Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanda resmi saparda bolýan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýurdumyzdaky ilkinji hem-de Merkezi Aziýa sebitindäki iri Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdylar.
Düýn Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli türkmen-belarus gepleşikleriniň barşynda bu ägirt uly senagat kärhanasy iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň öňbaşçysy diýlip atlandyryldy. Şeýle bilelikdäki giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi Belarus bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň uly kuwwatyny görkezdi.
Ozal habar berlişi ýaly, ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça söwda-ykdysady, medeniýet we syýahatçylyk, bilim, ylym we ýokary tehnologiýalar ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Köýtendag etrabyndaky şu günki wakalara geçmek bilen, bu ülkäniň ýerasty baýlyklary ummasyz mineral serişdelere, şol sanda kaliý we daş duzunyň, kükürdiň, misiň, ýarym metallaryň, mermer oniksiň, germaniniň, baritiň, selestiniň we beýlekileriň iri ýataklaryna eýedigini bellemelidiris. Olaryň hatarynda gorlary boýunça örän baý bolan Garlyk kaliý duz ýatagy bar. Ol Magdanlydan, takmynan, 35 kilometr uzaklykda ýerleşýär.
Bu ýatagyň özleşdirilmegi, ekinleriň hasyllylygyny we gurak hem-de sowuk howa, zyýankeşlere we dürli kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän kaliý dökünleriniň öndürilişiniň ýola goýulmagy okgunly ösýän oba hojalyk pudagynyň dökünlere bolan islegini doly üpjün etmäge, ýurdumyzyň himiýaçylary tarapyndan çykarylýan eksport ugurly önümleriniň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda bu ýerde täze senagat merkezi döredilýär. 2013-nji ýylda açylan, ýyllyk kuwwaty bir million tonna önüme barabar bolan sement zawody bu işiň başyny başlady. “Türkmendaşlary” kärhanasy üstünlikli işleýär, bu ýerden ýurdumyzyň täze gurluşyklaryna her ýylda inert gurluşyk materiallarynyň köp görnüşleriniň bir million kub metrinden gowragy iberilýär. Ine, şu gün hem bu senagat merkezi Türkmenistanyň dag-magdan senagatynyň ilkinji kärhanasy bilen ýetirildi.
Toplumyň giň çägi baýramçylyk lybasyna beslenipdir, Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Döwlet baýdaklary hem-de şygarlary bilen bezelipdir. Bu ýerde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aleksandr Lukaşenkonyň suratlary ýerleşdirilen uly pannolar, täze kärhananyň möçberi we abadanlaşdyrylyşy barada aýdyň düşünje berýän dürli diwarlyklar hem-de maketler ornaşdyrylypdyr.
Milli Liderimiziň dikuçary kärhananyň golaýynda ýörite meýdança gonýar. Çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Döwlet Baştutanymyzy il sylagly ýaşulular duz-çörek bilen garşylaýarlar. Din wekilleri aýat-töwir okaýarlar. Şu ýerde milli Liderimiziň hormatly ýaşulular bilen söhbetdeşligi boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow lebaplylaryň saglygy, ýaşaýyş-durmuşy, iş-aladalary, welaýatda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler baradaky pikiri bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz Lebaby ösdürmegiň geljegi, onuň baý serişdeleriniň özleşdirilişi hem-de ägirt uly kuwwatyndan peýdalanmak boýunça amala aşyrylýan işler barada gürrüň berdi.
Dag-magdan baýlaşdyryjy kärhananyň sebit hem-de tutuş ýurdumyz üçin ähmiýeti, demir ýol we awtoulag düzüminiň ösdürilişi Merkezi Aziýa giňişliginde hem-de yklymda multimodal logistik ulgamy döretmekde Türkmenistanyň eýeleýän orny barada söhbet edildi.
Döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululara ýüzlenip, olaryň ýurdumyzyň öňünde durýan giň möçberli wezipeler babatda häzirki wagtda zerur bolup durýan pähim-paýhasynyň hem-de tejribesiniň ýurdumyzyň ruhy gymmatlygydygyny aýtdy. Ýaşulularyň maslahatlarynda siz gymmatly we parasatly maslahatlaryňyzy hem-de öwüt-ündewleriňizi berýärsiňiz, olar bize möhüm çözgütleri kabul etmekde ugur görkeziji bolup hyzmat edýär diýip, milli Liderimiz belledi. Ahal welaýatynda geçiriljek ýaşulularyň nobatdaky maslahatynda siziň bilen ýene-de ýakyn geljek üçin göz öňünde tutulan işleri ara alyp maslahatlaşarys, şunda siziň pikiriňize we goldawyňyza bil baglaýarys.
