Paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň sergisiniň dabaraly açylyşy boldy. Giň möçberli gözden geçirilişi, däp bolşy ýaly, bu iri jemgyýetçilik guramasynyň döredilen gününe gabatlanyldy. Ol özüniň hatarlaryna hususy işewürligiň wekilleriniň 16 müňden gowragyny birleşdirýär we işjeň ösýän işewürler bileleşigi bolup durýar.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2008-nji ýylda döredildi. Dokuz ýylyň içinde ýurdumyzyň telekeçiliginiň ösüşinde tutuş eýýama barabar ýol geçildi. Häzirki wagtda telekeçilik milli ykdysadyýetimiziň möhüm bölegine öwrüldi we Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagynda möhüm orun eýeleýär.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Milli Liderimiz Gutlagynda birleşmäniň agzalarynyň işine ýokary baha berip: “Berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ykdysadyýetiň hususy bölegini giňeltmekde, telekeçilige ýakyndan ýardam bermekde döwlet tarapyndan amala aşyrylýan işler geljekde hem dowam etdiriler” diýip belledi.
Hususy işewürligiň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň yzygiderli we maksada okgunly durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady ugrunyň netijesidir. Ýurdumyzyň raýatlarynyň bähbitleri we abadançylygy şol syýasatyň özenini düzýär. Kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri giň möçberli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýarlar, möhüm pudaklarda eýeleýän ornuny yzygiderli berkidýärler.
Däp bolşy ýaly, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gazananlarynyň sergisi köp pudakly häsiýete eýedir. Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynyň meýdançalarynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 145-si özleriniň diwarlyklaryny hödürleýärler. Olaryň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda —oba hojalygynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda hem-de gurluşyk serişdelerini, elektrik enjamlaryny öndürmekde, söwdada, syýahatçylykda, bilimde, durmuş hyzmatlary ulgamynda, ulag we logistika ulgamlarynda, amaly-haşam senetlerinde we beýleki ugurlarda işleýän hususy kärhanalar hem-de hojalyk jemgyýetleri bar.
Ýurdumyzyň telekeçileriniň işiniň okgunly ösýän ugurlarynyň biri bolan gurluşyk ulgamy sergide giň gerimde görkezilýär. Häzirki döwürde biziň telekeçilerimiz daşary ýurtlaryň gurluşyk kompaniýalary hem-de gurluşyk serişdelerini öndürijiler bilen üstünlikli bäsleşýärler. Diňe 2016-njy ýylyň dowamynda birleşmäniň agzalary tarapyndan 6,5 milliard manatlyk gurluşyk-gurnama işleriniň ýerine ýetirilendigini, ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depginiň 5 göterimine barabar bolandygyny ýatlatmak ýeterlikdir. Hususy kärhanalarynyň güýji bilen durmuş maksatly desgalaryň 141-si, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň 54-si, medeni maksatly binalaryň 76, önümçilik-tehniki desgalaryň 11-si guruldy. 2 müňden gowrak desgada gurluşyk işleri dowam edýär.
Sergide “Aga gurluşyk”, “Myradym”, “Ajaýyp bina”, “Dürli ýaz”, “Berk gala gurluşyk”, “Rysgally zähmet”, “Ajaýyp gurluşyk”, “Aktab”, “Beýik bina” hususy kärhanalary, “Döwlet gurluşyk”, “Dor bedew”, “Hyzmat merkezi”, “Ussat inžener”, “Altyn nesil” hojalyk jemgyýetleri we döwlet strategiki maksatnamalaryň çäklerinde iri buýurmalary ýerine ýetirmekde özlerini görkezen beýleki kärhanalar hususy telekeçileriň gurluşyk senagatynda gazanan üstünliklerini görkezýärler. Şol buýurmalaryň hatarynda türkmen paýtagtyny, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny abadanlaşdyrmak, awtomobil ýollaryny, köp derejeli döwrebap awtoduralgalary, gidrotehniki we beýleki desgalary gurmak boýunça giň gerimli taslamalar bar.
Ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalary eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna gabatlap, Aşgabady ösdürmegiň 14-nji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan ýaşaýyş jaý toplumyny ulanmaga berdiler. Toý desgalarynyň hatarynda paýtagtymyzyň Ruhabat etrabyndaky “Täze zaman” ýaşaýyş toplumyndaky täze binalar bar. Geçen ýylda ýurdumyzyň telekeçiler tarapyndan Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda belent ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si ulanmaga berildi. Olar geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň jemi 30-syny gurdular we paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň hem-de Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň desgalarynyň birnäçesiniň gurluşygyny alyp barýarlar.
Diňe geçen ýylyň dowamynda obalarda ulanmaga berlen täze desgalaryň uly sanawynda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyndaky Bagtyýar zaman obasyndaky, Lebap welaýatynyň Berkarar zaman obasyndaky binalar, Mary welaýatynyň Döwletli zaman hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçelerindäki dürli maksatly desgalar bar.
Mundan başga-da, welaýatlardaky durmuş-medeni maksatly desgalaryň hatarynda Mary şäherindäki “Bagtyýarlyk” seýilgähi hem-de täze ýaşaýyş jaýlary, Serdar şäherindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýatyndaky toplumy bar.
Sergä gatnaşýanlaryň köpöwüşginli diwarlyklary hususy gurluşyk kompaniýalarynyň türkmen deňiz şypahanasyny ösdürmäge işjeň gatnaşýandygyny görkezýär. Olar şol ýerde durmuş ähmiýetli desgalaryň ençemesini gurdular. Diňe geçen ýylyň dowamynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze dynç alyş merkezi—“Ak ýelken” kottejler şäherjigi ulanmaga berildi.
Sergide senagat ulgamynda uly tejribe toplan kärhanalar hem, bu ugurda indi işe başlaýan telekeçiler hem ýurdumyz üçin zerur bolan we gurluşyk serişdeleriniň dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümlerini görkezýärler. Bu ýerde gurluşyk serişdelerini, şol sanda turbalary, kerpiçleri, demirbeton gurluşlaryny, gidrogorag serişdelerini, ýuwlan çägäni, penopolistirol, keramzit, dürli emulsiýalary we boýaglary, elektrik kabellerini, bezeg daşlaryny we kafelleri, gury gurluşyk garyndylaryny hem-de ýag we howa filtrlerini, akkumulýatorlary we beýlekileri öndürýän zawodlaryň önümleri giňden görkezilýär.
Täze önümleriň hatarynda “Derýa plastik” hususy kärhanasynyň sanfaýans önümleri, dürli diametrdäki kabelleri bar. Bu kärhana gurluşyk ulgamynda zerur bolan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň 600-den gowrak görnüşini çykarýar. Gurluşyk serişdeleriniň köp görnüşlerini, şol sanda izogam öndürýän meşhur “Çaly” kärhanasy bilen birlikde sergä ilkinji gezek gatnaşýan “Giňdere” hususy kärhanasy hem öz öndüren önümlerini hödürleýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisine yzygiderli gatnaşýan “Ak hünji” kärhanasynyň penopolistiroldan öndürýän önümleriniň görnüşleri ýylsaýyn artýar. Bu kärhana täze önümleriň hatarynda sepsiz potoloklary we eksporta gönükdirilen beýleki harytlary görkezýär.
2016-njy ýylda ýurdumyzyň senagat önüminiň gerimi Daşoguz welaýatynda keramiki plitalary öndürýän zawodyň ulanmaga berilmeginiň, Ahal welaýatynda bazalt süýümini öndürýän kärhananyň işe girizilmeginiň hasabyna giňeldildi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda “Bal balam” söwda belgili çagalar arlyklaryny öndürýän “Rysgally el” hojalyk jemgyýetiniň öndürýän önümleri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmaga gönükdirilendir. Onuň bilen birlikde sergide şeýle önümleri Mary welaýatyndan “Türkmeniň rysgaly” kärhanasy ilkinji gezek görkezýär. “Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýetiniň pawilýonynda hojalyk-durmuş önümleriniň we köpöwüşginli çaga oýnawaçlarynyň täze görnüşleri ýerleşdirilipdir.
