Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Karen Karapetýanyň Türkmenistana saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurduň hökümetiniň Baştutany bilen bolan duşuşygyndan soň, iki ýurduň wekiliýetleriniň giňişleýin düzümdäki mejlisi geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda wekiliýetleriň agzalary sebit we halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň, birek-birege iberilýän harytlaryň sanawyny giňeltmegiň hasabyna netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge
çalyşylýandygy bellenildi. Taraplar ulag-aragatnaşyk we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda pikirlerini aýtdylar. Ynsanperwer-medeni ulgamda, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak işinde özara gatnaşyklary giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.