„Awaza“ milli syýahatçylyk zolagynda Hazaryň kenarynda medeniýet ulgamynyň işgälerine maşgala bolup dynç almak üçin kotedžli obanyň gurluşygy ýaýbaňlandy.
Bu obanyň gurluşygy üçin Türkmenistanyň medeniýet ministrligine ABŞ-yň 25 million dollary möçberinde 25 ýyllyk ýeňillikli karz berildi.
Taslama esasynda diňe bir tomus möwsüminde däl, eýsem ýylyň ähli pasyllarynda Hazar deňziniň kenarynda maşgala bilen oňaýly şertlerde dynç almak üçin hemme amatlyklary göz öňünde tutýar. Deňizde suwa düşüp bolmaýan güýz-gyş döwürlerinde dynç alýanlar üçin katerde gezelençleri gurnalar. Bu döwürlerde saglyga şypaly bolan deňiz howasyndan dem almak üçin deňiz kenarynda gezelenç edip bilerler.
Kotedž obasy 15 sany öýi, administratiw binasyny, suw sagaldyş merkezini, dynç alyş we bejeriş hyzmatlary göz öňünde tutulan toplumy öz içine alar. Bu ýerde suwy ýyladylýan howuz, sauna, owkalama, palçyk bilen bejermek, solýariý ýaly otaglar ýerleşer. Bulardan daşary obanyň çäginde ulular we çagalar üçin niýetlenen aýratyn açyk suw howuzlary bolar. Obanyň merkezinde 100 adama niýetlenen iki gatly restoranyň , senagat we iýmit önümleri dükanynyň gurluşyklary hem göz öňünde tutulan.
Kotedž jaýlary iki görnüşli: altysy 4 maşgala, dokuzysy bolsa 2 maşgala niýetlenen bolar. Birinji görnüşli öýlerde her maşgala 97 inedördül metr meýdany eýelese, beýleki görnüşli öýde her maşgala 160 inedördül metr meýdany eýelär. Iki maşgala üçin niýetlenen kotedžlerde çagalar üçin goşmaça ýatylýan jaý we eýwan bolar.
Her maşgalanyň ygtyýarynda holl, aşhana, myhman otagy, ýatylýan we ýuwnulýan otaglar , şeýle hem açyk eýwan bolar. Turkiýede öndürilen ulanmaga ähli amatlyklary bolan mebeller we häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen her bir öý ýaşamak we dynç almak üçin ähli oňaýlyklary döredýär.
Kotedž obasynyň gurluşygyna şu ýylyň başynda badalga berildi we ol 2013-nji ýylyň maý aýynda tamamlanar.
Häzirki wagtda „Awaza“ milli syýahatçylyk zolagynda hem dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şeýle hem welaýatlaryň buýurmalary esasynda kotedž obalarynyň hem-de dynç alyş merkezleriniň gurluşyklary alnyp barylýar. Deňziň kenarynda göwnejaý dynç alyş mümkinçiliklerini giňeldilmegi bu ýere ýurdumyzyň dürli künjeklerinden we daşary ýurtlardan gelýänleriniň sanynyň artmagyna ýardam eder.
refeans: www.turkmenistan.gov.tm