Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Siziň başyny başlan Kararnamany kabul edendigini eşidip begendim.
Doganlyk Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň esasynda sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy berkitmäge goşýan goşandy dünýä bileleşigi üçin nusgalyk diýip hasaplaýaryn.
Bu Kararnamanyň kabul edilmeginde biz döwletleriň özygtyýarlylyk ýörelgelerine ählumumy hormatyň goýulmagyna, serhetleriň mizemezligine, içerki işlere goşulmazlyga hem-de halkara meseleleri asuda çözmäge ygrarly bolan Türkmenistana esasy ornuň degişlidigine buýsanýarys.
Şu duýgularym we pikirlerim bilen Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk arzuw edýärin.
Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.