9.9 C
Aşkabat
25.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Zenanlar Güni Mynasybetli Gutlagy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Zenanlar Güni Mynasybetli Gutlagy

Eziz eneler!
Mähriban gelin-gyzlar!

Sizi joşgunly baharyň gül açýan – tebigatyň lälezar görnüşe dolup, dag-derelerimiziň gül-güläleklere beslenýän, Hydyr gören çöllerimiziň heýjana gelip, kalplarymyzy joşa getirýän ajaýyp paslynda dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň her biriňiziň durmuşyňyzyň mylaýym bahar pasly ýaly elmydama owadan we nurana bolmagyny, berk jan saglygyny, maşgala ojaklaryňyzyň abadançylygyny we bagtyýarlygy arzuw edýärin!

Halkymyzyň «Zenan begense, Zemin begener» diýen ajaýyp pähimi bar. Siziň şatlygyňyz, Siziň begenjiňiz ýurdumyzyň abatlygydyr, abadanlygydyr. Siziň ýylgyryşyňyz ulus-ilimiziň egsilmez bagtyýarlygydyr. Nurana baharlar sizden görk alandyr.

Şirinden-şirin aýdym-sazlar sizden owaz alandyr. Sizde bu ajaýyp tebigatyň ähli gözelligi jemlenendir. Gözümiziň guwanjy, edep-ekramly gyzlarymyz halkymyzyň buýsanjydyr. Öý-ojagyna wepaly gelinler buýsanç baýdagydyr!

Şonuň üçinem, biz mähriban enelerimiziň, bägül kimin gelin-gyzlarymyzyň sarpasyny hemişe belent tutýarys. Sizi ýaşaýşyň gözbaşyna, durmuşymyzyň bezegine deňeýäris. Sebäbi, bu dünýäniň päkligi hemişe siziň kalbyňyzdadyr. Biziň ähli maksatlarymyz, amala aşyrýan işlerimiz ýurdumyzda abadan, bolelin we parahat durmuşy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Asuda durmuş bolsa, ähli eneleriň köňül arzuwydyr, maksat-myradydyr.

Zenanlar öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy bolmak bilen bir hatarda, ähli ugurlarda yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzy özgertmäge hem mynasyp goşant goşýarlar. Siziň baý ruhy dünýäňiz, köňül gözelligiňiz ajaýyp şygryýetde, inçe sungatda has-da aýdyň beýanyny tapýar.

Siziň döredýän eserleriňiz kalbymyzy joşa getirip, ýaşaýşa hyjuwymyzy has-da artdyrýar. Siziň şygyrlaryňyzda dagdan şaglap inen çeşmeleriň şirinligi, lälezar sähralarda açylan gülleriň gözelligi bar. Siziň hoş owazly aýdymlaryňyzda döwrüň belent owazy bar. Joşgunly derýalaryň öz kenarlaryny gözellige besleýşi ýaly, siziň döredýän eserleriňiz durmuşymyzy özelleşdirýär. Ylhamyňyz hemişe joşup dursun!

Aslynda, iň beýik şahyrlar enelerdir. Iň beýik aýdymçylar hem enelerdir. Olar hoş owazly hüwdüleri bilen nesilleri terbiýeleýärler, perzentleriniň gursagyna iň gowy duýgulary guýýarlar.

Ene kalbynyň päkligi, mähremligi biziň dünýämizi, öý-ojagymyzy nurlandyrýar. Şoňa görä-de, mukaddeslik hökmünde hormatlap, biz eziz enelerimizi Käbä deňeýäris.

Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň şeýle ajaýyp setirleri bar:

«Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,

Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa…»

Mähriban eneler, hormatly gelin-gyzlar!

Berkarar döwletimiz mundan beýlägem hemişe siziň sarpaňyzy belent tutar!

Ýüzüňiz hemişe bahar gülleri ýaly gülüp dursun!

Kalbyňyz hemişe derýa kimin joşgunly bolsun!

Durmuşyňyz ýaz ýaly owadan we gözel bolsun!

Sizi bahar paslynda bellenýän Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Degişli makalalar

Geçmiş Hakyndaky Taryh Gelejegiň Hatyrasyna

syrach

Bäsleşik Hakynda

Bildiriş