8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Ýurdumyzyň gallaçylary güýzlük däne ekişini

Türkmenistanda güýzlük däne ekişi üstünlikli tamamlandy. Tutuş ýurdumyz boýunça 860 müň gektar meýdanda däne ekildi. Şol ýerlerden geljekde azyklyk dänäniň 1 million 600 müň tonnasy, şol sanda Ahal welaýaty boýunça—450, Mary welaýaty boýunça-380, Lebap welaýaty boýunça —350, Daşoguz welaýaty boýunça —300 we Balkan welaýaty boýunça -120 müň tonna bugdaý ýygnalar.

Şu gezekki ekiş möwsüminde tehnikanyň uly toplumy, hususan-da, “Jon Dir”, “Keýs”, “Belarus—12,21” sürüm traktorlarynyň 650-si, däne ekijileriň 380-den gowragy, şeýle hem “MTZ-80Х” kysymly traktorlaryň 2 müňe golaýy we “MTZ-82.1” kysymly traktorlaryň 120-si ulanyldy. Öz wagtynda işlenip bejerilen we dökünlenen topraga “Sähraýy”, “Juwan”, “Batko”, “Ýubileýnaýa-100”, “Ýolöten-1”, “Türkmenbaşy-1” we “Bitarap” ýaly bugdaýyň ýokary hasylly sortlary ekildi. Olar ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak–howa şertlerinde oňat uýgunlaşandyr. Indi gallaçylaryň öňünde jogapkärli wezipe—bugdaýy ösdürin ýetişdirmegiň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary we talaplary berjaý etmek durýar.

Häzirki güne çenli eýýäm ekin meýdanlarynyň agramly böleginde gyradeň gögeriş gazanyldy we olara ideg etmek boýunça işler ýaýbaňlandy. Ýurdumyzyň ekerançylary ilkinji ösüş suwuny tutmaga we mineral dökünler bilen iýmitlendirmäge guramaçylykly girişdiler, şeýle hem haşal otlara garşy göreşmäge aýratyn üns berýärler.

Şeýlelikde, möhüm oba hojalyk möwsüminiň birinji tapgyry tamamlandy. Ähli meýilleşdirilen işleriň üstünlikli geçirilmegi ýurdumyzda azyk bolçylygyny üpjün eder. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan oba hojalyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Oba hojalyk toplumyny özgertmegiň çäklerinde geçirilýän toplumlaýyn çäreler öndürilýän dänäniň möçberiniň ýylsaýyn artmagyna we eziz Watanymyzyň bereketli harmanlarynyň beýgelmegine giňden ýardam berýär. Geçirilýän özgertmeleriň oýlanyşykly we netijeli bolmagy netijesinde täze Galkynyş eýýamynda oba hojalygynyň önümliligi hil taýdan täze derejä çykyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmekde taryhy tapgyra öwrüldi. Bu zatlaryň hemmesi Türkmenistanyň dünýäniň azyklyk dänäni eksport edýän döwletleriniň hataryna girmegine ýardam etdi. Gallaçylaryň yhlasly zähmetiniň netijeleri eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmegiň we artdyrmagyň girewine, gadymy we müdümi türkmen topragynyň sahylygynyň egsilmez çeşmesine öwrüldi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanda Sanly Bilim Ulgamyny Ösdürmegiň Konsepsiýasy Işlenip Taýýarlanylýar

Awazada Nobatdaky Köp Gatly Oteliň Açylmagyna Taýýarlyk Görülýär

syrach

Türkmenistan Dünýä Metbugatynyň Sahypalarynda

syrach