7.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Mermerdir Granitden Dürli Bezeg Daşlaryny Çykarýan Kärhananyň Ümzügi Ileri

Mermerdir Granitden Dürli Bezeg Daşlaryny Çykarýan Kärhananyň Ümzügi Ileri

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimiziň düzüminde ýurdumyzyň senagat mümkinçiligini artdyran we iri möçberli şäher gurluşygy maksatnamasyny durmuşa geçirmäge mümkinçilikleri giňelden senagat kärhanalarynyň sany has-da köpeldi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynynň Owadandepe obasynda ýerleşýän „Türkmenmermer“ Açyk paýdarlar jemgyýetiniň mermeri we garniti işläp bejerýän zawody hem bar. Kärhana ýurdumyzda bina edilýän köp sanly desgalar üçin zerur bolan tebigy daşdan bezeg daş serişdelerini öndürýär.

Zawod Italiýanyň dünýä belli «Barsanti macchine» firmasynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde öndürilýän önümleriň ammarlada uzak saklanmaýanlygy-da olaryň hiliniň ýokarylygyna şaýatlyk edýär.Olary iri döwlet gurluşyk kärhanalary we şahsy kompaniýalar satyn alýarlar.

Kärhanada bazaryň talabyna laýyklykda önümiň möçberini we görnüşlerini artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Zawodyň işgärleri döwrebap enjamlarda her hili çylşyrymly tabşyryklary-da ýerine ýetirmekde uly tejribe toplapdyrlar. Önümler ygtyýarlaşdyrylan we ýaşaýyş jaý gurluşgynda çäksiz möçberde ulanylýar. Awtomatlaşdyrylan tilsimatlar ulgamy dürli ölçegli, görnüşli we bezegli plitalary çykarmaga mümkinçilik berýär.

Önümçilik üçin çiç mal Magdanlydaky Tagara karýerinden alynýar. Ullakan daş bölekleri daş kesiji enjamlaryň ölçegine görä kiçeldilýär. Taýýarlyk enjamlarynyň operatorlary her daşyň işlenip bejerilişine ünsli syn edýärler, soňra olar iki sany TLD 80SC kysymly daş kesiji enjamlaryň ýörüte bölümlerine geçirilýär. Olar daşlary 2 ýada 3 santimetr galyňlykda kesýärler. Soňra olar daş ýylmaýjy enjamlara, bişiriji enjama salnyp, gerekli derejä ýetirilýär.

Kärhananyň daşlary elde timarlaýan bölümi-de bar. Granit has berk daşdyr, ol bezeglik üçin ulanylýar.

Kärhanada mermerden hem dürli bezeg serişdeleri taýýarlanylýar. Stolüsti daşlar, basgançaklar, plitkalar, bag üçin heýkeller we çüwdürimler, öý bezegleri ýaly dürli zatlar ýasalýar. Zawodda mermerdir granirden owadan pannolary ýasaýan enjamlar bar. Häzirki wagtda esasy önümçilik galyndylaryndan mermerdir garanit önümleri öndürmek boýunça işler alnyp barylýar.

Degişli makalalar

Halkara Ulag Maslahaty – Daşary Ýurt Metbugatynda

Aziadanyň Başlanmagyna Çenli Galan 30 Gün Ekologiýa Çäresine Beslener

Türkmenistanyň Demokratik Partiýasy

turkmenhabargullugy