Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Dmitriý Medwedýewiň çagyrmagy boýunça Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar taraplaryň öňden gelýän dostluk we ikitaraplaýyn hoşniýetli erk-isleg bildirmek däplerine, deň hukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan oňyn döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň hem-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýolunda täze ädim boldy.
Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösýändigine we strategiki häsiýete eýedigine aýdyň şaýatlyk edýär, şol duşuşyklar we gepleşikler özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, ikitaraplaýyn ileri tutulýan ugurlar we häzirki ýagldaýlar babatda onuň mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmäge çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Şu ýyl munuň özi Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň eýýäm ikinji duşuşygydyr. Sentýabr aýynyň başynda iki ýurduň Liderleriniň GDA-nyň ýubileý Sammiti geçirilen Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde duşuşandyklaryny ýatlap geçeliň.
Aşgabadyň Halkara aeroportunda türkmen döwletiniň Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlar ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Moskwanyň “Wnukowo-2” Halkara aeroportunda gondy, şol ýerde belent mertebeli myhmanyň sapary mynasybetli flagştoglarda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Aeroportdan türkmen döwletiniň Baştutany sapar mahaly özüne bellenen kabulhana ugrady.
Günüň birinji ýarymynda türkmen Lideri Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň “Nowo-Ogarýowo” kabulhanasyna geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň baştutany Wladimir Putin bilen duşuşygy boldy.
Wladimir Putin belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli we ýürekdeş garşylap, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyň köp ugurlary boýunça we elbetde, ilkinji nobatda ýangyç-energetika toplumy ulgamynda Russiýanyň öňden gelýän däp bolan hyzmatdaşydygyny nygtady. Şunda Russiýanyň hökümetiniň baştutany ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberleriniň artýandygyny belledi: geçen ýylda bu ösüş 33 göterime barabar boldy we munuň özi örän oňat görkezijidir.
Türkmenistanyň Prezidenti mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki duşuşyk türkmen-rus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri babatda şol gatnaşyklara degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga nobatdaky mümkinçilik bolup hyzmat edýär diýip ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy deňlik we özara peýdaly ýörelgelere, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň arasyndaky asyrlardan bäri dowam edip gelýän dostluk we ynanyşmak däplerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň okgunly depginini kanagatlanmak bilen belläp, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm taraplary boýunça pikir alyşdylar, şol hyzmatdaşlyga tagallalary jemlemegiň aýratyn hem geljegi ulydyr.
Bu babatda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri gyzyklanyp ara alyp maslahatlaşmagyň meselesi boldy, şol hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleri özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak üçin örän amatly şertleri döredýär. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ulaglar we telearagatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy, önümleri gaýtadan işleýän senagat, öňdebaryjy tilsimatlary ornaşdyrmak ýaly pudaklarda, beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin oňat mümkinçilikler açylýar. Soňky ýyllarda iki döwletiň arasyndaky işewür gatnaşyklar täze itergi alandygy guwançlydyr: Russiýanyň işewür toparlary türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýärler, şol bazarda amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi. Türkmen-rus we Rus-türkmen işewür geňeşleriniň, bilelikdäki Hökümetara toparynyň işi netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir, yzygiderli geçirildýän ikitaraplaýyn ykdysady we pudaklaýyn maslahatlar, sergiler, dürli derejelerde wekiliýetleri alyşmak şu maksatlara eýerýär. Taraplaryň ikisiniň hem pikiri boýunça Türkmenistan bilen Ruüssiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem örän netijelidigini görkezdi, şol hyzmatdaşlyk ýylsaýyn täze anyk mazmuna eýe bolýar.
Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleriniň durnukly ýagdaýdaky depginli ösüşini nygtap, onuň haryt sanawyny mundan beýläk-de giňeltmek baradaky pikiri aýtdylar, munuň özi ikitaraplaýyn mümkinçiliklere hem-de häzirki anyk ýagdaýlara laýyk gelýär.
Ýangyç-energetika pudagynda özara gatnaşyklara degişli meseleler boýunça pikir alyşmak babatda bu strategiki ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi taraplaryň ikisiniň hem maksat edinýändigi tassyklanyldy, bu ulgamda Türkmenistan we Russiýa öňden gelýän hem-de uzak möhletli hyzmatdaşlar bolup durýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklary ösdürmekde gumanitar hyzmatdaşlygyň möhüm orny eýeleýändigini nygtap, bilim we ylym babatda gatnaşyklaryň, şeýle hem medeni we döredijilik alyş-çalyşlaryny işjeňleşdirmegiň netijeli häsiýetini bellediler, biziň ýurtlarymyzyň ikisi üçin däbe öwrülen Medeniýet günleri muňa şaýatlyk edýär.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Wladimir Putin döwletara türkmen-rus gatnaşyklarynyň geljekde-de ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, biri-biri bilen mähirli hoşlaşdylar.
Pursatdan peýdalanyp, türkmen döwletiniň Baştutany we Russiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny ýollap, biri-birini ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli gutladylar.
Türkmen Lideri “Nowo-Ogarýowodan” Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň “Gorki-9” kabulhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy russiýaly kärdeşi Dmitriý Medwedýew mähirli garşylady.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny Ojak zalyna geçmäge çagyrdy, şol ýerde iki ýurduň Liderleriniň ikiçäk duşuşygy boldy, ol ikitaraplaýyn gatnaşyklara mahsus bolan özara düşünişmek, ynanyşmak we oňyn ýagdaýda geçdi.
