14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Brent Kysymly Nebitiň Bahalarynyň Aşaklamagy Haýallady

Brent Kysymly Nebitiň Bahalarynyň Aşaklamagy Haýallady

ABŞ-da «gara altynyň» ätiýaçlyklarynyň artmagy barada Amerikanyň nebit institutynyň (API) berýän maglumatlary netijesinde geçen ýylyň 30-njy noýabryndan bäri iň aşak derejä düşen Brent kysymly nebitiň bahalary pese düşmegini az-kem haýallatdy, diýip Ria Nowosti 22-nji martyň söwda geleşiklerine salgylanyp habar berýär.

15:54 wagta çenli ýagdaýda Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň maýdaky fýuçersleriniň bahasy 1,47 göterim aşaklap — barrel üçin 50,21 dollara barabar boldy. Öňräk söwda geleşikleriniň barşynda bu görkeziji 50,06 dollara çenli aşaklady. Bu bolsa 2016-njy ýylyň 30-njy noýabryndan bäri ilkinji gezek şoňa barabar boldy. WTI kysymly nebitiň maýdaky fýuçersleriniň bahasy 1,45 göterim aşaklap, barrel üçin 47,54 dollara ýetdi.

API-niň hasabatyna görä, 17-nji martda tamamlanan hepdede ABŞ-nyň nebit ätiýaçlyklary 4,5 million barrel artdy. Analitikler bu görkezijiniň 2,8 million barrel artmagyna garaşýardylar. Ýurtdaky iň iri Kuşing (Cushing) terminalynyň ätiýaçlyklary 2 million barrel artdy.

Indi maýadarlar ýurduň eregetika ministrliginiň ABŞ-nyň ätiýaçlyklary baradaky resmi statistikasyna garaşýarlar. Reýter agentligi tarapyndan sorag edilen bilermenler ösüşiň 2,801 million barrel ýa-da 0,53 göterim artyp, 531 milliona ýetmegini çaklaýarlar.

Commerzbank-yň analitiki Karsten Friçiň (Carsten Fritsch) aýtmagyna görä, eger-de ABŞ-nyň energetika ministrliginiň statistikasy API-niň maglumatlary bilen deň gelse, onda Brent kysymly nebitiň bahasy barrel üçin 50 dollardan hem aşak düşüp biler.

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

Ženewada “Hazar Deňzi Sebitiniň Ulag-Aragatnaşyk Mümkinçilikleri: Azerbaýjan we Türkmenistan-Iň Gysga Ýol” Atly Tegelek Stol Geçirildi

turkmenhabargullugy

“Merkezi Aziýa Üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkezi: Sebitde Parahatçylyk we Gülläp Ösüş Maksatlarynda Merkezi Aziýa Bilen 10 Ýyl Hyzmatdaşlyk” Atly Halkara Maslahaty