17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Aziýa ugry: strategiki hyzmatdaşlyk ösüşiň täze tapgyryna çykýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary başlanýar. Saparyň esasy maksady netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň nobatdaky tapgyrynyň jemini jemlemekden, syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň ähli toplumyny ara alyp maslahatlaşmakdan, şeýle hem türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň täze tapgyrynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekden ybaratdyr.

Eger soňky ýyllarda iki döwletiň liderleriniň duşuşyklarynyň senenamasyna ser salsaň, şonda ýokary derejedäki saparlary alyşmagyň we gepleşikleri geçirmegiň depgininiň ýokarydygyny äşgär göz öňünde getirmek mümkindir. Mysal üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna 2007-nji ýylyň iýulyndaky döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy, şonda hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze jähetleri kesgitlenildi. 2008-nji ýylyň awgustynda HHR-yň Başlygy Hu Szintaonyň Türkmenistana resmi sapar bilen geldi, ol mundan birneme öňräk türkmen Lideri tomusky XXIX Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Pekine sapary mahalynda iki döwletleriň baştutanlarynyň geçiren gepleşikleriniň dowamy boldy. 2009-njy ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde iki ýurduň ýolbaşçylarynyň geçiren gepleşikleriniň hem uly ähmiýeti bardyr. 2009-njy ýylyň dekabrynda HHR-yň Başlygy Hu Çzintao ýene-de sapar bilen Türkmenistana geldi we şondan birnäçe aý geçenden soň—2010-njy ýylyň ýazynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň

HHR-e sapary boldy, şonuň çäklerinde türkmen Lideri Bütindünýä “EKSPO-2010” Şanhaý sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ine ýokary derejedäki ýene-de bir duşuşyk ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmäge täzeçe çemeleşmeleriň, taraplaryň meýilleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge we özara gatnaşyklary täze ugurlar bilen anyk baýlaşdyrmaga isleg bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu saparyň öňüsyrasynda iri hytaý habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri bilen bolan duşuşygynda aýdyşy ýaly: “Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasyny wajyp hem-de ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar we bu yurt bilen diňe bir taryhy kökleri gadymyýete uzap gidýän we Beýik Ýüpek ýoly döwürlerinde has-da berkän köpasyrlyk taryhy dostluk gatnaşyklary däl, eýsem, bilelikde durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalar baglanyşdyrýar”. Olaryň hatarynda Ýewraziýada iri energetika ugrunyň – Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy bar, ol döwletara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösmeginiň aýdyň tassyklanmasy boldy, ol diňe bir iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, giň möçberde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň aýrylmaz şerti bolup durýar.

Hakykatdan hem häzirki zaman anyk geosyýasy ýagdaýlarda, haçan-da, Türkmenistanyň we Hytaýyň Aziýa sebitinde we dünýä derejesinde orny gyşarnyksyz artýan mahaly, biziň ýurdumyz bolsa giň möçberli ykdysadyýete goşulyşýar, döwletara türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny sazlaşykly ösdürmegiň ähmiýeti äşgär bolýar. Bu babatda hem Türkmenistan we Hytaý diňe bir öz bähbitlerini däl, eýsem, hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini okgunly durmuşa geçirmäge oýlanyşykly, jogapkärli hem-de pragmatiki çemeleşmäni hem görkezýärler.

Halkara meseleleriniň giň topary boýunça nukdaýnazarlaryň gabat gelmegi we halkara guramalarynda birek-biregi goldamagy Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikňasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli bolmagynyň möhüm pursatydyr. Türkmenistan we Hytaý BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalarynyň esasynda köpugurly dünýäni döretmek, halkara gatnaşyklarynyň täze tertibini kemala getirmek ugrunda, halkara işlerinde BMG-niň esasy ornuny güýçlendirmek ugrunda hem-de jedelleri düzgünleşdirmegiň diňe parahatçylykly ýoluny we diplomatiki usullaryny ulanmak barada çykyş edip, halkara dawalaryny çözmegiň güýç ulanylýan usullaryna garşy bolýar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar ýurtlaryň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň beýany bolup durýar, olaryň işjeňligi hyzmatdaşlygyň uzak möhletli hem-de strategiki häsiýetleri bilen şertlenendir. Işjeň özgertmeler döwrüni başdan geçirýän taraplaryň her biriniň ykdysady ösüş ugrunyň çalymdaşlygy bu babatda oňyn täsir edýär. Olaryň umumy ugra gönükdirilmegi dürli milli aýratynlyklar mahaly yzygiderli, ewolýusion häsiýete eýe bolan hojalygy ýöretmegiň bazar şertlerine tapgyrma-tapgyr geçmek bolup durýar.