Hormatly Prezidentimiz hormatly ýaşululara ilat arasynda, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda alyp barýan terbiýeçilik işleri üçin çuňňur minnetdarlyk bildirip, olara berk jan saglyk, uzak ömür we güýç-kuwwat arzuw etdi. Biz siziň döwlet işlerine işjeň gatnaşmagyňyza umyt edýäris. Şol işleriň maksady bolsa, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly ýaşulular sebitiň ýaşaýjylarynyň ählisiniň adyndan milli Liderimize türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak barada edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Biraz wagtdan soň, Garlyk kombinatynyň dikuçar meýdançasyna Belarus Respublikasynyň Prezidenti gelýär. Milli lybasly oglan we gyz belent mertebeli myhmana gül desselerini gowşurýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belarus kärdeşini garşylaýar. Döwlet Baştutanlary mähirli görşenlerinden soň, türgenleriň görkezme çykyşlaryna tomaşa edýärler. Olar Aziada — 2017-niň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşleri we beýlekiler boýunça ussatlyklaryny görkezýärler. Göreş düşekçelerinde pälwanlar göreşýärler, olaryň golaýynda samboçylar güýç synanyşýarlar. Şeýle hem bu ýerde dzýudoçylaryň we karateçileriň, nusgawy göreşiň pälwanlarynyň tutluşygyna hem-de çeper gimnastikaçylaryň çykyşyna syn etmek bolýar. Beýleki meýdançalarda bolsa futbolçylar, woleýbolçylar, gandbolçylar, batutlarda bökýän akrobatlar ussatlyklaryny görkezýärler.
Aýdym-sazyň owazynyň belentden ýaňlanmagy, joşgunly tanslaryň hem-de döredijilik toparlary tarapyndan taýýarlanylan folklor kompozisiýalaryň ýerine ýetirilmegi dabara özboluşly öwüşgin çaýýar. Teatr artistleri milli gahrymanlaryň, türkmen we belarus şahyrlarynyň hem-de filosoflaryň—Magtymguly Pyragynyň we Fransisk Skorinanyň keşplerini döretdiler.
Meşhur türkmen we belarus aýdymlaryndan düzülen konsert çykyşy hem örän täsirli boldy. Bu ýere ýygnananlaryň köpüsi meşhur “Pesnýary” toparynyň birmahallar ýerine ýetiren “Belaýa Rus, ty moýa” diýen aýdymyny bada-bat tanadylar. Belarus we türkmen äheňleri tansly çykyşda hem öz beýanyny tapdy. Kaliý magdanynyň reňkindäki we himiýa formulalary çekilen lybaslary geýnen çagalaryň çykyşy ýygnananlarda iň ýakymly duýgulary galdyrdy.
Bu ýerde üme türkmen halk dessurynyň berjaý edilişi görkezildi. Şonda aýal-gyzlar bir ýere jemlenip, tikinçilik, haly dokamak bilen meşgul bolýardylar we aýdym aýdýardylar.
Dabara gatnaşýanlaryň “Ýaşasyn türkmen-belarus dostlugy!” diýen joşgunly sesleriniň astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko dag-magdan baýlaşdyryjy kärhanasynyň derwezesine barýarlar we toý bagyny kesýärler.
Soňra döwlet Baştutanlary bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergä syn etdiler. Giň gerimli sergide ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümler ýerleşdirildi. Serginiň birinji bölümi obasenagat toplumyna bagyşlanýar, ol gallaçylyk pudagy bilen açylýar. Çörek-bulka önümleriniň arasynda milli çörekler has-da ünsüňi özüne çekýär. Olaryň iň ulusynda “Lebap” diýlip ýazylypdyr. Şol ýerde un üweýän kärhanalaryň önümleri, türkmen daýhanlarynyň ýetişdirýän bugdaýynyň nusgalary hem ýerleşdirilipdir. Şondan aňyrrakda süýji-köke we unaş önümleri hem-de beýlekiler goýlupdyr.
Bu ýerde ter gök önümleriň we miweleriň, ekin meýdanlarynyň we baglaryň dürli önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Olaryň hatarynda alma, armyt, üzüm, nar, garaly, limon, hyýar, pomidor, käşir, badamjan, kelem, şugundyr, sogan, ajy we bulgar burçy, kartoşka we beýlekiler bar. Ýurdumyzyň ekerançylygynyň ýylyň bütin dowamynda türkmenistanlylaryň saçaklaryny doldurýan önümleri barmak büküp sanardan örän köpdür. Edermen daýhanlarymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýärler hem-de daşary bazarlara çykmaga taýýardyr.
Türkmenistanyň azyk pudagynyň onlarça ugurlarynyň biri hökmünde hozlar hem-de guradylan miweler sergide möhüm orun eýeläpdir. Bu ýerde önümleriň köp görnüşleri, şol sanda grek hozy we pisse, kişde, hurma we injir, kişmiş hem-de beýleki dürli nygmatlar ýerleşdirilipdir. Ýöne örän peýdaly süýjülikleriň arasynda gawun kaky aýratyn orun eýeleýär.
