Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşler biri-biri bilen mähirli salamlaşyp, mäkäm dostluga we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly depginini kanagatlanmak bilen bellediler.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko pursatdan peýdalanyp, biri-birini ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutladylar, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.
Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Liderleri söhbetdeşligiň barşynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykandygyny bellediler. Türkmen-belarus gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlardaky ýokary derejesi, şeýle hem özara gatnaşyklaryň bar bolan mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmäge taraplaryň çalyşýandygy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi iki dostlukly döwletiň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär.
Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Baştutanlary gumanitar ugurdaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan üýtgewsiz ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, bilim we ylym babatda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem medeni alyş-çalyşlary işjeňleşdirmek baradaky pikiri aýtdylar, munuň özi däp boýunça dostlukly, özara hormat goýmak we oňyn häsiýete eýe bolan türkmen-belarus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hyzmat eder.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze mazmuna eýe bolup, geljekde-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirip, biri-birine saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, bagt we rowaçlyk arzuw etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik belarus tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm