Asyryñ taslamasy hökmünde atlandyrlan Bakuw-Tiblisi-Jeýhan turbo geçirijisinde 5 ýarym ýylda 1 milliard 324 million barellik nebit akdyryldy.
Bakuw-Tiblisi-Jeýhan turbo geçirijisi 2 müñ kilometr uzynlygynda.
Turbo geçirijiniñ gurulmagy üçin 3,5 milliard dollar sarp edilipdi.
Azerbaýjanda öndürilýän çig nebit turbo geçirijisi bilen Gürjistanyñ üsti bilen Jeýhandaky deñiz terminalyna, ol ýerden hem tankerler bilen dünýä bazarlaryna ýetirilýär.
Geçirijiden ilkinji gezek 2006-njy ýylyñ iýun aýynda tankerlere nebit ýüklendi.
5 ýarym ýylda 1710 tanker bilen 1 milliard 324 million barrellik nebit dünýä bazarlaryna ýetirildi.
Akdyrlan çig nebitiñ bahasy 100 milliard dollara barabar.
referans: www.trtturkmen.com