Serginiň dokma bölümi hem daşary ýurtly myhmanlaryň aýratyn gyzyklanmasyny döretdi. Bu bölümde taýýar önümler we pudak üçin çig mallar görkezilýär. Önümçilik işi gowaça meýdanyndan başlanýar, şoňa görä-de, bu bölümiň ekspozisiýasy hem gozaly gowaçalardan, tohumlaryň naýbaşy görnüşinden başlanyp, ýüplükler, matalaryň dürli görnüşleri we tikin hem-de dokma önümleri bilen dowam edýär. Adaty hem-de sport lybaslarynda milli we döwrebap bezegler beýan edilipdir. Harytlaryň uly böleginde Aziada — 2017-niň nyşanlary şekillendirilipdir. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu nyşanlar bezeg babatda giňden ulanylýar.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko serginiň bu böleginiň golaýynda aýak çekip, dokma pudagy ugry boýunça özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Belarus Lideri türkmen pagta süýüminiň hiline aýratyn üns berdi. Şol süýümden ekologiýa taýdan arassa hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümler öndürilýär.
Bu serginiň düýn geçirilen gepleşikleriň özboluşly dowamy bolandygyny ynamly aýtmak bolar. Şol gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Belarusa iberilýän dokma hem-de ýeňil senagatynyň önümleriniň möçberlerini artdyrmaga taýýardygy barada hem gürrüň edildi.
Soňra sergi etnografiki bölüm bilen dowam etdi, köp sanly tagta sekileriň üstünde milli çeperçilik senetleriniň hem-de amaly-haşam sungatynyň önümleri goýlupdyr. Bu ýerde keçeleriň we halylaryň, torbajyklaryň hem-de haly ýüplüklerinden dürli sowgatlyk önümleriň we keteni matanyň taýýarlanylyşynyň, şeýle hem owadan keşdeli milli lybaslaryň nusgalaryny, ajaýyp zergärçilik önümlerini görmek bolýar. Halk senetçiliginiň ajaýyp däpleri biziň döwrümizde aýawly saklanyp, nesilden-nesle geçirilýär. Milli sazyň döredijilik mekdeplerinde hem bu ýörelgä eýerilýär. Halk arasynda giňden meşhur bolan dutar milli aýdym-saz sungatynyň nyşany hasaplanylýar.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko dutarda saz çalyp, aýdym aýdýan bagşylaryň golaýynda aýak çekýärler. Olar halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirmekde ussatlyklaryny görkezip, tomaşaçylara lezzet berýärler. Olaryň sungaty bu ýere ýygnananlaryň hemmesini haýran galdyrýar.
Türkmen halkynyň aýdym-saz däpleri halk saz gurallarynda—depreklerde, gopuzlarda we beýleki gurallarda ýerine ýetirilen mukamlarda hem öz beýanyny tapdy. Ýöne käselerde ýerine ýetirilen özboluşly sazlar ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Halk arasynda “käseçiler” diýlip atlandyrylýan sazandalar käsejiklere taýajyklar bilen kakyp, dürli öwüşginli owazlary çykarýarlar. Munuň özi Lebabyň döredijilik däbidir. Onuň esasynda özboluşly sazçylyk topary döredildi.
Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri haly düşelen ýodajyk bilen toplumyň çäginde ýörite gurnalan ýere tarap ugraýarlar.
Bu ýere kaliý kombinatynyň gurluşykçylary we hünärmenleri ýygnandylar. Olar iki döwletiň Liderlerini mähirli garşylaýar.
Alypbaryjylar täze senagat desgasynyň açylyş dabarasynyň başlanýandygyny yglan edýärler we dabara gatnaşyjylara Türkmenistanyň himiýa senagatynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan wideofilmi hödürleýärler.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Aleksandr Lukaşenkony we Belarusuň hökümet wekiliýetiniň agzalaryny, ýygnananlaryň ählisini sahawatly türkmen topragynda, Lebap welaýatynda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Garlyk dag-magdan toplumynyň işe girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri bolan himiýa senagatyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan uly işler oňyn netijelerini berýär diýip, milli Liderimiz belledi. Ýerli çig mal serişdeleriniň rejeli we netijeli ulanylmagy ýurdumyzyň içinde hem, onuň çäklerinden daşarda hem uly islegden peýdalanýan himiýa önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.
Häzir bu pudakda uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi amala aşyrylýar. Bu taslamalar oba hojalyk işgärlerine ekinleriň hasylyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan mineral dökünleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga we görnüşlerini giňeltmäge gönükdirilýär.
Şeýle taslamalaryň biri hem ýylda 1 million 400 müň tonna kaliý hloridini öndürýän dag-magdan toplumynyň gurluşygydyr. 2009-njy ýylyň iýun aýynda bu ýerde türkmen we belarus Liderleriniň gatnaşmagynda onuň düýbi tutuldy. Bu iri desganyň gurluşygy «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Belarus Respublikasynyň «Belgorhimprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda 2010-njy ýylyň ýanwarynda baglaşylan şertnama laýyklykda amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün ulanmaga berilýän dag-magdan toplumynyň dag-himiýa senagatyny ösdürmegiň täze ugruny döretmegiň esasyny goýýandygyny aýratyn nygtady. Bu toplum ýerasty we ýerüsti desgalardan ybarat bolan ýokary tehnologiýaly senagat desgasydyr. Bu ýerde çig mal çykarmak üçin dik şahta guýularynyň ikisi guruldy.
