Türkmenabatda şäheriň günbatar derwezesinden uzak bolmadyk ýerde Lebapda iň iri «Gündogar bazary» söwda toplumy gurular. Bu toplumyň gurluşygynyň taslamasyny «ESER» türk gurluşyk kompaniýasynyň hünärmenleri taýýarladylar.
Täze söwda toplumy 35 gektar meýdany eýelär. Bu ýerde 700 sany dükanlar bolar, teläriň aşagynda ýerleşdiriljek söwda nokatlary mundan hem köp bolar. Şeýle hem bu ýerde ammarlar hem-de ulaglar üçin niýetlenen dört sany duralga gurular. Mal söwdasy üçin aýratyn ýerler göz öňünde tutulandyr. Söwda toplumynyň çäklerinde ulaglar üçin niýetlenen asfalt düşelen çatrykly ýollar we pyýadalar üçin ýodalar gurular.
Bazar dürli görnüşli harytlara baý bolar. Olar elektron we durmuş tehnikasyndan, gurluşyk önümlerinden, haly we zergärçilik önümlerinden, iýmit we beýleki önümlerden ybarat bolar. Dört sany kafede milli tagamlar bilen naharlanyp bolar. Dynç almak üçin bu ýerde oňaýly ýerler hem göz öňünde tutulandyr. Dört sany suw çüwdürimleri bolsa tomus aýlarynyda bu ýeriniň salkyn bolmagyna öz täsirini ýetirer. Bazarda alyş-çalyş nokadynyň hyzmatyndan hem peýdalanyp bolar. Söwda toplumynyň merkezinde beýik sütünde çar ýana bakyp duran sagat oturdylar. Hut şu ýerde, edil Aşgabatda hereket edýän uly bazardaky ýaly, bilelikde haryt saýlar ýaly hem-de söwda eder ýaly bu ýeri duşuşyk ýeri bolar.
Täze söwda toplumynda häzirki zaman hyzmat ediş usuly bilen asyrlaryň dowamynda saklanyp galan gündogar bazaryna mahsus bolan harytlaryň baýlygy bilen utgaşyp gider. Muny bazaryň binagurluşygy hem tassyklaýar. Taslamany düzüjileriň göz öňünde tutuşy ýaly, bazaryň gurluşygynda Lebapda dokalan haly önümlerine mahsus bolan göldür nagyşlarynyň nusgalary ulanylyýar. «Gündogar bazarynyň» daş-töweregine – 179 müň inedördül metr meýdana ekiljek pürli agaçlar bolsa, bu ýerde ýaşyl zolagy döreder. Bu bolsa Garagum sähralygyndan öwüsjek gyzgyn howanyň birneme gowşamagyna täsirini ýetirer.
Welaýatyň bu iň iri söwda merkezi müňlerçe täze iş orunlarynyň döremegine şert döreder.
referans: www.turkmenistan.gov.tm