6.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Ukraina döwlet sapary gurşayar.

Häzirki taryhy eýýamda däp bolan türkmen-ukrain dostluk gatnaşyklary täze ýokary göterilişe eýe bolýar, şol gatnaşyklaryň ýokary derejeli we iki ýurduň doly möçberli hyzmatdaşlygy maksat edinmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu babatda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň Ukraina şu saparyna möhüm ähmiýet berýärler, şol saparyň döwlet derejesi hem muny tassyklaýar. Döwletara gatnaşyklaryny okgunly ösdürmegiň ýolunda täze aýgytly ädim boljak ýokary derejedäki nobatdaky gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri we ony mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşylar.

Deňhukuklylyk, ikitaraplaýyn bähbitlilik, uzakmöhletleýinlik we birek-biregiň bähbitlerine sarpa goýmak ýörelgelerine esaslanan, iki ýurt tarapyndan toplanan özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesi netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak hem-de giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän we goňşy ýurtlar bilen hem, dünýäniň ähli sebitlerinde ýerleşen ýurtlar bilen hem oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny hut şu ýörelgeler häsiýetlendirýär.

Türkmenistan we Ukraina uzakmöhletleýin hyzmatdaşlar bolmak bilen, özara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini doly derejede netijeli durmuşa geçirmegi maksat edinýändiklerini görkezýärler. Şunda soňky ýyllarda türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň taraplaryň üýtgewsiz hoşniýetli erk-islegi netijesinde täze kuwwatly itergä eýe bolandygyny belläp geçmek gerek. Mälim bolşy ýaly, netijeli döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek meselesi Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde geçen ýylyň sentýabrynda Aşgabatda bolan ýokary derejedäki gepleşikleriň gün tertibine girizildi. Şol gepleşikleriň jemleri boýunça hyzmatdaşlygyň mäkäm kadalaşdyryjy–hukuk binýadynyň üstüni ýetiren we möhüm ugurlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Eger söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda söz açylsa, onda Türkmenistanyň we Ukrainanyň şol hyzmatdaşlyga hil taýdan täze, häzirki döwrüň anyk şertlerine laýyk gelýän mazmun bermek, iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, işewür gatnaşyklaryň mazmunyny baýlaşdyrmak hem-de giňeltmek üçin ähli zerur mümkinçilikler bardyr. Ukrain kompaniýalary depginli ösýän, amatly maýa goýum şertleri döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýärler, olaryň arasynda eýýäm işleýänleri hem, biziň ýurdumyzyň mümkin bolan hyzmatdaşlary hem bar.

Bu babatda bilelikdäki Hökümetara toparyna, şeýle hem özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary höweslendirmegiň täsirli usuly hökmünde synagdan geçen işewürlik maslahatlaryna möhüm orun berilýär. 12-nji martda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ukraina döwlet saparynyň öňüsyrasynda Kiýewde, Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynda nobatdaky üçünji türkmen-ukrain işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň işine iki ýurduň hökümet agzalary, Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň, şeýle hem energetika ulgamynda, nebitgaz toplumynda, gurluşyk we ulag pudaklarynda, maliýe-bank ulgamynda, innowasion tehnologiýalar babatda, oba hojalygynda, azyk senagatynda we başga ugurlarda ýöriteleşýän esasy ukrain kompaniýalarynyň ýüzden gowragynyň wekilleri gatnaşdylar. Özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanylyp pikir alyşmagyň çäklerinde taraplaryň ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy barada aýdyldy.

Işewürlik maslahatyň barşynda çykyşlar diňlenildi, şolarda iki döwletleriň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberlerini we sanawyny giňeltmek, hökümetara we işewürlik derejesinde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek we başgalar boýunça dürli meselelere hem-de tekliplere garaldy. Garaşylyşy ýaly, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hakyndaky teklipler aýratyn gyzyklanma döretdi. Işewürlik maslahatynyň barşynda Türkmenistan hem-de Ukraina hakyndaky wideofilmler görkezildi, olar maslahata gatnaşyjylara ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarda iki ýurduň gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Gol çekilen “Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyk“ işewürlik forumynyň äşgär netijeleriniň biri boldy. Munuň özi türkmen-ukrain gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge hyzmat eder.

Umumy mejlis tamamlanandan soň maslahatyň işewürlik bölümini türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň öz ukrain kärdeşleri bilen, şeýle hem Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri hem-de duşuşyklary dowam etdi.