Çuňlugy 364 metr bolan birinji şahta guýusy boýunça kaliý magdany ýokary çykarylar. Çuňlugy 308 metr bolan ikinji şahta guýusy bolsa, işgärleri we enjamlary düşürmek hem-de galdyrmak üçin niýetlenendir. Kaliý magdanynyň gazylyp çykarylmagy dag geçiş toplumlarynyň kömegi bilen doly derejede enjamlaşdyrylan usulda amala aşyrylar. Üstki gatlaga çykarylan kaliý magdany soňra gaýtadan işlenip, gymmat bahaly dökün bolan kaliý hloridi öndüriler.
Bu ýerde taslama boýunça ýylda digirlenen görnüşli önümiň 600 müň tonnasyny we maýda üwelen önümiň hem 800 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Önümiň ählisi dünýä ölçeglerine laýyk geler. Öndürilýän bu önümler diňe bir Türkmenistanyň kaliý dökünlerine bolan içerki isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň ep-esli möçberini daşary ýurtlara ibermäge hem mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Kärhanada Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, ABŞ-dan, Russiýadan we Belarusdan getirilen, dünýäniň belli önüm öndürijileriniň kämil tehnologik enjamlary gurnaldy. Bu enjamlary işletjek işgärleri taýýarlamak üçin toplumyň gurluşygynyň çäklerinde ýokary bilimli ökde hünärmenleri, orta tehniki bilimli işgärleri we işçileri taýýarlamak maksatnamasy hem göz öňünde tutuldy.
Garlyk kaliý dag magdan toplumynyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 1600-den gowrak täze iş orunlary dörär. Bu bolsa, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Umuman, Türkmenistanyň senagat pudagynyň ösmegine saldamly goşant goşar.
Milli ykdysadyýetimiziň güýçli depginler bilen ösmegi mähriban halkymyzyň bolelin we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün eder, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda himiýa senagatynda hem ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Milli Liderimiz hemmeleri ýurdumyzyň dag-himiýa senagatynyň iri önümçilik desgasy bolan, türkmen-belarus gatnaşyklarynyň we ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalyna öwrülen Garlyk dag-magdan toplumynyň işe girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz ildeşlerimize ýüzlenip, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin göz öňünde tutulan strategiki maksatnamalary ýerine ýetirmek, belent maksatlara tarap ynamly öňe barýan döwletimiziň tutuş ykdysady syýasaty üçin täze senagat kärhanasynyň möhüm ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtady. “Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!” diýip, döwlet Baştutanymyz ruhubelentlik bilen aýtdy. Ýygnananlaryň ählisi bu parasatly sözleri agzybirlik bilen alyp göterdiler.
Milli Liderimiz Prezident Aleksandr Lukaşenko hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryna, hormatly myhmanlara baýramçylyk şatlygyny paýlaşandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Belarus Respublikasynyň Prezidenti çykyş edip, ähli türkmen halkyny şanly waka — Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň açylmagy bilen gutlady. Onuň gurluşygynda hünärmenleriň we gurluşykçylaryň uly topary işledi. Şol toparyň üçden biri belaruslardan, üçden ikisi bolsa türkmenistanlylardan ybarat boldy. Ähli kynçylyklary ýeňip geçip, biz bilelikde bu çylşyrymly desganyň gurluşygyny tamamladyk diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.
Tebigy serişdelere baý bolan ülkede iki ýurduň gurluşykçylary Merkezi Aziýadaky iri kaliý dökünlerini öndürýän toplumy gurdular. Dag-himiýa senagatynyň bu ulgamda iň täze tehnologiýalara esaslanýan düýbünden täze pudagy döredildi. Bu wezipäniň ýerine ýetirilmegi uly synag hem-de geljekde gerek boljak oňyn tejribe boldy. Çünki, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň göz öňünde tutulan meýilnamalaryndan çen tutsaň, ýene birnäçe ýyldan Türkmenistanyň ykdysadyýetine uly ösüş garaşýar diýip, Belarus Respublikasynyň baştutany aýratyn nygtady.
Garlyk kärhanasynyň gurulmagy şeýle taslamalaryň sebitde durmuşa geçirilmegine täze kuwwatly itergi berdi diýip, Aleksandr Lukaşenko aýtdy. Şeýle desgalar üçin deňi-taýy bolmadyk gurluşygyň kadaly bahasyny saklap galmak, işleriň ýokary hilini we depginini üpjün etmek başartdy.
Belarusuň Baştutany kärhanada öndürilen kaliý dökünleriniň ilkinji müňlerçe tonnasyny goňşy Owganystana ibermek baradaky çözgüdi eşidende, özüniň haýran galandygyny we ýakymly duýgulary başdan geçirendigini aýtdy. “Ine, şeýle ýaşamaly! Hut şeýle edilende, seni hormatlarlar, saňa tarap ymtylarlar we hemişe alkyş aýdarlar. Bu beýik çözgüt” diýip, ol aýtdy.
