Bankrodyñ bosagasyna gelen Gresiýa ÝB bilen Halkara Pul gaznasy İMF-den geljek 130 milliard ýewrolyk ikinji halas ediş bukjasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
Halas ediş bukjasy Germaniýanyñ Federal mejlisinde kabul edildi.
Germaniýanyñ Kansleri Angele Merkeliñ ýewro sebitinde galmagyni islemegi sebäpli Gresiýa berlen maliýe kömekler hökümetiñ içinde dartgynlyga sebäp boldy.
İçeri işler ministri Hans Piter Fridrih “Gresiýanyñ ýewro sebitinden çykyp, kadaly ýagdaýa gelmegi ýewro sebitinden galmagyndan has añsatdyr” diýýär.
Maliýe ministri Şouble halk deputatlaryna ugradan hatynda “Bu bukja soñky bukja bolman biler. Gresiýany halas etmek üçin başga bukjalar hem gelip biler” diýdi.
G-20-ä agza ýurtlaryñ maliýe ministrleriniñ ýygnagynda hem ýewro sebitindäki bergi krizisi meselesi seljerildi.
Halkara Pul gaznasynyñ başlygy Kristin Lagard dünýäniñ ykdysadyýetini ýüze çykyp biljek howplardan goramak üçin İMF-niñ çeşmeleriniñ 500 million dollar ýokarlandyrylmagynyñ gerekdigini aýtdy.
Emma ABŞ bilen birlikde käbir ýurtlar bu teklibe garşy çykýar, ilkinji nobatda Ýewropanyñ öz gaznalaryny güýçlendirmeginiñ gerekdigini nygtaýar.
referans: www.trtturkmen.com