Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletine döwlet sapary bilen ugrady. Milli Liderimizi Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmenistan Katar bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen sazlaşykly ösýän gatnaşyklaryň çäklerinde ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylda ýola goýuldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu dostlukly arap ýurduna ilkinji sapary 2010-njy ýylyň 11-12-nji oktýabrynda boldy. 2016-njy ýylyň 7-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Baştutanynyň hem-de Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň şu gezekki duşuşygy hyzmatdaşlyk etmekde toplanan oňyn tejribäni, milli ykdysadyýetleriň gazananlaryny, syýasy, ynsanperwer, ykdysady we serişdeler mümkinçilikleri nazara almak bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, oňa işewür we netijeli häsiýet çaýmaga bolan islegiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Häzir Türkmenistan hem, Katar hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly serişdelere eýedir. Bu bähbitler bolsa hemişe ykdysady ölçege gabat gelmeýär, ýogsa ol has äşgär hem bolup durýar. Munuň özi düýn, 14-nji martda Dohada geçirilen türkmen-katar işewürler maslahatynyň netijeleri bilen hem doly derejede tassyklanyldy.
Ýurtlaryň ikisi hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ileri tutmak bilen, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hem ösdürmäge çalyşýarlar. Saparyň öňýanynda Katarda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri munuň aýdyň mysaly boldy.
…..Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinden ugur alan hormatly Prezidentimiziň uçary iki sagatdan gowrak wagtdan iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Doha şäheriniň howa menziline gondy. Hormat garawuly nyzama düzülen uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini kabul edýän tarapyň resmi adamlary garşyladylar. Katar Döwletiniň Emiriniň adyndan we tabşyrygy boýunça olar belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli garşyladylar.
Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Katar Döwletiniň Emiriniň köşgüne tarap ugrady.
Köşgüň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Baştutanyny Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani mähirli garşylaýar. Iki ýurduň Liderleri dostlarça görşüp, ýörite bellenilen ýerdäki münbere geçdiler. Soňra belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.
Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Türkmenistanyň we Kataryň Baştutanlary nyzama düzülen hormat garawulynyň serkerdesiniň hasabatyny kabul edip, esgerleriň öňünden geçip, Kataryň Döwlet baýdagyna tagzym etdiler.
Soňra Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köşge girdi. Köşgüň eýwanynda belent mertebeli türkmen myhmany Kataryň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar. Soňra Kataryň Emiri Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy.
Resmi çäre tamamlanandan soň döwlet Baştutanymyz “Uly mejlisler zalyna” geçdi. Bu ýerde iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi.
Emir Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň Prezidentini hem-de türkmen hökümet wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Katara gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutanynyň şu saparyna iki doganlyk halkyň dostlukly gatnaşyklaryny berkitmegiň ýolunda möhüm ädim, döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa hökmünde baha berilýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň halkara abraýy okgunly artýar, köp babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrýan parahatçylyk hem-de bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty ýardam edýär diýip, Tamim Bin Hamad Al Tani arap işewür toparlarynyň Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine uly üns berýändigini hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Kataryň Emiri ýurdumyzda bolup geçýän ägirt uly özgertmelere guwanýandygyny aýtdy, olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bolsa türkmen halkynyň öz milli Lideriniň töweregindäki jebisligi bilen şertlendirilendir.
Emir ýurtlarymyzyň taryhy gatnaşyklarynyň gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyny, biziň halklarymyzyň taryhy-medeni hem-de ruhy ýakynlygyny bolsa dostlukly gatnaşyklary, ynanyşmagy we özara düşünişmegi çuňlaşdyrmagyň ygtybarly girewi bolup durýandygyny
belledi.
Gepleşikleriň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan hem-de geljegi has uly ugurlarynyň hatarynda, ilkinji nobatda energetika, senagat hem-de söwda, ulag we aragatnaşyk, maýa goýumlary, maliýe-bank ulgamlarynda Katar ýeterlik tejribe toplady. Katar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda ulag-üstaşyr we nebitgaz toplumynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýär.
Katar suwuklandyrylan tebigy gazyň eksporty boýunça dünýä liderleriniň biri bolup durýar. Kataryň bu ulgamdaky tejribesi biziň sazlaşykly ösýän ykdysadyýetimiz üçin hem örän peýdaly bolar. Bellenilişi ýaly, okgunly ösýän gaz bazary iri gaz ugradýan döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan zerurlygy artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi we dostlukly ýurduň halkyna parahatçylyk, gülläp ösüş, bagt we abadançylyk arzuw etdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Тürkmenistanyň wekiliýetiniň Katar Döwletine şu döwlet saparyna Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýetli waka hökmünde baha berilýär. Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldiljekdigine we onuň täze mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz sebitleýin we ählumumy syýasatyň, halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini belledi.
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Şol Kararnamany bu Gurama agza döwletler biragyzdan goldady. Şol sanda Kataryň hem goldandygy üçin, minnetdarlyk bildirildi.
Bu waka aýratyn ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ýörelge we gural bolup durýandygy görkezdi.
Gepleşiklerde şeýle hem Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy barada aýdyldy, onuň çäklerinde şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda bu guramanyň nobatdaky mejlisi geçiriler.
Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde söwda-ykdysady gatnaşyklar möhüm ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz bu ugurdaky gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberlerini we hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň, işewür bileleşikleriniň we hyzmatdaşlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny belledi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin, milli Liderimiz iki ýurtda hem söwda sergilerini, işewürlik maslahatlaryny, Türkmenistanda we Katarda öndürilen harytlaryň ýöriteleşdirilen ýarmarkalaryny geçirmegi, iki döwletiň paýtagtlarynda Söwda öýlerini açmagy teklip etdi.
Türkmenistandaky maýa goýum taslamalaryna Kataryň belli kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler özara gatnaşyklaryň gün tertibine girizildi. Bu maksat bilen, şu ýylyň dowamynda iki ýurduň döwlet, bank
we maliýe edaralarynyň hem-de iri kompaniýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaly. Biziň ýurdumyzyň sebit ähmiýetli ägirt uly taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça Kataryň maýa goýum tekliplerini öwrenmäge taýýardygy, şol bir wagtda Katarda innowasion taslamalara maýa goýmak boýunça teklipleriň öwreniljekdigi bellenildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda öndürilýän dokma önümlerini Katara eksport etmek işini ýola goýmagyň zerurdygyny aýtdy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň çäginde gazy gaýtadan işleýän, nebithimiýa we gazhimiýa zawodlarynyň döredilmegine, halkara gaz geçirijileriniň gurluşygynyň taslamalaryna gatnaşmaga Kataryň kompaniýalaryny çagyrýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hazar deňziniň türkmen böleginde amala aşyrylýan taslamalara, şeýle hem nebitgaz pudagynda hyzmatlar ulgamy we Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin enjamlary getirmek boýunça işlere Kataryň dünýä belli kompaniýalary işjeň gatnaşyp bilerler. Häzirki döwürde biz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmaga girişdik diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we şunuň bilen birlikde Türkmenistanyň bu halkara taslamasyny durmuşa geçirmäge Kataryň iri maliýe we maýa goýum düzümleriniň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Türkmen-katar gatnaşyklarynda ýene bir möhüm ugur ulag ulgamynda hyzmatdaşlykdyr. Iki ýurduň arasynda deňiz we howa ýollary boýunça gatnawlary ösdürmek hem özara bähbitli, uly geljegi bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Milli Liderimiz bu ugurda Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar sebitleriniň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürjek halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça başlangyjyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Omanyň we Kataryň arasynda halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmeginiň aýratyn möhüm ähmiýeti bardyr.
Häzirki döwürde Hazar deňzinde ägirt uly taslama – Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şoňa
görä-de, türkmen tarapy Kataryň bu ugurda baý tejribesi bolan iri ulag-logistika kompaniýalaryny bilelikde işlemäge çagyrýar.
Türkmenistan Türkmenbaşy halkara deňiz portuny iri ulag-logistika ulgamyna öwürmegi maksat edinýär. Şoňa görä-de, biz Kataryň kompaniýalarynyň bu ugurda dünýä derejesinde toplan tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýäris.