Belarusuň Prezidenti şu günki şanly wakanyň Türkmenistanyň halky üçin taryhy ädimi alamatlandyrýandygyny nygtady. Täze kuwwatly, örän girdejili önümçiligiň işe girizilmegi bilen, bir ýarym müňden gowrak, soňra bolsa şondan hem köpräk — iki müňe çenli ýokary öndürijilikli iş orunlary dörediler.
Üpjünçilik, logistika, önümleri ýerlemek, bazary öwrenmek ýaly utgaşykly ulgamlarda zähmet serişdeleri zerur bolar. Ýokary tehnologiýaly toplum IT-hünärmenleri hem özüne çeker. Häzirki wagtda şol hünärmenlersiz iri kärhanalaryň işini, marketing barlaglaryny guramagy göz öňüne getirmek kyndyr.
Meýilnamalarda göz öňünde tutulan şeýle toplumlaryň ýene-de ikisiniň gurulmagy bilen Türkmenistan dünýäde kaliý dökünlerini öndürmekde öňbaşçy bolar. Belarusuň Baştutany himiýa senagatynyň ösüşiniň şeýle ugruny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategik, parasatly çözgüdi diýip atlandyrdy. Çünki bütin dünýäde oba hojalyk serişdelerine, azyk önümlerine islegler barha artýar. Bu meseläniň oňyn çözülmegi bolsa ýerleriň hasyllylygyna, dökünlere baglydyr.
Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň ösüşine kuwwatly itergi berler diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko aýtdy. Oba hojalyk pudagy özüniň kaliý dökünlerine eýe bolmak bilen, önümleriň daşary bazarlardaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyryp hem-de eksportdan gelýän girdejileri artdyryp biler.
Belarus-türkmen gatnaşyklarynda täze ugruň peýda bolýandygy örän wajypdyr. Biziň ýurtlarymyz bu ugurda mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk edip, birek-biregi baýlaşdyryp biler diýip, belent mertebeli myhman nygtady we türkmen kärdeşine ynamy hem-de özara düşünilmegi üçin hoşallyk bildirdi.
Prezident Aleksandr Lukaşenko bu taslamany durmuşa geçirmekde çylşyrymlyklaryň bolandygyny, ýöne belarusly hünärmenleriň öňde goýlan wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelendigini we türkmen kärdeşleriniň ynamyny ödändigini belledi. “Biz bu ägirt uly taslamany bilelikde amala aşyrdyk. Ol biziň halklarymyza uly peýda getirdi” diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.
Belarusuň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şeýle toplumlaryň ýene-de ikisini gurmak baradaky meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegini we Türkmenistanyň tutuş Merkezi Aziýa sebitinde kaliý öndürmek boýunça öňbaşçy bolmagyny arzuw etdi
Soňra döwlet Baştutanlary bir wagtda düwmä basyp, bu ägirt uly senagat toplumynyň tutuş ulgamynyň işine badalga berdiler.
Önümçiligiň işi monitorlaryň ekranlarynda görünýär. Olar häzirki wagtyň düzgünine önümleri işläp taýýarlamagyň ähli tapgyrlaryna gözegçilik etmäge hem-de zerur bolan halatynda üýtgeşmeleri dessin düzetmäge mümkinçilik berýär. Tehniki “görejiň” şeýle ulgamy kärhananyň ähli bölümleriniň işini amatlaşdyrmaga, onuň ýokary netijeliligini üpjün etmäge hem-de tehnologik işleriň berjaý edilmegine doly gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Täze desganyň meýdançalarynda görkezilen diwarlyklar “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň mümkinçilikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Ol häzir önümleriň dürli görnüşlerini, şol sanda mineral dökünlerini çykarýan önümçilik kärhanalarynyň onusyny birleşdirýär. Çadyryň içinde guralan sergide “Tejenkarbamid” we “Marykarbamid” zawodlarynyň çykarýan önümleriniň görnüşleri, “Maryazot” birleşiginiň çykarýan ammiak selitrasy, Türkmenabadyň himiýa zawodynyň ammonili superfosfaty, şeýle hem Garlykdaky täze kärhananyň önümi — külkelenen we owradylan kaliý hloridi görkezilýär.
Bulardan başga-da, sergide “Balkanabat”, “Bereket” ýod zawodlarynyň “Hazar” himiýa zawodynyň, “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň, “Guwlyduz” kombinatynyň ýokary hilli önümleri bar. Şeýle hem bu ýerde Türkmenabadyň himiýa zawodynyň polietilen turba önümleri görkezildi.
Magdany şahta usulynda işläp geçmekde ulanylýan innowasion enjamlaryň hatarynda köpugurly PAUS maşynlary (Germaniýa), “URAL — 10R” (Russiýa), “KRP-3” (Belarus) geçiji — arassalaýjy kombaýnlar bar. Häzirki wagtda şahtada şeýle kombaýnlaryň 6-sy işleýär. Mundan başga-da, kombaýn toplumlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin bu kärhana Belarusda öndürilen bunkerler — ýük ýükleýjiler, magdany daşamak üçin özi ýöreýän wagonlar hem-de şahta konweýeri we beýleki enjamlar getirildi.
Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň ýurdumyzyň ägirt uly çig-mal serişdelerini özleşdirmegi we gaýtadan işlemegi ugur edinmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler strategiýasynyň maksatlarynyň biridir. Täze senagat kärhanasy Lebap welaýatynyň we tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin uly ähmiýete eýedir. Ol ýokary hilli kaliý mineral dökünleriniň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa Türkmenistanyň oba hojalygynyň islegini doly kanagatlandyryp, dünýä bazaryna önüm ibermäge mümkinçilik berer.
Bu ägirt uly desgany gurmagyň barşynda “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýeti baş potratçysy türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde işleriň uly möçberini ýerine ýetirdi. Täze senagat toplumy desgalaryň 100-den gowragyny öz içine alýar.
Çylşyrymly döwrebap önümçilige hyzmat etmek üçin ýokary derejeli inžener-tehniki işgärler hem-de önümçilikde zerur bolan ähli kärdäki ýokary hünärli işçiler taýýarlanyldy. Dag inženerleri, tehnologlar – baýlaşdyryjylar, dag we himiýa enjamlary boýunça inženerler, markşeýderler has ýörgünli hünärlerdir.
Hususan-da, türkmen hünärmenleriniň 226-sy Belarusuň döwlet tehnologik uniwersitetinde hem-de Belarusuň milli tehniki uniwersitetinde degişli bilim aldylar, Soligorskiniň döwlet dag-himiýa kollejinde okuw geçdiler. Häzirki wagtda Belarusda türkmenistanlylaryň ýene-de 100-den gowragy bilim alýar, olar täze önümçilikde zähmet çekerler.
Mundan başga-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Magdanly şäherindäki 18-nji dag-himiýa mekdebiniň uçurymlary hem-de dag inženerleriniň topary “Belaruskaliý” açyk paýdarlar jemgyýetiniň kärhanalarynda önümçilik tejribesini geçdiler. Işgärleriň şunuň ýaly düýpli taýýarlanylmagy ägirt uly önümçiligiň ulanmaga berilmeginiň ilkinji günlerinden başlap netijeli işlemegini üpjün etmäge mümkinçilik berer.
1700 adamyň zähmet çekjek täze önümçiligiň işgärleri senagat toplumynyň golaýynda ýerleşen Garlyk şäherçesinde ýaşarlar. Ol milli Liderimiziň çözgüdi boýunça 2011-nji ýylda esaslandyryldy. Şäherçäniň oňaýly kottejlerinde, köp gatly jaýlarynda ýaşamak üçin amatly şertler döredildi. Şäherçede ýaşaýyş-durmuş, sport we jemagat maksatly desgalaryň toplumy guruldy.
Şondan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Aleksandr Lukaşenko Hormatly myhmanlar üçin kitapda ilkinji ýadygärlik ýazgysyny galdyryp, kärhana bilen tanyşmagy dowam etdiler hem-de onuň çägi boýunça aýlanyp gördüler.
Döwlet Baştutanlarynyň ýoly şahtaly guýularyň, magdanly ammaryň, kaliý önümlerini baýlaşdyrýan we kristallaşdyrýan fabrigiň ýanyndan geçdi.
Her biriniň diametri 6,5 metr bolan şahta guýularynyň ikisini özboluşly inženerçilik desgalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Çuňlugy 364 metre barabar bolan şahta guýusynyň birinjisi gazylyp alnan magdanlary ýokary çykarmaga (öndürijiligi sagatda 1596 tonna), şeýle hem magdan känine arassa howany geçirmäge niýetlenendir. Gazylyp alnan magdan özi ýöreýän arabajyklaryň kömegi bilen konweýere eltilýär hem-de bunkerleriň üsti bilen 30 tonnalyk göterijä gelip gowuşýar. Soňra magdan owradyjy bölüme ugradylýar. Çuňlugy 308 metre deň bolan ikinji şahta guýusy adamlary we ýükleri düşürmäge hem-de çykarmaga niýetlenendir.
Guýularyň gurluşygy örän çylşyrymly tehnologik iş bolup, täsin tehnologik amallaryň tutuş toplumyny öz içine alýar. Şahtanyň duzly gatlagynda howly guruldy hem-de dag-magdan çykaryjy toplum döredildi, beýikligi 5 metr bolan ýük we ulag ötükleri çekildi, olar boýunça diňe şahtaçylary däl-de, eýsem ýörite enjamlary—rotar kombaýnyny, tigirli arabalary, lentaly konweýerleri daşamak işleri amala aşyrýar. Bu hakyky ýerasty şäherdir. Ýeriň aşagyndaky tehnikalar bolsa eýýäm işe girizildi. Kaliý gatlaryny açmak, ilkinji önümli gatlakda çig-maly işläp taýýarlamak başlandy.