Täze senagat önümçilikleriniň sanawynda Mary welaýatynda milli ýüpek ýaglyklary hem-de keteni matalary öndürýän sehler, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda döredilen milli egin-eşikleri öndürýän kärhana bar. Bu kärhanalar hem sergide öz önümlerini hödürleýärler.
Ýurdumyzyň telekeçiliginiň gözden geçirilişinde ilkinji gezek LED-lampalar görkezilýär. Olar Ahal welaýatynda “Rysgally senet” hususy kärhanasy tarapyndan öndürilip başlandy. Täze senagat önümleriniň hatarynda elektrik enjamlary, kafeliň birnäçe görnüşleri hem-de gury gurluşyk garyndylary bar.
Durmuş himiýasynyň dürli görnüşlerini, şeýle hem halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginde täze tehnologiýalary görkezýän “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň bölümi hem özüne çekiji boldy.
Ýurdumyzyň mebel önümçiligini görkezýän bölümler serginiň giň möçberli bölümine öwrüldi. Onda dürli görnüşdäki mebeller görkezilýär. “Aýbölek” fabriginiň mebelleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň daşynda hem bellidir. “Abraýly önüm” we “Çigildem”, şeýle hem “Sary agaç”, “Mary agos”, “Hilal” ýaly kärhanalar hem özleriniň dürli görnüşli mebelleri, gapylary hem-de penjireleri bilen mynasyp bäsleşik edýärler. “Durmuş dowamy” hususy kärhanasy çagalar üçin örän oňaýly we ekologiýa taýdan arassa mebelleri görkezýär.
Ahal welaýatynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mebel we ugurdaş harytlaryň önümçiligi bilen meşgullanýan agzalarynyň 18-siniň önümçilik binalaryny birleşdiren Mebel toplumynyň açylmagy munuň subutnamasydyr. Olaryň birleşigi ýurdumyzyň ilatynyň mebel önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga gönükdirilen özboluşly toplumy emele getirdi.
Ýurdumyzda azyk bolçulygy boýunça alnyp barylýan işlere gatnaşýan oba hojalyk önümlerini we azyk harytlaryny öndürýän düzümleriň köpsanly bölümleri obasenagat pudagynda kiçi telekeçilige möhüm ornuň degişlidigini äşgär edýär. Geçen ýylda 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende oba hojalyk önümçiliginiň möçberleri 1,5 esse artdy. Telekeçiler bazaryň täze ugurlaryny ynamly özleşdirip, obasenagat toplumynda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrýan önümçilik tehnologiýalaryny özleşdirýärler. Bu bolsa ilatyň dürli görnüşli, ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrýar. Bir ýylyň dowamynda azyk önümleriniň önümçiligi boýunça döwrebap kärhanalaryň sany ýokarlandy. Süýji nygmatlar, kakadylan önümler, süýji önümleriniň, dürli şerbet suwlarynyň, “Nur” söwda nyşany bolan moýenezleriň görnüşleriniň üsti yzygiderli ýetirilýär.
“Parahat” kärhanasy ýurdumyzyň telekeçileriniň guraýan sergilerine yzygiderli gatnaşýar. Bu gezekki sergide ilat arasynda meşhurlyga eýe bolan “Joş”, “Eçil” miwe suwlary, sowuk çaýlar, şöhlat önümleri, saglyk üçin ýakymly çagalar iýmitleri, şeýle hem goýaltmanyň, ýerli serişdelerden taýýarlanýan miwe we gök önümleriň esasynda döredilen döwrebap önümçilik desgalaryndan taýýarlanan üwmeçler sergide möhüm orun eýeleýär. “Ak daş” miwe içgileri, “Arçalyk”, “Berk Akar” ýaly alkogolsyz içgiler, şeýle hem “8 ýap”, “Miweli oba” hojalyk jemgyýetiniň “Sawa”, “Ak ýaprak” hojalyk jemgyýetiniň önümi bolan “Ýedi gün” içgileri, Daşoguz welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýän ir-iýmişlerden taýýarlanan, “MFT” belgili içgiler sergini has-da baýlaşdyrýar. 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda we Gökdere etrabynda taýýarlanylýan alkogolsyz içgiler kärhanalarynyň açylmagy önümçilik desgalarynyň üstüni ýetirdi.