Türkmen-katar gatnaşyklarynyň berk we binýatlyk esaslary bar. Şolaryň biri hem umumy medeni-ruhy gymmatlyklardan gözbaş alýan hoşniýetli gatnaşyklardyr. Bu gatnaşyklar asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy köklerimiz bilen hem baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde bu gymmatlyklar iki halkyň has-da ýakynlaşmagyna hyzmat edýär. Munuň özi saparyň öňüsyrasynda Katar Döwletinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginde has-da äşgär duýuldy. Döwlet Baştutanymyz kabul edýän tarapa bu çäräni geçirmek üçin oňyn şertleriň döredilendigini belläp, minnetdarlyk bildirdi. Gepleşikleriň dowamynda ýakyn wagtda Türkmenistanda Kataryň Medeniýet günlerini guramak teklip edildi.
Medeni – ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek zerur. Şu maksat bilen, iki ýurduň baý medeniýeti baradaky neşirleriň, çap edilen maglumatlaryň we edebi eserleriň terjimeleriniň alşylmagynyň ýola goýulmagy ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini üpjün eder.
Türkmen-katar gatnaşyklarynyň ýene bir möhüm ugry bilim, ylym we sport ulgamlary boýunça hyzmatdaşlykdyr. Mugallymçylyk we ylmy işler boýunça tejribe alyşmak zerurdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanda türkmen talyplary üçin arap dilini öwretmek boýunça okuwlary açmagyň meýilleşdirilýändigi aýdylyp, katarly hünärmenler bu işe gatnaşmaga çagyryldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Kataryň Ylymlar gaznasynyň arasynda ylmy hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň möhüm ähmiýeti bardyr.
Türkmenistanda we Katarda sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak ýaly ugurlar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Iki ýurt hem öz çäklerinde iri halkara sport çärelerini yzygiderli guraýarlar.
Türkmenistan Kataryň bu ugurda iri möçberli ýaryşlary, aýratyn-da, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryny, oňa Kataryň türgenleriniň hem çagyrylandygyny nazara almak bilen, toplan baý tejribesine uly gyzyklanma bildirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gezekki saparyň türkmen-katar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyna we doganlyk gatnaşyklarymyzy giňeltmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Katar Döwletinde ýakyn wagtda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň açylmagy bu çäreleriň işjeňleşmegine ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Soňra ikiçäk görnüşdäki ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.
Ýokary derejede geçirilen bu duşuşyk taraplaryň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga bolan gyzyklanmalaryny tassyklady. Döwletara, hökümetara we pudagara ylalaşyklaryny özünde jemleýän şertnamalar binýady bolan türkmen-katar gatnaşyklarynyň ösüşiniň esasy ugurlarynyň hatarynda iki ýurduň dünýäniň geosyýasy we ykdysady giňişligindäki orunlaryny pugtalandyrmak meýilleri bar.
Katar Döwleti Türkmenistan üçin Ýakyn Gündogar sebitinde möhüm we ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar. Halkara guramalarynyň, aýratyn-da, BMG-niň çäklerinde iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň netijeli ösdürilýändigini bellemeli.
Türkmenistanyň we Kataryň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegi özara hyzmatdaşlyga bolan täzeçil çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam berýär. Türkmenistan Kataryň ykdysady, ylym we bilim ulgamlarynda, energetika hem-de sport pudaklarynda ýokary ösüş gazanan ýurt hökmündäki tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýär.
Türkmenistanyň we Kataryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, özara haryt dolanyşygyny köpugurly esasda ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy gürrüňsizdir. Şunda, hökümetara bilelikdäki türkmen-katar toparyna möhüm orun degişlidir. Iki ýurduň ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolmagy ýangyç-energetika toplumyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Emir Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň dürli meseleleri boýunça pikir alşyp, dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary amala aşyrmaga bolan çemeleşmelerini beýan etdiler.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler döwletara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejesini ýola goýmaga özara islegiň uludygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklaryň esasynda iki halkyň medeni-taryhy umumylygy, däbe öwrülen dostluk we doganlyk gatnaşyklary durýar. Iki ýurduň Liderleri ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyp, bu hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň hem-de ony iki ýurduň bähbidine amala aşyrmaga özara taýýarlygyň bardygyny bellediler.