Şahtaly guýulary gurmagyň barşynda işleriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin guýulary ýerasty suwlardan goramagyň netijeli usuly ulanyldy. Olar ýerasty suwlarynyň uly akymynda ulanylýar. Şahtanyň esasy guýusynyň töwereginde doňduryjy agregatlaryň hem-de reagentli guýularyň kömegi bilen emeli usulda “baky doňaklyk” döredildi. Munuň özi guýularyň geçelgesini ýerasty suwlaryndan doly goramaga hem-de 200 metrden 1000 metre çenli çuňlukda ýatan kaliý duzlarynyň önümli gatlaklaryna çenli geçelgäni üpjün etmäge mümkinçilik berdi.
Garlyk käniniň dag-geologik şertleriniň aýratynlyklaryny nazara alyp, onuň ýerasty gatlaklaryny işlemek üçin gaýtadan işlemegiň öňdebaryjy kamera ulgamy hem-de netijeli gatlaklary çykarmagyň doly mehanizmleşdirilen toplumlaýyn usuly göz öňünde tutulandyr. Ýerasty gatlaklardan ýerüsti önümçilik toplumyna her ýylda önümi çykarmagyň meýilleşdirilen möçberi bolan hili we azyklyk häsiýetleri boýunça iň ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän 1,4 million tonna kaliý dökünleriniň çykarylmagyny üpjün etmek üçin zerur bolan çig malyň 7 million tonnadan gowragy berler. Bu bolsa Türkmenistanyň eksport kuwwatynda uly orun tutar.
Aýratyn-da, geljekde kaliý kombinatynyň kuwwatlylygyny dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän kaliý dökünleriniň öndürilişini ýylda 4 million tonna çenli ýetirmek göz öňünde tutulanda ol möhümdir. Garlyk känindäki 2 milliard tonnadan geçýän kaliý duzlarynyň ägirt uly gorlary toplumyň durnukly işini ençeme onýyllyklar üpjün eder.
Çig maly baýlaşdyrmak üçin kuwwatly flotasion fabrik bina edildi. Çig mal degirmenlerde owradylar hem-de suw bilen we beýleki serişdeler bilen garylyp, flotasion enjama iberiler. Şol ýerden ol jemlenilýän we böleklenýän bölüme baryp düşer. Soňra alnan garymdan goşundylar bölünip aýrylar, kaliý hloridli çägesow önüm bolsa süzgüç bölümlerinde suwy çekdirilmegi arkaly guradylýan we külkelenilýän bölüme düşer. Soňra taýýar önümler ammaryna gelip gowşar.
Ägirt uly senagat desgasy tutuşlygyna Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Beýik Britaniýanyň, Daniýanyň, ABŞ-nyň, Russiýanyň we Belarusuň dünýä belli ýörite ugurly tehnikalary öndürijileriniň iň häzirkizaman enjamlary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. “Türkmenkaliý” senagat toplumynyň desgalarynda gurnalan enjamlaryň bahasy ABŞ-nyň 379 million dollaryna barabardyr.
Ähli bölümlerde önümçilik tapgyry halkara ölçegleriniň derejesinde tehnologik işlere awtomatlaşdyrylan gözegçiligi we dolandyrylyşy nazara almak bilen, iň döwrebap tehnologiýalary göz öňünde tutýar. Bu ýerde baýlaşdyrylan kaliý hloridi guradylandan, külkelenilenden hem-de gaplanandan soň hiliň ýokary bäsleşige ukyplylyk derejesine eýe bolar.
Taslama amala aşyrylanda hem-de önümçilik guralanda daşky gurşawy goramak meselesine aýratyn üns berildi. Degişli işler ýerine ýetirilen mahalynda, gaty we suwuk galyndylar emele gelýär. Olary ammarlara ýerleşdirmek hem-de topragyň şorlaşmagynyň, ýerüsti we ýerasty suwlaryň minerallaşmagynyň öňüni almak üçin duz ýygnaýjy hem-de galyndylaryň saklanylýan ýeri göz öňünde tutuldy. Olaryň gurluşygynda öňdebaryjy çözgütler we tehnologiýalar ulanyldy. Ekologiýa kadalaryny berjaý etmek maksady bilen, kärhanada tozany we gazy arassalaýan netijeli hem-de döwrebap ulgamlar ulanyldy.
Topragy gurplandyryjy önümçilik boýunça Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy üçin energiýa, suw, gaz üpjünçiliginiň kuwwatly binýady ulanyldy, toplumyň çäklerinde häzirkizaman inženerçilik-ulag aragatnaşyklarynyň we düzümleriniň giň ulgamy çekildi. Hyzmat edýän işgärlere ýokary öndürijilikli zähmet çekmekleri, dynç almaklary we durmuşy üçin ajaýyp şertler döredildi. Tämiz naharhana, durmuş toplumy, lukmançylyk merkezi, türgenleşik geçmäge niýetlenen we beýleki enjamlar bilen üpjün edilen bedenterbiýe-sagaldyş desgalary, sport meýdançalary işçileriň ygtyýarynda.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko taýýar önümler ammarynyň ýanynda saklanyp, kaliý dökünleriniň ilkinji tapgyrynyň iberilişini synlaýarlar. Awtoulag serişdeleri—uly ýük göterýän maşynlaryň 10-sy dag-magdan baýlaşdyryjy kärhananyň önümini içerki sarp edijilere ýetirerler.