Şeýle hem bu ýerde süýt önümçiliginiň belli görnüşleri görkezilýär. “Aýazbaba” hususy kärhanasynyň önümleriniň hatarynda bişirilen süýt, “Elin” söwda nyşanly ýogurduň täze görnüşi görkezilýär. “Sahabatly” hojalyk jemgyýeti süýt önümleriniň örän köp görnüşlerini görkezýär. Şular bilen bir hatarda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda şu ýyl açylan we “Zamana” söwda nyşany bilen dürli önümleri öndürýän kärhananyň, Daşogzuň “Şabat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň täze önümleri sergide möhüm orun eýeleýär. “Salkyn”, “Erteki”, “Täze aý” ýaly söwda nyşanlary bolan ulular we çagalar üçin doňdurmalary öndürýän önümleri has-da özüne çekiji.
Şeýle hem sergide balyklaryň, et we şöhlat önümleriniň örän köp görnüşleri görkezilýär. “Ajaýyp ussat halal önümleri” kärhanasynyň taýýarlan etleriniň köp görnüşliligi bada-bat gözüňe ilýär. Towuklary we towuk etinden taýýarlanylan önümlerini meşhur “Guş toplumy” guşçulyk toplumy we “Altyn hilal” kärhanasy bilen bilelikde 2016-njy ýylda döredilen “Nurly meýdan” hojalygy hödürleýär. “Hoş zaman” guşçulyk fermasynyň önümlerinden, “Bereketli” we “Täze aý önümleri” hojalyk önümlerinden başga-da bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen hususy önümçilikleriň harytlary görkezilýär.
Balyk önümlerini görkezýän bölümler sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýerde “Elin balyk” hojalyk jemgyýetiniň dürli görnüşli balyklary görkezilýär. Balkan welaýatynda ýerleşýän we bekre balyklaryny ösdürip ýetişdirýän hem-de gaýtadan işleýän “Hazarbalyk” kärhanasynyň önümleriniň görnüşleri barha artýar. Häzirki wagtda balyk önümlerini 50 görnüşi bar.
“Ajaýyp ussat halal önümleri” hojalyk jemgyýeti sergide maldarçylyk pudagynda geçiren tohumçylyk-seçgi işleriniň netijelerini görkezýär. Bu ýerde Türkmenistanyň howa şertlerine uýgunlaşdyrylan sygyrlaryň et we süýt berýän görnüşleri geçirilen işleriň anyk netijeleri bolup durýar.
Ýurdumyzda ýokary hilli we ekologiýa howpsuzlygy derejesinde öndürilýän önümler daşary ýurt bazarlarynda hem uly islegden peýdalanýar. “Hasar” konditer kärhanasynyň önümleri dünýäniň 7 ýurduna eksport edilýär. Şu ýyl bu kärhananyň işgärleri şokoladyň täze görnüşini önümçilige ornaşdyrdylar. Owganystanda hereket edýän 70-e golaý dükanlar ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň harytlarynyň söwdasyny alyp barýar. 2016-njy ýylda goňşy ýurda eksport edilýän azyk harytlarynyň düzümine ýumurtga girizildi.
“Misgär” kärhanasynyň we “Bars” hojalyk jemgyýetiniň bölümlerinde süýjüleriň we kökeleriň dürli görnüşleri görkezilýär. “Tomus”, “Saglyk”, şeýle hem “Kämil market” kärhanalarynyň çörek we çörek-bulka önümleri ilat arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar.
