Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-slowen toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.