Şu günler Aşgabatda ýerasty geçelgelerini gurmagyň möçberi ýokarlanýar. Munuň özi ilatyň hem-de awtoulaglaryň sanynyň üznüksiz artmagy bilen baglydyr. Hereketiň howpsuzlygyny, ilkinji nobatda, pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etjek ýerasty geçelgeler Azady köçesiniň köp hereketli böleklerinde — “Gülüstan” söwda merkeziniň hem-de “Teke bazaryň” töwereginde gurulýar. Bu ýerde ýoluň gatnawly böleginden günüň dowamynda müňlerçe adamlar geçip, belli söwda merkezlerinde söwda etmäge barýarlar. Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça şäheriň awtoulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmak bilen meşgullanýan “Nata Inşaat Turism Ticaret ve Sanaýi A.Ş.” türk kompaniýasy ýerasty pyýada geçelgelerini gurmagyň döwrebap tehnologiýalaryny ulanmak bilen şeýle desgalary köçeleriň gatnaw böleginiň astyndan gurýar.
Şäher ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça işler dowam edýär, köprüleriň, ýerasty we ýerüsti pyýada geçelgeleriniň köp sanlysy guruldy, köçeleriň onlarçasynda ýol örtügini täzelemek dowam edýär.