Prezident Dmitriý Medwedýew Türkmen Liderini ýene-de Moskwada kabul etmäge tüýs ýürekden şatdygyny nygtap, häzirki duşuşyk
Netijeli türkmen-rus gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim hökmünde ähmiýetini belledi. Bu sapar Täze ýyl baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda we şol bir wagtyň özünde iki yurt üçin jogapkärli syýasy döwürde — öňde boljak Prezident saýlawlaryna taýýarlyk görmekde bolup geçýär diýip, Russiýanyň Lideri aýtdy we pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentine we ähli türkmenistanlylara ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna gelip görmäge çakylyk üçin Prezident Dmitriý Medwedýewe minnetdarlyk bildirip we mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli häsiýetini kanagatlanmak bilen nygtady, biziň ýurdumyzyň iri strategiki hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde Russiýa Federasiýasy bilen doly möçberli hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistanyň ygrarlydygyny tassyklady.
Türkmen döwletiniň Baştutany Russiýanyň Prezidentini ýetip gelýän Täze ýyl bilen hem mähirli gutlap, ähli rus halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar onuň häzirki ýagdaýy, öň gazanylan ylalaşyklary we ýakyn hem-de uzak geljek üçin meýilnamalary durmuşa geçirmek babatda türkmen-rus gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri iki döwletiň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ýetilen derejesine ýokary baha berip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň soňky ýyllarda ep-esli artandygyny bellediler: söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklar işjeňleşdi, dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalarynyň uly bukjasy onuň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny düzýär. Bularyň hemmesi Türkmenistanyň we Russiýanyň däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri has netijeli peýdalanmaga çalyşmaga üýtgewsiz gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga ünsi jemläp, bu işe Russiýanyň sebitleriniň ýylsaýyn barha işjeň çekilýändigini kanagatlanmak bilen bellediler. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda Tatarystan Respublikasy, Astrahan we Swerdlow oblastlary, Sankt-Peterburg, Russiýa Federasiýasynyň belýeki ençeme sebitleri bar, olar bilen göni ykdysady we işewür gatnaşyklar ýola goýuldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Dmitriý Medwedýew hyzmatdaşlygyň şular ýaly görnüşleriniň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, dünýä ykdysadyýetinde çökgünlilik ýagdaýyna garamazdan, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleriniň okgunly ösýändigini nygtadylar, munuň özi türkmen-rus gatnaşyklarynyň ägirt uly we heniz doly ulanylmaýan mümkinçiliklerine aýdyň şaýatlyk edýär. Aşgabatda we Moskwada döredilen bilelikdäki söwda öýleri hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksatlaryna hyzmat edýär we bu iki tarapyň pikiri boýunça oňyn tejribäni giňeltmek zerurdyr.
Bu babatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna möhüm orny, şeýle hem netijeli gatnaşyklary mundane beýläk-de çuňlaşdyrmagy we giňeltmegi höweslendirmekde bilelikdäki işewür maslahatlara we sergilere möhüm orun berilýär. Bütin dünýäde meşhur bolan, dürli ugurlarda—maşyn we awtomobil gurluşygynda, halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin häzirki zaman enjamlaryny öndürmekde, nebitgaz ulgamynda, ýol gurluşygynda we başgalarda ýöriteleşýän rus kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky geçirýän işini hem ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygynyň üstünlikli bolmagynyň aýdyň mysalydyr.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Dmitriý Medwedýew ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meselesini gozgap, bu ulgamda Türkmenistanyň we Russiýanyň dünýä derejesindäki energetiki döwletler bolup durýandygyny, däp bolan gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny, şol gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Gatnaşyklaryň gumanitar ugry gürrüňsiz suratda türkmen-rus gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry bolup çykyş edýär. Söhbetdeşleriň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze mazmuna eýe boldy. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri bu ugurlarda tagallalary özara peýdaly ýagdaýda jemlemegiň ähmiýeti hakynda söz açyp, baý tejribä, köpýyllyk däplere eýe bolan hem-de döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegini düzýän bu netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek baradaky pikiri aýtdylar. Syýahatçylyk we sport ulgamlary hem özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bar.
Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň Liderleri özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Şunda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Dmitriý Medwedýew ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, sebitleýin we giň möçberde durnukly ösüş üçin şertleri üpjün etmek maksady bilen, oňyn hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly halkara guramalary we düzümleri bilen dowam etdirmäge taraplaryň taýýardygyny tassykladylar. Bu mesele dowam etdirilip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde, hususan-da, geljek 2012-nji ýylda Türkmenistanyň GDA başlyklyk etjekdigini nazara almak bilen, özara gatnaşyklara degişli meseleler gozgaldy.
Soňra iki ýurduň Liderleriniň duşuşygy gepleşikleriň dünýäde kabul edilen we giňden ýaýran görnüşi bolan iş nahary görnüşinde dowam etdirildi.
Iş nahary tamamlanandan soň iki döwletiň Baştutanlary biri-biri bilen mähirli hoşlaşyp, turuwbaşdan doly möçberli strategiki hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan guralýan däp bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler, munuň özi şol gatnaşyklaryň düýp manysyny we mazmunyny doly beýan edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Gorki-9” kabulhanasyndan Moskwanyň “Wnukowo-2” Halkara aeroportuna ugrady, şol ýerden Aşgabada gaýtdy.
referans: www.turkmenistan.gov.tm