Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndysy Ýaponiýadan gaýdyp geldi. Ýakynda şol ýerde VIII gyşky Aziýa oýunlary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, biziň ildeşlerimiz şeýle wekilçilikli toplumlaýyn ýaryşlarda ilkinji gezek çykyş edip, ikinji dewiziona gatnaşyjylaryň arasynda “kiçi” altyn medala mynasyp boldular.
Oýunlaryň toparlaýyn tapgyrynda türkmen hokkeýçileri Malaýziýanyň (9:2), Hytaýyň Makaosynyň (16:0) we Indoneziýanyň (12:2) toparlaryndan üstün çykmagy başardylar. Bu ýeňişler Baýram Allaýarowyň şägirtlerine finalda çykyş etmäge mümkinçilik berdi. Final duşuşygynda biziň hokkeýçilerimiz Gyrgyzystanyň ýygyndysyny 7:3 hasabynda ýeňmegi başardy. Eýran Yslam Respublikasynyň türgenleri bilen ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda biziň ýygyndymyz 13 hokkeý topuny geçirmegi başaryp, uly hasap bilen ýeňiş gazandy. Öz derwezelerine bolsa bary-ýogy 2 hokkeý topuny goýberdi.
Biziň toparymyzyň düzüminde hüjümçi Baýmyrat Baýmyradow 6 hokkeý topuny geçirmegi başardy. Ahmet Gurbanow (kapitan), Pawel Barkowskiý, Döwlet Söýünow, Ezizmuhammet Akmuhammedow we Ýakut Berdiýew ýaly oýunçylaryň her biri 5 hokkeý topuny geçirdi. Maksat Ataýew, Meýlis Kulyýew we Aleksandr Wahowskiý 4 hokkeý topuny öz hasabyna ýazmagy başardylar. Dmitriý Sawin we Döwlet Hydyrow ýaly oýunçylaryň her biri 3 hokkeý topuny geçirmegiň hötdesinden geldi. Aman Aganyýazow hem-de Işan Weleýew iki gezekden tapawutlandylar, Nurmuhammet Nuryýew bilen Ewald Gaýer garşydaşlaryň derwezesine bir hokkeý topuny geçirmegi başardylar.
Paýtagtymyzyň esasy toparlarynyň dördüsiniň oýunçylaryndan (“Galkan”, “Şir”, “Oguzhan” we “Nesil”) düzülen Türkmenistanyň ýygyndysy indi öňümizdäki aýda Kuweýtde geçiriljek Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara taýýarlyk görýär. Oýunlaryň toparlaýyn tapgyrynda biziň ildeşlerimiz ýene-de Hytaýyň Makaosyndan bolan hokkeýçiler bilen duşuşarlar. Mundan başga-da, olar Filippinleriň, Omanyň, Kataryň, Hindistanyň toparlary bilen güýç synanyşarlar.
Türkmenistanyň çempionatynyň 6-njy martda Aşgabadyň buzly meýdançalarynda badalga aljak oýunlary taýýarlygyň oňat tapgyry bolar. Ýaryşlara sekiz topar – “Galkanyň” birinji we ikinji düzümleri, “Şir”, “Nesil”, “Oguzhan”, “Merdana”, “Watançy” we “Alp Arslan” toparlary gatnaşar. Ýeňiji hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolanlar maý aýynyň ikinji ongünlüginde belli bolar.