13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri Garlykda Dag-Magdan Baýlaşdyryjy Toplumy Açdylar

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri Garlykda Dag-Magdan Baýlaşdyryjy Toplumy Açdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanda saparda bolýan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesinde gurlan kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Döwlet Baştutanlary toplumyň merkezi derwezesiniň ýanynda bilelikde täze desganyň toý bagyny kesdiler.

Ýylda 1 million 400 müň tonna kaliý hloridini öndürnýän kuwwaty bolan iri senagat merkeziniň binýady 2009-njy ýylyň 19-njy iýunynda türkmen we belparus Liderleri tarapyndan tutuldy. Tlplumyň önümçiligi ýurdumyzyň kaliý dökünlerine bolan isleglerini kanagatlandyrar we onuň ep-esli möçberlini eksporta ugratmaga mümkinçilik berer.

Düýn Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşiklerinde bu senagat toplumy iki ýurduň ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzýändigi bellenildi. Şunuň ýaly giň möçberli bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi belarus bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny äşgär etdi. Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça söwda-ykdysady, medeniýet we syýahatçylyk, bilim, ylym we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalar toplumyna gol çekildi.

Degişli makalalar

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Boýunça Türkmen-Ukrain Toparynyň Mejlisi

syrach

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleri özleriniň hünär baýramçylygyny belleýärler

syrach

Litwa Respublikasynyň wekiliýetiniň sapary

syrach