9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT TEHNOLOGİÝA

Aşgabatda Uz-Daewoo Kysymly Ulaglaryň Dowamy Bolan Täze Kysymly Ravon Awtomobilleriniň Tanyşdyrylyşy Geçirildi

Aşgabatda Uz-Daewoo Kysymly Ulaglaryň Dowamy Bolan Täze Kysymly Ravon Awtomobilleriniň Tanyşdyrylyşy Geçirildi

Paýtagtymyzda Uz-Daewoo kysymly ulaglaryň dowamy bolan täze kysymly Ravon awtomobilleriniň tanyşdyrylyşy boldy. Bu çäre “UzAwtoSanoat” paýdarlar kompaniýasy we Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Türkmenistan” döwlet söwda merkezi bilen bilelikdäki döredilen “Turkmen-UzAWTO” hojalyk jemgyýeti tarapyndan guraldy.

Oňa dürli kysymly awtomobilleri öndürýän zawodlaryň birnäçesiniň resmi wekilleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda ýeňil awtomobilleri çykarýan “Jeneral Motors Uzbekistan” («GM Uzbekistan») paýdarlar jemgyýeti, ISUZU kysymly awtobuslary hem-de orta ýük göterijiligi bolan ýük ulaglary öndürmäge ýöriteleşen “SamAwto” Jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet, MAN kysymly ýük ulaglaryny, ýörite tehnikalary we tirkegleri öndürmek boýunça bilelikdäki özbek-nemes kärhanasy we beýlekiler bar.

Şeýle hem bu ýere ýurdumyzyň pudak düzümleriniň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, köpsanly awtomobil söýüjiler ýygnandylar.

Bu çärä gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, goňşy halkyň taryhy taýdan emele gelen ruhy we medeni umumylygy, iki ýurduň hem doly möçberli hyzmatdaşlyga ygrarlylygy däp bolan dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ygtybarly esasy bolup çykyş edýär. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklar hil taýdan täze mazmuna eýe bolup, uly kuwwaty bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga pugta binýat döretdi. Şunuň bilen baglylykda, täze pikirleriň, hyzmatdaşlyk etmegiň täzeçil usullarynyň, diňe bir däp bolan pudaklaryň däl, eýsem-de, öňdebaryjy usullara we tehnologiýalara esaslanan häzirki zaman nusgalary hem herekete getirmegiň zerurdygy bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga tarap ugur alyp, täze ýokary tehnologik önümçilikleri döretmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýar, esasy gorlaryny döwrebaplaşdyrýar hem-de menejmentiň, marketingiň, nou-haunyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly kärhanalary tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmakdan ugur alýar. Şunda daşary ýurtlaryň oňyn tejribesiniň öwrenilmegine hem-de türkmen ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara alyp, olaryň peýdalanylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Bu gün Özbegistan Respublikasynyň awtomobil gurluşyk senagaty ýokary tehnologiýaly pudak bolup, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň we enjamlarynyň ýerli işgärler we çig mal mümkinçiligi bilen utgaşmagynyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

Özbek hyzmatdaşlary Türkmenistanda bu çäräni guramaga gyzyklanma bildirip, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň, ýurdumyzyň awtomobil ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan pudagy ösdürmek strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyndan ugur aldylar. Şoňa görä-de, ulaglara, şol sanda awtomobil ulaglaryna howpsuzlyk we ygtybarlylyk boýunça aýratyn ýokary talaplar bildirilýär.

Öndürijiniň tassyklamagyna görä, şu ýerde görkezilýän Ravon kysymly täze ulaglar dünýä derejesinde bildirilýän ölçeglerine kybap gelýär—olar sowadyjylar, ruluň güýçlendirijileri bilen enjamlaşdyrylandyr, örän tygşytlydyr hem-de ekologiýa talaplaryna laýyk gelýär.

Özbek dilinde “rewon” diýmek “ýagty, arassa, tekiz ýol” ýa-da “ýeňil ýol” diýmegi aňladýar. Bazarda bu täze ulagyň üstünligi hyzmat etmegiň ýokary ölçegleriniň hasabyna kemala gelýär we munuň özi awtomobilleri halaýan hem-de ulaglardan başy çykýan adamlar üçin ajaýyp önümdir. Satyn alyjylaryň arasynda öz harydynyň üstünlige beslenjekdigine ynanýan öndüriji kompaniýanyň wekili onuň kysymynyň hatarlaryny giňeltmegiň üstünde işleriň dowam etjekdigine ynandyrdy.

Bu gün ulaglaryň Ravon Gentra, Ravon Nexia R3 we Ravon R4 kysymlary, mundan başga-da, ýörite gurnalan meýdançada Özbegistanda çykarylýan awtoulag serişdeleriniň dürli görnüşleriniň nusgalary görkezildi. Çärä gatnaşyjylar tehnikalaryň dürli görnüşleri, şol sanda oba hojalygy, gurluşyk işleri, jemagat gulluklary üçin niýetlenen tehnikalar bilen tanyşdylar. Bu ýerde dürli kysymly awtomobilleriň nusgalary görkezildi. Gurluşyk işlerine niýetlenen ulaglaryň arasynda MAN kysymly tehnikalar—uly ýük göteriji awtomobiller, beton garyjylar we beýlekiler bar.

Mälim bolşy ýaly, häzir Türkmenistanda şäherlerde we obalarda arassaçylygy hem-de ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ýere ýygnananlar Jemagat hojalygynyň gulluklary üçin tehnikalaryň nusgalaryna, şol sanda gyşyna gary aýyrmaga hem-de ýola çäge sepmäge, ýylyň islendik döwründe ýollary arassalamaga we ýuwmaga niýetlenen utgaşdyrylan ulaglara gyzyklanma bildirdiler.

Oba hojalyk tehnikasy—däne orujy kombaýn, köp işlerde ulanmaga niýetlenen traktorlar, pagta ýygyjy kombaýnlar, ekijiler, pürküjiler we beýlekiler bu ýere ýygnananlarda gyzyklanma döretdi. Sergide ýük awtoulaglary, ISUZU kysymly awtobuslar hem-de kiçi, şol sanda bagçylyk we öý hojalygy üçin niýetlenen tehnikalaryň nusgalary hem görkezildi.

Çäre tamamlanandan soň, türkmen we özbek artistleriniň çykyşlary boldy.

Degişli makalalar

İstanbul’da İkamet İzni Başvurusunda Bulunan Yabancıların Durumuna İlişkin Açıklama

turkmenhabargullugy

Döwlet Muzeýiniň Guran Sergisi Guşlara Bagyşlanýar

Özbek Bilermeni Kartoşkanyň Agrotehnikasynyň Nowasiýalary Barada Gürrüň Berdi