Ikiçäk görnüşdäki gepleşikler tamamlanandan soň ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň arasynda diplomatlary taýýarlamakda özara hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy bilen Katar Döwletiniň Raýat awiasiýasy müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Standartlaşdyrmak, metereologiýa, sertifikatlaşdyrmak we akkreditirlemek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Biologik dürlülik we janly tebigaty goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen Katar Döwletiniň Munisipalitetiniň we daşky gurşaw ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, döwlet baştutanlary köşkden çykyp, “Al Şakab” atçylyk sport toplumyna ugradylar.
Döwlet Baştutanymyz bu meşhur toplumyň işiniň guralyşy bilen tanyşdyryldy. Belent mertebeli türkmen myhmanyna nalyň görnüşinde taslamalaşdyrylan bu toplumyň ähli sahnalarynyň hem-de beýleki desgalarynyň şekili görkezildi.
Bu ýerde dünýä belli atçylyk oýunlary, festiwallary, ussat we ýörite derejä mynasyp bolan çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda abraýly bäsleşikler gündogar äheňine laýyklykda giňden geçirilýär. Hormatly Prezidentimize ýörite ýataklary bolan athanalary, dürli ölçegdäki manežleri, konkur we atlary gezdirmek üçin açyk meýdançalar, tomaşa münberleri, karantin desgalary bolan weterinar otaglary, ýaryşlary we türgenleşikleri geçirmäge niýetlenen bölümleri, atlara ýokary derejeli ideg edilýän otaglary bolan atçylyk-sport toplumynyň düzümine girýän her bir desganyň gurluşy we ähmiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berildi.
Şeýle hem bedewlere aýratyn gadyr goýýan we tejribeli çapyksuwar döwlet Baştutanymyz katar hünärmenleriniň atlary taýýarlamak hem-de seýislemek bilen baglanyşykly usullary we ýörelgeleri bilen tanyşdy. Milli Liderimiz bu ýerde alnyp barylýan tohumçylyk-seçgi işleri we at çapmagyň syrlarynyň öwredilişi bilen gyzyklandy.
Ýapyk manežde milli Liderimize has saýlama bedewler görkezildi. Ilki bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş türkmen halkynyň adyndan Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň Türkmenistana sapary mahalynda katar halkyna sowgat beren ajaýyp ahalteke bedewi meýdança çykaryldy.
Iki ýurduň arasyndayky bozulmaz dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany bolan Meledag atly ajaýyp bedew buýsançly başyny dik tutup, meýdança çykdy. Ol özüne berlen tälimleri birkemsiz ýerine ýetirip, ýerleý uçýan guş mysaly çeýeligini görkezdi.
Ahalteke bedewiniň yzysüre meýdança ýagty reňki bolan arap atlary çykaryldy. Arap atlary hem gözelligini, bedewlere mahsus birsyhly ýörişini görkezdiler. Bu ýerde ajaýyp atlaryň görkeziliş çäresiniň ahyrynda meýdança Aziýa atly dor bedew çykaryldy. Bu bedew 2006-njy ýylda Doha şäherinde 50 müň tomaşaçy orunlyk “Halifa” stadionynda geçirilen Aziýa oýunlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Soňra arap bedewleriniň gatnaşmagynda konkur boýunça görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem bu ýerde halkara gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan bedewler görkezildi.
Milli Liderimiz ajaýyp bedewleriň owadanlygyna, şeýle hem atlary saklamak hem-de sport ýaryşlaryna taýýarlamak üçin amatly şertler döredilen atçylyk sportunyň guralyşyna ýokary baha berdi we bu pudagyň Türkmenistanda hem möhüm orun eýeleýändigini belläp, munuň
türkmen-katar gatnaşyklary hem-de tejribe alyşmak üçin möhüm ugry emele getirýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň awtomobil kerweni “Al Şakab” merkezinden kabulhanasy ýerleşýän “St.Regis Doha” myhmanhanasyna tarap ugrady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katara döwlet sapary dowam edýär.