Hytaý Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridir, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möçberi soňky ýyllarda ep-esli artdy we oňyn depginini saklanyp galýar. Hyzmatdaşlygyň bu tarapyny işjeňleşdirmek maksady bilen, hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komiteti döredildi. Şu ýylyň sentýabrynda bolsa energetika hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý kiçi komitetiniň birinji mejlisi Aşgabatda geçirildi.

Häzirki wagtda hytaý kompaniýalary ýangyç energetika toplumy, ulag hem-de aragatnaşyk, oba hojalygy, dokma, himiýa we azyk senagaty pudaklary, derman öndürmek hem-de gurluşyk ýaly ugurlara degişli Türkmenistanyň iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzda hytaý maýasynyň gatnaşmagy bilen kärhanalaryň onlarçasy işleýär.

Uly kadalaşdyryjy hukuk binýady şeýle netijeli gatnaşyklaryň esasy boldy, ol häzirki wagtda döwletara, hökümetara we pudagara derejesinde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň tutuş tapgyryny özünde jemleýär. Aşgabatda we Pekinde iki ýurduň ilçihanalary işleýär, awiagatnawlar ýola goýuldy, türkmen talyplary HHR-yň ýokary okuw mekdeplerinde okaýarlar. Iki doganlyk halklaryň arasyndaky taryhy-medeni gatnaşyklar işjeň ösdürilýär.

Jemläp alnanda bu ýagldaýlaryň hemmesi türkmen Lideriniň Hytaýa nobatdaky sapary dostlukly döwletleriň köpugurly özara gatnaşyklary ösdürmäge düýpli täze, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän çemeleşmesiniň beýany bolar diýip doly derejede tassyklamaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikňasynda bolmagyň baý maksatnamasynyň çäklerinde Pekinde HHR-yň Başlygy Hu Çzintao we dostlukly ýurduň beýleki ýolbaşçylary bilen duşuşar. Ýokary derejede hem türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň öz Hytaý hyzmatdaşlary bilen ykdysady hyzmatdagşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak saparyň esasy meseleleriniň biri bolar.

Ikitaraplaýyn hökümet gepleşikleriniň jemi boýunça döwletara resminamalarynyň tapgyryna gol çekilmegine garaşylýar, olar hyzmatdaşlyga has giň görnüş we işjeň häsiýet berer, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda özara gatnaşyklaryň täze usullaryny berkider.

Döwlet Baştutany HHR-a saparynyň dowamynda ýörite ykdysady zolak bolan Şençžen şäherine we oňa goňşuçylykdaky HHR-yň ýörite dolandyryş etraby bolan Gonkonga baryp görer, şol ýerlerde türkmen Lideriniň bu ýurduň resmi wekilleri we işewürleri bilen duşuşmagyna garaşylýar. Mundan başga hem türkmen wekiliýetiniň köp sanly agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparyna bagyşlanylan bilelikdäki çäreleriň birnäçesine gatnaşarlar, olaryň hatarynda türkmen Lideriniň hytaý dilinde neşir edilen kitaplarynyň tanyşdyrylyşy, türkmen-hytaý işewür forumy we beýleki wakalar bar. Şol günler Pekinde

Türkmenistanyň amaly-bezeg sungatynyň eserleriniň sergisi we biziň ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary geçiriler.

Şeýlelikde, milli Liderimiziň Türkmenistanyň resmi wekiliýetine baştutanlyk edip HHR-e sapary diňe bir özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda täze möhüm ädim bolmak bilen bir hatarda, eýsem, iki halklaryň ruhy taýdan ýakynlaşmagyna, gumanitar gatnaşyklary ýola goýmaga we türkmen medeniýetini dünýäde wagyz etmäge hem hyzmat eder.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

26 Haziran 2020 Tarihinde Türkmenabat’tan İstanbul’a Düzenlenecek Özel Uçak Seferine Ilişkin Duyuru

Birža Täzelikleri

Çet ýurt dilli kino berilýän Oskar ugrunda 71 ýurt

syrach