Ýurdumyzyň pagtaçylary hasyl tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Ata Watanymyzyň döwlet harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak “ak altyny” tabşyryldy.
Türkmen pagtaçylarynyň bu zähmet ýeňşi täze Galkynyş eýýamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň oba senagat toplumynda uly möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýän subutnamalaryň biridir. Esasy oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagy oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň döwlet strategiýasynyň esasy ugurlaryň biri bolup durýar, şol strategiýanyň amala aşyrylmagy netijesinde gowaçany ösdürip ýetişdirmek ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň we daýhanlaryň maliýe taýdan maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmagyň möhüm ähmiýetli çeşmesine öwrüldi. Milletiň Lideriniň oba hojalygyna degişli syýasatyň çäklerinde pagtaçylygyň yzygiderli ösdürilmegine, şol sanda bu pudagyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de hojalygy ýöretmekde ulanylýan usullaryň kämilleşdirilmegine gönükdirilen netijeli ädimler ädilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2011-nji ýyldan başlap, ýurdumyzyň pagtaçylary üçin, öz garamagyna görä, bellenilen tabşyrykdan artyk öndürilen pagtany senagat taýdan gaýtadan işlemek arkaly alnan süýümi, übtügi we beýlekileri özbaşdak ýa-da “Ak altyn” pagta söwda kärhanasynyň üsti bilen, Türkmenistanyň döwlet haryt—çig mal biržasynda içerki we daşarky sarp edijilere, ýa-da döwlet satyn alnyş nyrhlary boýunça “Türkmenpagta” Döwlet konsersine satmaga mümkinçilik döredildi. Munuň özi öndürijilikli işlenmegine höwes döredýän ýagdaýlaryň birine öwrüldi, çünki girdejileriň we pudaga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberleriniň ýokarlanmagy degişlilikde, daýhanlaryň has ýokary hasyly ösdürip ýetişdirmek babatdaky gyzyklanmasynyň artmagyna öz täsirini ýetirer.
Şu ýylda bu gymmatly, tehniki ekin üçin bölünip berlen 550 müň gektar ýerde ýurdumyzyň pagtaçylary ilkinji nobatda, “ak altynyň” dürli welaýatlaryň toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän sortlarynyň ösdürilip ýetişdirilmegini ugur edindiler. Şolaryň arasynda gowaçanyň orta süýümli “Ýolöten—7”, “133”, “149F”, “S—4727”, “Daşoguz—120”, “Serdar” we “S-2606” sortlary, şeýle hem inçe süýümli “9871—I”, “9946—I”, “Ýolöten—14”, “Ýolöten—32” sortlary bar.
Şu pagta möwsüminde “Türkmenobahyzmat” Assosiasiýasynyň 600-e golaý kombaýnlary—ýokary öndürijilikli “Jon Dir” we “Keýs” kysymly pagta ýygyjy maşynlary, beýleki tehnika ulanyldy. Ýerlerde pagtanyň bökdençsiz ýygnalmagy üçin, ulanylýan tehnika gije-gündiziň dowamynda tehniki we serwis hyzmatlary guraldy, şeýle hem mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygýanlaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri we göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertler döredildi.
Täze hasyl her günde kabul ediş nokatlarynyň 157-sinde kabul edildi we ýurdumyzdaky pagta arassalaýjy zawodlaryň 36-synda gaýtadan işlemäge ugradylýar.
Ýeri gelende aýtsak, pagtaçylaryň bu zähmet üstünligi täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba adamlary, pagtaçylyk pudagyny we ata Watanymyzda tutuş oba hojalygyny ösdürmek barada edýän ýadawsyz aladasyna mynasyp jogap bolup durýar.
referans: www.turkmenistan.gov.tm