“Owadan ülke” kärhanasynda öndürilýän kakadylan önümler, maýonezler, “Bereket” hususy kärhanasynyň hem-de sergä ilkinji gezek gatnaşýan ýaş kärhanalaryň biri bolan “Ýakyn dost” hojalyk jemgyýetiniň gaplanan önümleri, “Halys” hojalyk jemgyýetiniň dürli çörek önümleri sergide möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzda bitýän ösümlikleriň esasynda taýýarlanylan dürli görnüşdäki ballar sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Şeýle hem serginiň bölümlerinde döwletimiziň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna kärendä berlen ýerlerde, ýyl-ýyldan artýan döwrebap ýyladyşhana hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirilýän dürli görnüşli miweler, gök we bakja önümleri görkezilýär. Suwaryşyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny peýdalanmagyň, ýokary hilli sarp ediş serişdelerini we tehnikalary ulanmagyň esasynda gök ekerançylyk, bagçylyk we gülçülik obasenagat toplumynyň möhüm ugurlarynyň hataryna goşuldy. “Parasatly”, “Nurly meýdan” daýhan hojalyklarynyň bölümleri munuň şeýledigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. “HAS” kärhanasy sergä gelýänleri ýyladyşhanalary enjamlaşdyrmakda ulanylýan döwrebap tehnologiýalar bilen tanyşdyrýar. Lebap welaýatynyň “Asly halal” kärhanasynyň bölüminde bu işiň ekologiýa taýdan bähbitli tarapy görkezilýär.
Sergide ilata we guramalara dürli hyzmatlary görkezýän hususy ulgamyň wekilleri hem bar. Olaryň hatarynda “Awtoýoly” hojalyk jemgyýeti awtoulag hyzmatlaryny mahabatlandyrýar. Serginiň birnäçe bölümleri işewürligiň möhüm ugry we ýurdumyzda bu pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň barşynda aýratyn ähmiýeti bolan ulag we logistik ugurlaryna bagyşlanypdyr.
Sergä gatnaşyjylara, ilkinji nobatda bolsa daşary ýurtly hyzmatdaşlara “Oguzabat” we “Halkara dostluk” hojalyk jemgyýetleriniň hususy syýahatçylyk hünärmenleri öz hyzmatlaryny, mümkinçiliklerini görkezýärler.
Şeýle hem sergi telekeçileriň dokma we haly önümçiliginde, halk senetkärçiliginde, şeýle hem milli sowgatlyk önümleri taýýarlamakda ýeten derejesine baha bermäge mümkinçilik döredýär. Sergä Zenanlaryň işewürçilik merkeziniň we onuň Aşgabatdaky, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndaky bölümleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Olar özleriniň taýýarlan milli lybaslaryny we keşde-nagyşlaryny, şeýle hem döwrebap aýakgaplaryny görkezýärler.
Sergide görkezilýän ajaýyp haly önümleri, nepis zergärçilik harytlary, milli lybaslar, keşdeler, şeýle hem şekillendiriş sungatynyň eserleri ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň milli mirasymyzy saklamak hem-de olary wagyz etmek işine goşýan goşantlaryny äşgär edýär. Şunlukda, haly önümçiliginiň ösüşi eksporty nazarlaýan bähbitli işewürlik bolup durýar. Çünki asyrlaryň dowamynda dünýä ýüzünde türkmen halylaryna bolan isleg örän ýokary.
2016-njy ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzyň Abadan etrabynda ulanmaga berlen “Abadan haly” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň haly we haly önümleriniň senagat önümçiligi boýunça kärhanasy hem bu sergide öz önümlerini görkezýär. Täzeçil önümçilik toplumynyň ýyllyk kuwwaty dürli görnüşli haly we haly önümleriniň 800 müň inedördül metrine barabardyr. Bu kärhana içerki bazary doly kanagatlandyrmak bilen bir hatarda eksport ugruny nazarlaýar. Polipropilen ýüplükleri we akril süýümlerini öndürýän bu toplum iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde el halylary dokamak işi hem alnyp barylýar. “Abadan haly” bu gezekki sergide halylary hem-de täsin reňkli palaslary görkezýär.
Dürli görnüşli sowgatlyk önümler, şol sanda ýurdumyzyň taryhy ýerleri, paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleri, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirilen sowgatlyklar bada-bat ünsüňi çekýär. Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Aziada—2017-ä taýýarlyk işlerine we özüniň agzalaryny köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta işjeň çekmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýeri gelende aýtsak, sport desgalaryny enjamlaşdyrmak bilen meşgullanýan hususy kärhanalaryň biri bolan “Ýüpek ýoly täjirçilik” kärhanasynyň önümleri hem sergide görkezilýär.
Sergi öz işini ertir dowam eder. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürlik merkezinde maslahat geçirilip, onuň gün tertibine ýurdumyzyň telekeçiligini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler giriziler.