Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýylyň 15-16-njy martynda Katar Döwletine amala aşyran döwlet sapary dünýäniň işewür we jemgyýetçilik toparlarynda, daşary ýutlaryň habar beriş serişdelerinde uly seslenme döretdi.
Dohada geçirilen gepleşikleriň barşynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny, özara gyzyklanma döredýän sebit we dünýä syýasatynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Strategik ugurlarda, ozaly bilen söwda-ykdysady ulgamda tagallalary netijeli birleşdirmegiň mümkinçilikleri duşuşygyň esasy meselesi boldy. Bellenilişi ýaly, taraplaryň özara gatnaşyklarynyň anyk netijeleri getirip biljek ugurlary köpdür. Iki ýurduň döwlet we telekeçilik düzümleriniň arasyndaky işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin önümçilikde uly mümkinçilikler açylýar. Olar ykdysadyýetiň energetika, gaýtadan işleýän, himiýa we dokma senagatlary ýaly ýokary tehnologiýaly pudaklarydyr.
Ýangyç-energetika toplumy döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Biziň ýurtlarymyzy energiýa serişdeleriniň, hususan-da, tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolup durýar. Munuň özi degişli ugurda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin şertleri döredýär. Türkmenistan ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge, onuň halkara energetika ulgamyna goşulmagyna gönükdirilen strategiýany amala aşyrmagyny ynamly dowam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, dünýä belli katar kompaniýalarynyň Türkmenistanda gazy gaýtadan işleýän zawodlary, nebithimiýa we gazhimiýa önümçiliklerini gurmak, Hazaryň türkmen böleginde nebitgaz düzümini döretmek boýunça durmuşa geçirilýän taslamalara hem-de ýurdumyzyň nebitgaz pudagy üçin enjamlary getirmäge gatnaşmaga mümkinçiligi hakynda teklip aýdyldy. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijini gurmagyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Kataryň iri maliýe we maýa goýum düzümleriniň bu transmilli taslamanyň amala aşyrylmagyna gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanmanyň bardygyny aýtdy.
Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy barada aýdyldy, onuň çäklerinde şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda bu guramanyň nobatdaky mejlisi geçiriler.
Gepleşikleriň jemleri boýunça energetika, standartlaşdyrmak, ygtyýarlandyrmak, metrologiýa we akkreditasiýa, biologiki köpdürlülik hem-de janly tebigaty goramak ulgamlarynda, howa gulluklarynyň ugry boýunça we iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi.
Türkmen-katar işewürler maslahaty Türkmenistan bilen söwda-ykdysady we maýagoýum hyzmatdaşlygyna uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyň görkezdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de Kataryň döwlet düzümleriniň we iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary Dohada Katar Döwletiniň degişli ministrlikleriniň, edaralarynyň we ýokary okuw mekdeplelriniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.
Umuman, geçirilen gepleşikleriň jemleri iki hyzmatdaş ýurduň we olaryň Liderleriniň arasynda emele gelen özara düşünişmegiň ýokary derejesini, Türkmenistanyň hem-de Katar Döwletiniň iki halkyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmäge hemmetaraplaýyn taýýardygyny görkezdi.