Häzirki wagtda türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyna dürli pudaklarda durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi girýär. Şolaryň hatarynda sebitleýin ähmiýeti bolan Atamyrat-Kerkiçi demir ýol köprüsiniň gurulmagy we Amyderýanyň üstünden gurluşygy dowam edýän awtomobil köprüsini gurmak ýaly iri taslamalar bar. Iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ykdysadyýetiň we senagatyň ýokary tehnologiki ulgamlarynda, ýangyç-energetika toplumynda, maşyn gurluşygynda, oba hojalygynda, ulag we aragatnaşyk ugry boýunça, şeýle hem syýahatçylykda özara gatnaşyklaryň geljegi uludyr. Gepiň gerdişine görä aýdylsa, Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet saparynyň maksatnamasynda ukrain kompaniýalaryny tanyşdyryş çäresi göz öňünde tutulýar. Garaşylyşy ýaly, oňa iki döwletiň Baştutanlary gatnaşar.

Biziň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady ösüşiň uly möçberli toplumlaýyn maksatnamalary bilen iki ýurduň sebitleriniň arasynda ýakyndan hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda hem örän amatly mümkinçilikler açylýar. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň saparynyň öňüsyrasynda gelen Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň girendigi hem şunuň bilen şertlenendir. Hususan-da, şu maksatlar bilen birnäçe welaýatlaryň häkimleri Ukrainanyň esasy senagat sebitleri bolan Donesk we Harkow oblastlarynyň dolandyryş merkezine baryp gördüler, şol oblastlarda kömür we himiýa senagaty, elektrik energetikasy, gara hem-de reňkli metallurgiýa, maşyn gurluşygy, gurluşyk materiallaryny öndürmek, ýeňil we azyk senagaty hem-de beýleki ugurlar ýaly iri pudaklaryň önümçilik toplumlary jemlenendir.

Ulag-aragatnaşyk ulgamy we syýahatçylyk ýaly ileri tutulýan ugurlarda, şeýle hem beýleki birnäçe pudaklar boýunça ukrain hyzmatdaşlarymyzyň tejribesini öwrenmek ýurduň iri ykdysady, medeni we şypahana merkezi bolan port şäheri Odessa baryp görülmeginiň maksady boldy. Elbetde, Türkmenistanyň welaýatlarynyň, şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylaryny Ukrainanyň paýtagty bolan Kiýew şäherini we onuň töweregini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň tejribesi gyzyklandyrdy. Bir söz bilen aýdylanda, sebitleýin derejesinde göni aragatnaşyklaryň ýola goýulmagy döwletara gatnaşyklarynyň gerimini düýpli giňeltmäge ýardam eder, onuň täze, geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge, diýmek, iki tarap üçin doly derejede peýdalanmak bilen hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini has doly derejede durmuşa geçirmäge ýardam eder.

Gumanitar hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar. Ylym we bilim ulgamynda, şeýle-de medeniýet hem-de sungat babatda netijeli aragatnaşyklary giňeltmek gürrüňsiz suratda iki döwletiň we halklaryň arasynda däp bolan dostluk, özara düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat eder. Görnükli türkmen we ukrain söz ussatlary Magtymguly Pyragynyň Kiýewdäki hem-de Taras Şewçenkonyň Aşgabatdaky ýadygärlikleri munuň ajaýyp mysallarydyr.

Bu meseläni dowam edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet saparynyň öňüsyrasynda Kiýewde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ukrain diline terjime edilen, resminamalaýyn maglumatlara esaslanan hem-de türkmen döwletiniň Baştutanynyň durmuş ýoly we köptaraply işi hakynda gürrüň berýän “Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk” atly kitabyň hem-de “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” we “Ganatly bedewler” atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň bolandygyny belläp geçmelidiris.

Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçen tanyşdyrylyş çärelerine iki ýurduň hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, edebiýatçylar, neşirýatlaryň, işewür toparlaryň, habar beriş serişdeleriniň, giň jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň dürli dillerine , şol sanda ukrain diline terjime edilen kitaplary okyjylara türkmen halkynyň baý medeni mirasy, onuň şöhratly däpleri bilen tanyşmaga, şeýle hem öňdebaryjy özgertmeleriň ýoly bilen gadam urýan häzirki zaman Türkmenistany hakynda has köp bilmäge özboluşly mümkinçilik berýändigini bellediler.

12-nji martda agşam bolsa Kiýewiň T.G.Şewçenko adyndaky Akademiki opera we balet teatrynyň sahnasynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti üstünlikli geçirildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ukraina bu döwlet sapary türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň meseleleriniň giň toparyny gurşap almak bilen, iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän we häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykýan oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam eder, şol saparyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

syrach

“Nebitçi II” Bilen “Köpetdag II” Toparlary Eýeleýän…

turkmenhabargullugy

Türkmen Goragçysy Braziliýaly Hüjümçiden Öňe Geçdi

turkmenhabargullugy