Şu gün ýurdumyzda gowaça ekişi başlandy. Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine girişdiler. Biraz soňra, 29-njy martda olara Daşoguz welaýatynyň ekerançylary hem goşular.
Şu ýyl Türkmenistanda 545 müň gektara gowaça ekiler. “Ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny, şol sanda Ahal welaýatynda 207 müň tonnasyny, Daşoguz welaýatynda 230 müň tonnasyny, Lebap welaýatynda 300 müň tonnasyny, Mary welaýatynda 313 müň tonnasyny öndürmek bellenildi.
Ekişe gowaçanyň orta süýümli we inçe süýümli sortlarynyň saýlama tohumlarynyň 65 müň tonnadan gowragy taýýarlanyldy. Pagtanyň orta süýümli sortlary Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ösdürip ýetişdirilýär. Olaryň hatarynda ýokary hasyllylygy, süýüminiň uzynlygy we arassalygy bilen tapawutlanýan“133”, “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Serdar”, “S-4727”, “Ýolöten-39” sortlary has köp ekilýär. Pagtanyň inçe süýümli “Ýolöten-14” we beýleki sortlary ýurdumyzyň iki welaýatynda—Mary we Ahal welaýatlarynda ekiler.
Şu ekiş möwsüminde dürli kysymdaky traktorlaryň 7 müň 600-den gowragy, ekijileriň 3 müň 200 gowragy, gowaça kultiwatorlarynyň, boronalaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň 7 müňden gowragy işlediler. Olar ekişi bökdençsiz geçirmegi üpjün etmek, beýleki agrotehniki çäreleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolup durýar. Täze oba hojalyk möwsümine etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biolaboratoriýalaryň 379-sy taýýarlanylýar. Olar pagtaçylary gowaça zyýan berijilere garşy ulanylýan, ekologiýa taýdan arassa we ykdysady taýdan amatly bioönümler bilen üpjün eder.
Şeýle hem şu gün Balkan welaýatynda gök bakja önümleriniň we ot-iýmlik ekinleriň ekişine badalga berildi.
Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikasynyň we Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän kärhanalarynyň önümleriniň sergileri guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we tans-halk döredijiligi toparlary pagtaçylar üçin aýdym-saz sowgatlaryny taýýarladylar.
Degişli ulgamda uly möçberli maýa goýumlary bilen berkidilen düýpli özgertmeleriň geçirilmegi, oba hojalyk tehnikalarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikasynyň ulanylmagy netijesinde oba hojalyk pudagynyň işiniň netijeliligi ýokarlanýar. Pagtaçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, täze döwrebap zawodlaryň gurulmagyna uly üns berilýär. Mysal üçin, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç, Mary welaýatynyň Sakarçäge, Ahal welaýatynyň Altyn asyr hem-de Lebap welaýatynyň Garabekewül etraplarynda gurlan pagta arassalaýjy kärhanalar pudagyň düzüminiň üstüni ýetirdi. Olaryň her birinde ýylda 40 müň tonna pagta gaýtadan işlenilip, geljekki hasyl üçin ýokary hilli tohum taýýarlanylýar.