4.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Kaliý Kombinaty Ýurdumyzyň Senagatlaşdyrylmagynda Möhüm Ädim Bolar

Kaliý Kombinaty Ýurdumyzyň Senagatlaşdyrylmagynda Möhüm Ädim Bolar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Lebap welaýatynda täze gurlan desgany, ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyny ulanmaga kabul etmek boýunça Döwlet kabul ediş toparyny döretmek hakyndaky Buýruga gol çekildi. Munuň özi bu täze desganyň diňe bir biziň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin däl-de, eýsem, täze dörän ägirt uly senagat kärhanasynyň önümlerini alýan beýleki döwletleriň ykdysadyýeti üçin hem örän uly ähmiýetini görkezýär.

Türkmenistanda ilkinji hem-de Merkezi Aziýanyň çäklerinde iri himiýa kombinatynyň işe girizilmegi milli ykdysadyýetimizde täze pudagyň — bu ulgamda ylmyň we tehnologiýalaryň iň öňdebaryjy gazananlaryny ulanmak bilen dag-magdan senagatynyň döredilmegini alamatlandyrýar. Munuň özi bolsa ýurdumyzy ösen senagatly döwlete öwürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy.

Bu dag-magdan gaýtadan işleýji senagat merkezi Köýtendag etrabynda Amyderýanyň sag kenarynda, Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda döredilýär. Ýatagy işläp düzmek, onuň çäklerinde kaliý duzlaryny almak we baýlaşdyrmak boýunça desga ýurdumyzyň önümiň bu görnüşini daşary ýurtlara ibermek boýunça ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan himiýa senagatynyň ösüşinde täze sahypany açar.

Bu möhüm strategik taslama Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň däbe öwrülen dostluk gatnaşyklary esasynda özara bähbitli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde güýçli depginde ösýän köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň miwesidir. 2016-njy ýylyň maýynda bu dostlukly ýurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyran sapary munuň güwänamasydyr. Üstünlikli geçirilen gepleşikleriň netijesinde döwletara gatnaşyklary baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Bu bolsa taraplaryň gazanan ylalaşyklarynda we gol çeken möhüm resminamalarynda öz beýanyny tapdy.

Belarus hyzmatdaşlarymyz dürli derejelerdäki türkmen-belarus duşuşyklarynyň barşynda Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygy babatda gürrüň açyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolan bu möhüm senagat desgasynda işleriň ýokary hilini üpjün etmek boýunça öz borçnamalaryna ygrarlydyklaryny bellediler.

Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi geljekde iki tarapa hem örän oňat ykdysady bähbit getirer. Şunuň bilen baglylykda, belarus tarapynyň ýokary hünärli ýaş türkmen hünärmenlerini taýýarlamaga ýardam edýändigi wajyp ähmiýete eýedir.

Bu desgany uly ylmy-tehniki kuwwata hem-de dag-magdan önümçiligi pudagynda, kaliý magdanlaryny gaýtadan işlemekde öňdebaryjy tehnologiýalara, kuwwatly önümçilik binýadyna eýe bolan iri taslama düzüji — “Belgorhimprom” APJ bilen türkmen gurluşykçylary bilelikde gurdular.

Garlyk ýatagynda geologiýa barlaglarynyň maglumatlaryna görä, kaliý duzlarynyň çig mal gorlary 2 milliard tonnadan gowrak diýlip hasaplanylýar. Bu tebigy çig maly gazyp almak mümkinçiligi bar bolan Garabil ýatagy hem uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Kaliý duzlary kaliý dökünlerini öndürmek üçin ulanylýar hem-de ondan flotasion usul bilen oba hojalygynda uly isleg bildirilýän hlorly kaliý hem gaýtadan işlenilip, alnyp bilner. Onuň peýdalanylmagy oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna, tebigy-howa şertlerine, kesellere we zyýanly mör-möjeklere durnuklylygyny artdyrmaga ýardam edýär.

Kärhananyň taslama kuwwatyna çykmagy üçin bir ýylda 7 million tonna magdany almak we gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar. Önümli gatlaklaryň açylmagy iki sany dik şahta guýularynyň kömegi bilen amala aşyrylar. Bu sütünleri gurmak özboluşly işleriň giden toplumyny özüne birleşdirýän örän çylşyrymly tehnologiýa işi bolup durýar. Senagat toplumynyň kuwwaty diňe bir oba hojalygynyň ekologiýa taýdan arassa kaliý duzlaryna bolan islegini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, her ýyl bu gymmatly önümiň bir million tonnadan gowragyny eksporta ibermäge hem mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda dünýä bazarynda beýleki mineral dökünlerden tapawutlylykda, kaliý dökünleri iň ýokary eksport mümkinçiligine eýedir. Diýmek, geljekde bu täze pudak daşary ýurtlardan ep-esli maliýe serişdeleriniň gelmegini üpjün eder hem-de ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe himiýa senagaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän pudaklarynyň biridir. Onuň örän uly eksport kuwwaty ägirt uly tebigy serişdeleri toplumlaýyn özleşdirmäge, pudakda döredilýän ýokary tehnologiýa düzümleriniň mümkinçiliklerine esaslanýar. Bu ulgamda mineral dökünleri öndürmek esasy ugur bolup durýar. Bu önüme azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin oba hojalygynda we obasenagat toplumynda özgertmeler bilen baglylykda, ýurdumyzda hem-de tutuş dünýäde isleg barha artýar.

Häzirki döwürde geljekde ägirt uly ykdysady bähbit getirjek pudaklaýyn möhüm desgalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Olaryň hatarynda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda gurulýan ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna önüme barabar bolan karbamid zawody, ýylda 300 tonna baýlaşdyrylan fosfor dökünlerini öndürmäge niýetlenen Türkmenabat himiýa zawodynyň täze bölümi bar.

Degişli makalalar

Tamdyr Salmak

Türkmenistanyň Diplomatik Işgärleriniň Güni Mynasybetli Baýramçylyk Dabarasy Geçirildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistan Daşary Ýurtlardan Getirilýän Önümleriň Ornuny Tutýan Önümçiligi Ýokarlandyrýar

syrach