Obasenagat toplumynda uly islegden peýdalanylýan dökünler ýüklenen, ýokarsynda Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary parlaýan awtoulaglarda “Ýurdumyzda öndürilen mineral dökünleri — ilkinji kaliý duzlary halkymyzyň rysgal-berekedidir”, şeýle hem kaliý dökünleri ýüklenen we ekerançylyk meýdanlaryna tarap gönügen awtoulaglaryň beýleki tapgyrynda bolsa
“Ýurdumyzda öndürilen ilkinji kaliý dökünleri bol hasylyň bereket-çeşmesidir” diýlen ýazgy bar.
Dökünleriň şu görnüşi ýurdumyzyň ekerançylarynda uly islegden peýdalanýar we obasenagat toplumynyň, onuň ekerançylyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Munuň özi ylmy çemeleşmeleri we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly ykdysady syýasatynyň aýdyň netijesidir.
Şol wagt Kelif demir ýol menzilinden Garlyk kaliý dag-magdan toplumyna çekilen demir ýol şahasy arkaly goňşy Owganystana kaliý dökünleri ýüklenen otly ugradylýar. Bu himiýa önümini ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň sarp edijilerine ýetirmek üçin Türkmenistan ýörite enjamlaşdyrylan wagonlaryň 380-sini satyn aldy.
Dökün ýüklenen bunkerlerde “Türkmen halkynyň adyndan dost-doganlyk owgan halkyna” diýen ýazgyny okap bolýar. Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ýörelgesidir. Täze mineral önümler Owganystanyň gaýtadan dikeldilýän oba hojalyk pudagyna uly kömek bolar.
Umuman, täze ägirt uly himiýa önümçiliginiň ulanmaga berilmegi diňe bir ýurdumyzyň oba hojalygynyň kaliý dökünlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, önümiň aglaba bölegini (ýylda 1,2 million tonnadan gowrak kaliý hloridini) daşary ýurtlara ibermäge mümkinçilik berer. Bu önümleri esasan hem Günorta – Gündogar Aziýa ýurtlaryna ibermek göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda kaliý dökünlerini köp möçberde alýan Hytaý we Hindistan bar.
Döwlet Baştutanlary önümçilik desgalary bilen tanyşlygyny tamamlap, dikuçarlarda Türkmenabat şäherine tarap ugradylar.
Lebap welaýatynyň merkezindäki howa menzilinde türkmen we belarus Liderleri mähirli hem-de dostlarça hoşlaşdylar. Prezidentler türkmen-belarus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň hem-de Belarusuň doganlyk halklaryna abadançylyk, parahatçylyk we ösüş arzuw etdiler.
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşеnko bu ýerden Minskä ugrady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada ugrady.
2017-nji ýylyň baharynyň ilkinji aýy, gürrüňsiz suratda, ägirt uly iň döwrebap senagat merkeziniň we täsin inženerçilik-ulag aragatnaşyklarynyň açylmagy bilen Lebap welaýatynyň hem-de tutuş ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar.
Ýaňy-ýakynda, şu ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk ýagdaýynda ukrain hünärmenleriniň gatnaşmagynda Amyderýanyň üstünden gurlan Türkmenabat— Farap awtomobil we demir ýol köprüleri ulanmaga tabşyryldy. Bu gün bolsa Türkmenistanyň we Belarusuň Baştutanlary kaliý dökünlerini öndürýän kuwwatly kärhanany ulanmaga tabşyrdylar.
Bu möhüm desgalaryň Lebap welaýatynyň we tutuş Türkmenistanyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginde möhüm orun eýelejekdigi şübhesizdir. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen şeýle desgalary gurmak boýunça iri taslamalaryň amala aşyrylmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna gönükdirilendigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Biraz wagtdan soň, döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.
Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden barýarka, ýolugruna köp zolakly döwrebap awtomobil köprüsiniň ýanynda saklandy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça şäheri ösdürmegiň meýilnamasyna we birnäçe desgalaryň taslamalaryna, ýol-ulag düzümine degişli çyzgylara garady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar, çyzgylar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi hem-de ulag-aragatnaşyk we durmuş düzüminiň Aşgabadyň doly derejeli durmuşyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Paýtagtymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň ösüşiniň geljegini nazara almak arkaly amala aşyrylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häkime anyk tabşyryklary berdi we täze gurluşyklardaky işiň hiline hem-de desgalary ulanmaga bermegiň möhletleriniň berjaý edilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Bu meselelerde toplumlaýyn we çuňňur oýlanyşykly çemeleşme zerur bolup durýar. Şunda ähli zatlar – ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän gurluşyk işleriniň hilinden başlap, ekologiýa hem-de ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmaga çenli ähli meseleler göz öňünde tutulmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli desgalaryň paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin oňaýly şertleri döretmelidigini we bezeg babatda şäheriň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidigini nygtady.