, Özbegistan ýaly ýurtlaryň belli kompaniýalary nanotehnologiýalar, kompýuter, multimediýa, maglumatlar tehnologiýalary we kommunikasiýalar, dürli görnüşdäki döwrebap enjamlary öndürmek we ýetirmek boýunça öz gazananlary, teklipleri we nou-haulary bilen tanyşdyrdylar. Bu ýerde türkmen bazarynda eýýäm üstünlikli işläp ýören hem-de uzak möhletleýin esasda Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna içgin gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar öz mümkinçilikleri we teklipleri bilen tanyşdyrdylar.
Üç günüň dowamynda bu uly möçberli sergä aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi gelip gördüler. Olara ylmyň we tehnikanyň häzirki gazananlary, ýurdumyzyň alymlarynyň Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň, şol sanda energetika we himiýa senagatynyň, oba hojalygynyň, elektronikanyň, gurluşyk senagatynyň, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň ösüşine goşýan goşandy barada gürrüň berildi. Şeýle hem sergide ýurdumyzyň esasan ylma daýanýan tehnologiýalary ösdürmek, durmuş we gumanitar ulgamlar boýunça gazananlary bilen tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň, kärhanalarynyň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşyk etmäge isleg bildirýän hyzmatdaşlar bilen duşuşyklary serginiň işiniň esasy netijesine öwrüldi. Şol duşuşyklaryň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän we hyzmatdaşlyk edip boljak ugurlar anyk kesgitlendi.
Ylma we innowasiýalara degişli meseleler boýunça bu halkara maslahatyna gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzüminiň ozalky forumlara garanyňda has giňelendigini aýtmak gerek. Şu gezekki duşuşyga dünýäniň 40-a golaý ýurtlarynyň hünärmenleri, şol sanda milli ylymlar akademiýalarynyň, ylmy-barlag edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, häzirki zaman ylmynyň dürli ugurlary boýunça tanymal alymlar ýygnandylar.
Halkara ylmy maslahatyň işiniň barşynda oňa gatnaşyjylar umumy mejlisde we bölümleriň 7-sinde energetika, himiýa senagaty, ýangyç-energetika toplumy we oba senagat toplumy, lukmançylyk we dermanlyk serişdelerini öndürmek, maglumatlar we telearagatnaşyk ulgamlary boýunça iň täze tehnologiýalary ösdürmegiň we ornaşdyrmagyň ylmy esaslaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem alymlar ekologiýa we tebigy serişdeleriň rejeli ulanylmagyna, ykdysady ösüşe, halkara hyzmatdaşlygyna we hukuga, ylmy-tehniki ösüş bilen baglylykda gumanitar ylymlara degişli meselelere garadylar. Çykyşlaryň köpüsinde Türkmenistanda serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary ösdürmek, hususan-da ýurdumyzyň halk hojalygynda energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmak bilen bagly mesele barada durlup geçildi.
Alymlar häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ýaşaýşyň esasy ugur edinilmegi ýurdumyzy ösüşiň täze derejelerine ýetirip biljek, garaşsyz türkmen döwletiniň köp ugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagyny hem-de ýurdumyzyň dünýädäki ölçegleriň ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyny üpjün etjek ýagdaý bolup durýandygyny bellediler. Çykyş edenler bu ideýany amala aşyrmagyň mehanizminiň we umuman, häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşiniň Türkmenistanyň Lideri tarapyndan öňe sürlen we täze Galkynyş eýýamynyň esasy şygaryna öwrülen “Döwlet—adam üçindir!” diýen sözlerde jemlenendigini bellediler. Maslahata gatnaşyjylar netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de hemme taraplaýyn ösdürilmegine we çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassyklap, ösüş boýunça milli maksatnamalarda ileri tutulýan ugurlar bilen baglylykda, şol hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar.
Ylmy maslahatyň bölümler boýunça işi ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň mejlisler zalynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynda, şeýle hem paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde geçirildi. Munuň özi bu wekilçilikli ylmy maslahata talyp ýaşlaryň hem içgin gatnaşmagyna degerli ýardam berdi. Ýeri gelende aýtsak, myhmanlar her ýylda däp boýunça Ylymlar gününiň öňüsyrasynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna hem gatnaşdylar.
Ylmy forumyň jemleýji mejlisinde bölümleriň işiniň netijelerine garaldy. Halkara sergisine gatnaşyjylara diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy. Ýygnananlar şu gezekki halkara maslahatyň we serginiň öz bilimlerini we türkmen alymlarynyň gazananlary baradaky düşünjelerini has-da giňeltmek bilen çäklenmän, halkara ylmy gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berendigini biragyzdan bellediler.
“Beýik Galkynyşlar zamanasynda ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylar hem-de guramaçylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda forumyň ýokary guramaçylyk derejesi barada hoşallyk bildirilip, onuň maglumatlar alyşmaga we işewür gatnaşyklary ýola goýmaga zerur şertleri döredendigi bellenilýär
Agşam “Altyn asyr” seýilgähinde aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda uly baýramçylyk konserti boldy.
referans: www.turkmenistan.gov.tm